19.08.2018
Türkmenistana minnetdar! 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni

26.04.2018 08:04 / Habarlar / Harby sport /
335

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len in­di 200 ýyl bä­ri ula­nyl­ýan hem-de ýö­ne­keý, el­ýe­ter­li, yg­ty­bar­ly, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag gör­nü­şi bo­lan we­lo­si­pe­diň adam­zat dur­mu­şyn­da­ky or­ny uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy esa­syn­da BMG-niň çäk­le­rin­de tä­ze baý­ram­çy­lyk dö­re­di. Ol hem adam sag­ly­gy­na peý­da­ly bo­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­dir.
Dün­ýä met­bu­ga­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ga­za­nan no­bat­da­ky ýe­ňiş­le­ri giň ses­len­me dö­ret­di. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­nan dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syn­da ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­lar giň­den be­ýan edil­di. Ma­ka­la­lar­da 12-nji ap­re­liň Türk­me­nis­ta­nyň ýa­kyn ta­ry­hyn­da ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň 3-nji iýuny – Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar etmegi mynasybetli dünýädäki welosiped sportuna degişli gyzykly ýaryşlar barada okyjylarymyza maglumat bermegi makul bildik.

Il­kin­ji we­los­port bäs­le­şi­gi­niň 1868-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len­di­gi ta­ry­hy çeş­me­ler­de bel­le­nil­ýär. Bu il­kin­ji bäs­le­şik­de ang­li­ýa­ly Jeýms Mur ýe­ňiş ga­za­nyp­dyr. Ol özü­niň agaç­dan ýa­sa­lan we­lo­si­pe­di bi­len 1200 metr ara­ly­gy hem­me­ler­den öň ge­çip­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Jeýms Mu­ruň şol we­lo­si­pe­di hä­zir­ki wagt­da Ang­li­ýa­nyň Kemb­rij­şaýr şä­he­rin­dä­ki mu­zeý­de sak­lan­ýar. We­los­port sport ýa­ryş­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy bo­lan to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän sport gör­nü­şi­dir. Hat­da we­los­port 1896-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän äh­li to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na al­nan 5 sport gör­nü­şi­niň bi­ri­dir. Çy­dam­ly­ly­gy, çe­ýe­li­gi, kyn­çy­lyk­la­ra döz gel­me­gi ta­lap ed­ýän we­los­port ýa­ryş­la­ry dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär. Ada­ty ýol ýa­ryş­la­ry, we­lok­ross, ma­un­ten­baýk, trek bäs­le­şik­le­ri hem-de BMX fris­taýl bäs­le­şik­le­ri bo­ýun­ça we­los­port ýa­ryş­la­ry gu­ral­ýar. Olar hem wagt esa­syn­da, ýo­ka­ry tiz­lik esa­syn­da, şol san­da kri­te­ri­um bäs­le­şik­le­ri ýa­ly dür­li gör­nüş­le­re bö­lün­ýär. We­los­port Bel­gi­ýa, Da­ni­ýa, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Gol­lan­di­ýa, Is­pa­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, ABŞ, Lýuk­sem­burg, Awst­ra­li­ýa, Hy­taý hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa ýa­ly döw­let­ler­de has giň­den ýaý­ran­dyr.

Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bi­le­le­şi­gi

Hal­ka­ra we­los­port ýa­ryş­la­ry Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bi­le­le­şi­gi­niň (UCI, Union Cyclis­te In­ter­na­tio­na­le) gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Bu gu­ra­ma 1900-nji ýy­lyň 14-nji ap­re­lin­de Bel­gi­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Fran­si­ýa­nyň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň hem-de Ita­li­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da Pa­riž­de dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da HWB-niň mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy Şweý­sa­ri­ýa­nyň Egl şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Bi­le­le­şi­giň pre­zi­den­ti fran­si­ýa­ly De­wid Lap­par­tient bo­lup, ol ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bu we­zi­pä saý­lan­dy. 172 döw­let HWB-niň ag­za­sy. Bi­le­le­şi­giň res­mi dil­le­ri fran­suz we iň­lis dil­le­ri­dir. Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bi­le­le­şi­gi­niň 2 sa­ny uly bö­lü­mi, şa­ham­ça­sy bar. Olar Hal­ka­ra hö­wes­jeň we­lo­si­ped­çi­ler fe­de­ra­si­ýa­sy (FIAC) bi­len Hal­ka­ra pro­fes­sio­nal we­lo­si­ped­çi­ler fe­de­ra­si­ýa­la­ry­dyr (FICP). Bi­rin­ji­si­niň mer­ke­zi eda­ra­sy Rim­de (Ita­li­ýa), beý­le­ki­si­niňki bol­sa, Lýuk­sem­burg (Lýuk­sem­burg) şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bi­le­le­şi­gi 2 şa­ham­ça­sy­ny-da ut­gaş­dy­ry­jy hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. We­los­por­tuň dür­li gör­nüş­le­rin­den ýol, trek, ma­un­ten­baýk, BMX bo­ýun­ça pro­fes­sio­nal hem-de hö­wes­jeň er­kek we ze­nan we­lo­si­ped­çi­le­riň ara­syn­da Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry hem-de Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ryş­la­ry Hal­ka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bi­le­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär.

