22.04.2018
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk

13.04.2018 09:04 / Habarlar /
10

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň — Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, Türkmen logistika assosiasiýasynyň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata daşary ýurtlardan gatnaşanlaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we işewür toparlarynyň, şol sanda Inçhon milli uniwersitetiniň ýokary logistika mekdebiniň, Koreýa ulag institutynyň (KOTI), «Taewoong Logistics», «Pantos Logistics», «KJ International», «Evergreen Motors», «Hyundai Corporation», «LG International Corporation», «POSCO DAEWOO Corporation», «SK Holding», «Hyundai Engineering», «Pantos Logistics», «Urtico Logistics Baku LLC» kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Çykyş edenler şu duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň örän wajypdygyny nygtap, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan we ählumumy durnukly ösüş şertlerinde oňyn goşulyşmak ýagdaýynyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.

Türkmenistan bu ugurda halkara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol başlangyçlara laýyklykda, BMG-niň «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda” hem-de Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky Kararnamalary kabul edildi.

Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde onuň derejesiniň has-da berkidilmegini şertlendirýär. Ýurdumyz bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan has netijeli peýdalanmaga çalşyp, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran we Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýollary, Amyderýanyň üstünden çekilen awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty we ýurdumyzda gurlan hem-de häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan beýleki desgalar ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegi bolmalydyr.

Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda sebit we sebitara multimodal gatnawlarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistiki merkezleriň döredilmegine ýardam etmelidir. Şeýlelikde, birnäçe asyr mundan ozal çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi bölegi geçen ýurdumyz bu taryhy ýoly gaýtadan dikeltmek, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär.

Türkmen tarapynyň tanyşdyryşlarynda Aziýa — Ýuwaş ummany döwletleri, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde bilelikdäki düzümleýin we logistik taslamalary durmuşa geçirmek, uzak möhletli maýa goýumlaryny goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Koreý tarapynyň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol gatnaşyklar Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işiniň has-da işjeňleşmegine ýardam etdi.

Maslahatyň çäklerinde ozal dürli derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek barada pikir alşyldy, täze işewür pikirleriň birnäçesi beýan edildi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler göz öňünde tutuldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwrüň talabyna hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga laýyk gelýän gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etmegiň wajypdygy nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar Ýewraziýada ulag gatnawlaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça hünärmenleriň hem-de bilermenleriň duşuşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgamda özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň döwletleriniň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna kuwwatly itergi berjekdigini, maýa goýumlarynyň gelmegine hem-de tutuş yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etjekdigini bellediler.