“Mo­nu­ments” – nus­ga­wy bir gün­lük ýa­ryş­lar

We­los­port­da ýol ýa­ryş­la­ry 1868-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan ýol ýa­ryş­la­ry-da dür­li gör­nüş­ler­de, dür­li tap­gyr­lar­da bol­ýar. Şo­la­ryň bi­ri-de nus­ga­wy gün­de­lik ýa­ryş­lar bo­lup, ola­ra umu­my­lyk­da “Mo­nu­ments” bäs­le­şik­le­ri di­ýil­ýär. Ýol bäs­le­şik­le­ri­niň ara­syn­da bir gün­de ta­mam­lan­ýan on­lar­ça bäs­le­şik bar. Nusg­awy bir gün­lük bäs­le­şik­le­ri 5 sa­ny ýa­ryş­dan yba­rat­dyr. Olar Mi­lan – San Re­mo (mart aýyn­da), “Tur Fland­ri” (ap­re­liň 1-nji ýek şen­be­sin­de), Pa­riž – Ru­be (ap­re­liň 2-nji ýek­şen­be­sin­de), Li­ež – Bas­ton – Li­ež (ap­re­liň soň­ky ýek­şen­be­sin­de), hem-de “Ži­ro di Lom­bar­di” (sent­ýab­ryň aýa­gy­na ýa-da okt­ýab­ryň ba­şy­na) bäs­le­şik­le­ri­dir. Mi­lan – San Re­mo 1907-nji ýyl­da, “Tur Fland­ri” 1913-nji ýyl­da, Pa­riž – Ru­be 1896-njy ýyl­da, iň ga­dy­my­sy bo­lan Li­ež – Bas­ton – Li­ež 1892-nji ýyl­da hem-de “Ži­ro di Lom­bar­di” 1905-nji ýyl­da baş­la­dy. “Nus­ga­wy­la­ryň şa­za­da­sy” ýa-da “De­mir­ga­zy­gyň dow­za­hy” di­ýil­ýän Pa­riž – Ru­be ýa­ry­şy özü­niň kyn­çy­lyk­ly, daş dü­şe­le­n ýo­da­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Bu 5 ýa­ry­şyň her­si 250–300 ki­lo­metr ara­ly­gyn­da­dyr. Bir möw­süm­de 5-sin­de ýe­ňiş ga­za­nan ýok. Ýö­ne dür­li möw­süm­ler­de 5 ýa­ryş­da-da ýe­ňiş ga­zan­mak di­ňe 3 tür­ge­ne, be­lgi­ýa­ly we­lo­si­ped­çi­ler – Ed­di Merk­se, Ro­že de Wla­min­ke hem-de Rik Wan Lo­ýa mi­ýes­ser et­di.

“Gran tur” ýa­ryş­la­ry

We­los­port bo­ýun­ça dün­ýä­de 3 sa­ny ada­ty ýol ýa­ry­şy – “Gran tur” bäs­le­şik­le­ri bo­lup, olar “Tur de Frans”, “Ži­ro d’Ita­li­ýa” hem-de “Wu­el­ta Is­pa­ni­ýa” bäs­le­şik­le­ri­dir. Bu­lar­dan baş­ga-da, on­lar­ça ada­ty ýol ýa­ryş­la­ry bar. Ýö­ne iň naý­ba­şy­la­ry ýo­kar­da ady ag­za­lan bäs­le­şik­ler bo­lup, olar­da­nam öňe saý­lan­ýa­ny “Tur de Frans” ýa­ry­şy­dyr. “Gran tur” ýa­ryş­la­ry­nyň üçü­sin­de-de çem­pi­on­lyk ga­zan­mak di­ňe 6 tür­ge­ne ba­şart­dy. Bel­gi­ýa­ly Ed­di Merks 11, fran­si­ýa­ly Ber­nar Inon 10, fran­si­ýa­ly Žak An­ke­til 8, is­pa­ni­ýa­ly Al­ber­to Kon­ta­dor 7, ita­li­ýa­ly Fe­li­çe Ji­mon­di 5, ita­li­ýa­ly Win­çen­zo Ni­ba­li 4 ge­zek “Gran tur” ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Üç ýa­ry­şy bir ýyl­da ga­za­nan we­lo­si­ped­çi bol­sa, hä­zi­lik­çe ýok.

Mauntenbaýk

Ma­un­ten­baýk we­los­port ýa­ryş­la­ry ýol­suz, ýo­da­syz, dag­lyk ýer­ler­de, ga­ýa­lar­da ge­çi­ril­ýär. Öz­bo­luş­ly we­lo­si­ped­le­riň ula­nyl­ýan ma­un­ten­baýk ýa­ryş­la­ry­nyň kross-kant­ri XC, da­un­hill, ap­hill, ak­ro­ba­tik he­re­ket­ler, dýort, en­du­ro, baý­ker-kross (4X) ýa­ly gör­nüş­le­ri bar. Ma­un­ten­baýk bo­ýun­ça il­kin­ji ýa­ryş­lar 1970-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Ol 1996-njy ýyl­da-da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na alyn­dy. Ekst­re­mal sport­la­ryň ha­ta­ry­na hem gir­ýän ma­un­ten­baýk ýa­ryş­la­ry aý­ra­ty­nam ABŞ-da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. HWB-niň ga­ra­ma­gyn­da ma­un­ten­baý­kyň her gör­nü­şin­den 1990-njy ýyl­dan bä­ri her ýyl Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry hem-de Dün­ýä ku­bo­gy ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär.

 

Trek ýa­ryş­la­ry

Ýö­ri­te gur­lan we­lod­rom­lar­da ge­çi­ril­ýän we­lot­rek bäs­le­şik­le­ri­niň soň­ky ýyl­lar­da şöh­ra­ty has-da art­ýar. Beý­le­ki ýurt­lar bi­len bir ha­tar­da, we­los­por­tuň bu gör­nü­şi bi­ziň ýur­du­myz­da-da uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. “Aş­ga­bat – 2017”-niň mak­sat­na­ma­syn­da bar bo­lan trek ýa­ryş­la­ry we­los­por­tuň Olim­pi­ýa gör­nü­şi­dir. Trek ýa­ryş­la­ry­nyň sprint, om­ni­um, me­di­son, skretç, keý­rin, git, to­par­la­ýyn, yz ça­lyş ýa­ly gör­nüş­le­ri bar. Il­ki-il­ki­ler we­lod­rom­lar ada­ty ýol ýa­ryş­la­ry­na gyş­da-da taý­ýar­lyk gör­mek üçin gur­lup­dyr. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len, öz­ba­şy­na aý­ra­tyn we­los­port gör­nü­şi­ne öw­rül­ýär. Çy­dam­ly­ly­gy we ýo­ka­ry tiz­li­gi ta­lap edýän trek ýa­ryş­la­ry Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da has giň­den ýaý­ran­dyr. Trek ýa­ryş­la­ry bo­ýun­ça HWB-niň gu­ra­ma­gyn­da Dün­ýä çem­pio­na­ty 1893-nji ýyl­dan, Dün­ýä ku­bo­gy-da 1993-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär.

We­losiped barada gyzykly maglumatlar:

We­lo­si­ped sö­zü­ni il­kin­ji bo­lup, 1817-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly ba­ron Karl won Drez ula­nyp­dyr. La­tyn­ça “velox” (tiz­lik­li, zy­nat­ly) we “pe­des” (ýö­re­ýiş, he­re­ket) söz­le­rin­den eme­le gel­ýär.
Dün­ýä­de iň köp we­lo­si­ped Hy­taý­da bo­lup, 1,3 mil­liard ila­ty bo­lan bu ýurt­da 450 mil­li­on­dan gow­rak adam yzy­gi­der­li ýag­daýda we­lo­si­ped mün­ýär.
Ýer şa­ryn­da iň köp we­lo­si­ped mün­ýän ýurt­lar hök­mün­de Hy­taý, Gol­lan­di­ýa, Da­ni­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Şwe­si­ýa, Bang­la­deş döw­let­le­ri gör­ke­zil­ýär.
Dün­ýä­de we­lo­si­ped önüm­çi­li­gi­niň ba­zar gym­ma­ty 70 mil­liard dol­la­ra go­laý bo­lup, her ýylda 150 mil­li­on tö­we­re­gi we­lo­si­ped sa­tyl­ýar. We­lo­si­ped önüm­çi­li­gin­de Hy­taý 66 gö­te­rim bi­len öň­de bar­ýar.
Dün­ýä­niň iň köp we­lo­si­ped ula­nyl­ýan ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gol­lan­di­ýa­da 17 mil­li­on­dan gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Bu ýurt­da­ky we­lo­si­ped­le­riň sa­ny bol­sa, 19 mil­li­on­da­nam köp­dür. Gol­lan­di­ýa­da ila­tyň 36 gö­te­ri­mi işe we­lo­si­pedli gat­na­ýar. Bu döw­let­de 35 müň ki­lo­metr­de­nem gowrak uzyn­lyk­da we­lo­si­ped­le­re ni­ýet­le­nen ýö­ri­te “Fietsst­ra­at” di­ýil­ýän ýol­lar bar.
Gol­lan­di­ýa­nyň Amsterda­m şä­he­rine “Dün­ýä­niň iň go­wy we­lo­si­pedli şä­he­ri” di­ýil­ýär. 850 müň ila­tyň ýa­şa­ýan şä­he­rin­de 1,2 mil­li­on­dan gow­rak we­lo­si­ped bar.
Gol­lan­di­ýa­nyň iri şä­her­le­rin­den Ut­reht­de 2014-nji ýyl­da dün­ýä­dä­ki iň uly we­lo­si­ped du­ral­ga­sy gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Mer­ke­zi de­mir­ ýol men­zi­li­niň ýa­nyn­da­ky bu du­ral­ga­nyň ba­ha­sy 48 mil­li­on ýew­ro bo­lup, oňa bir­wagt­da 12,5 müň we­lo­si­ped ýer­leş­ýär.

Çeşme: «Zaman-Türkmenistan».