20.10.2018
Türk­me­nis­tan — BMG: yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk

11.04.2018 03:04 / Habarlar /
169

Şu gün paý­tag­ty­myz­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­ni dur­nuk­syz mig­ra­si­ýa­nyň hem-de adam söw­da­sy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça me­se­le­ler­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň hal­ka­ra tej­ri­be­si bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iki gün­lük mas­la­hat işe baş­la­dy. Mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň we­kil­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de çä­re­le­riň ozal tas­syk­la­nan me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­dy.

Du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin mer­ke­zi we we­la­ýat ga­zet­le­ri­niň, žur­nal­la­ryň re­dak­si­ýa­la­ry­nyň, te­le­wi­de­ni­ýä­niň, ra­dio­nyň, in­ter­net-ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, döw­let eda­ra­la­ry­nyň met­bu­gat gul­luk­la­ry­nyň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy. Hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren mas­la­ha­ty­nyň baş mak­sa­dy hä­zir­ki döw­rüň ýo­kar­da gör­ke­zi­len umu­my me­se­le­le­ri­ni be­ýan et­me­giň dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek­den, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň kö­me­gi ar­ka­ly şeý­le ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak­dan yba­rat­dyr.

Mas­la­hat açyk çe­kiş­me­ler gör­nü­şin­de ge­çip, oňa gat­na­şy­jy­la­ra so­wal ber­mek, bi­ri-bi­ri­niň bi­li­mi­niň üs­tü­ni ýe­tir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni dö­re­dip, ça­gy­ry­lan ta­rap­la­ryň hem­me­si üçin me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň has ne­ti­je­li we peý­da­ly bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di.

Çy­kyş­la­ryň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň MHG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da uly tej­ri­be­si­niň bar­dy­gy, şo­nuň çäk­le­rin­de 2014-nji ýy­lyň ba­şyn­da ýur­du­myz­da adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça iş to­pa­ry­nyň dö­re­di­len­di­gi bel­le­nil­di. Bu to­par ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra bi­ler­me­niň gol­daw ber­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça 2016 — 2018-nji ýyl­lar üçin he­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy hem-de 2016-njy ýy­lyň mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýö­ri­te Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nyl­dy.

Bu res­mi­na­ma­nyň adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge, ila­tyň dur­muş-hu­kuk go­rag­ly­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, şu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mä­ge gös-gö­ni ýar­dam eden­di­gi nyg­tal­dy.

Mig­ra­si­ýa, ga­çy­ba­tal­ga ber­mek, bos­gun­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek hem-de ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň me­se­le­le­ri­ne Türk­me­nis­tan ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na my­da­ma yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni hem-de mig­rant­la­ryň, bos­gun­la­ryň we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge mil­li hem-de hal­ka­ra de­re­je­de iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Bu ugur­da yn­san­per­wer sy­ýa­sa­tyň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dür­li se­bäp­le­re gö­rä öz ýur­du­nyň çäk­le­ri­ni terk et­mä­ge mej­bur bo­lan goň­şy we beý­le­ki döw­let­le­riň ra­ýat­la­ry üçin ola­ryň ikin­ji wa­ta­ny­na öw­rül­di. Hal­ka­ra hu­ku­gynyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryn­dan hem-de türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan göz­baş al­ýan yn­san­per­wer däp­le­rin­den ugur al­mak bi­len, bu ýer­de mig­rant­lar, bos­gun­lar hem-de ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­lar üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Şu mag­lu­mat­lar şo­nuň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar: 2005-nji ýyl­da 13 müň­den gow­rak adam meý­le­tin esas­da ra­ýat­ly­ga eýe bo­lup, ola­ryň 9 müň 500-den gow­ra­gy bos­gun­lar bol­dy, 3 müň­den gow­ra­gy ýa­şa­mak gör­nü­şi­ne eýe bol­du­lar, ola­ryň hem 1800-si bos­gun­lar bol­dy. 2011-nji we 2013-nji ýyl­lar­da 4 müň adam, 2014-nji ýyl­da 786 adam, 2015-nji ýyl­da 361 adam, 2016-njy ýyl­da 1381 adam Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­ly­gy­na eýe bol­dy.

2017-nji ýy­lyň 8-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çe­ken Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň çä­gin­de he­mi­şe­lik ýa­şa­ýan hem-de ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň ýe­ne-de 1690-sy Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýa­ty bol­dy. Olar 21 mil­le­tiň we­kil­le­ri bo­lup, ola­ryň ha­ta­ryn­da uly ýaş­ly adam­la­ryň 1165-si hem-de 18 ýaş­dan ki­çi bo­lan adam­la­ryň 525-si bar.

“Bos­gun­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da” hem-de “Apat­rid­le­riň de­re­je­si ha­kyn­da” Kon­wen­si­ýa­lar­da göz öňün­de tu­tu­lan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len hem-de ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýa­şa­ýan adam­la­ryň bos­gun­la­ryň we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň äh­li hu­kuk­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk ada­myň hem-de bos­gu­nyň şah­sy­ýet­na­ma­sy­nyň we ýol res­mi­na­ma­sy­nyň, ýa­şa­mak üçin gör­nü­şiň tä­ze nus­ga­la­ry he­re­ke­te gi­ri­zil­di.

Bu res­mi­na­ma­lar ICAO (Ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy) öl­çeg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­za ge­len bos­gun­la­ra ýa­şa­ýyş jaý­la­ry be­ril­di, olar iş bi­len üp­jün edil­di, oba ýer­le­rin­de ola­ra ýer bö­lek­le­ri be­ril­di, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş me­se­le­le­ri ne­ti­je­li çö­zül­ýär.

Mas­la­ha­tyň mak­sat­na­ma­sy oňa gat­na­şy­jy­la­ra me­se­le­le­riň giň to­pa­ry­ny, şol san­da adam söw­da­sy­nyň öňü­ni al­mak­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň or­ny, hä­zir­ki döw­rüň howp­ly we­him­le­ri ba­ra­da jem­gy­ýet­çi­li­ge ha­bar ber­mek, dur­nuk­syz mig­ra­si­ýa ba­bat­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, döw­let gul­luk­çy­la­ry­nyň we hö­kü­me­te de­giş­li däl gu­ra­ma­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy hem-de şu me­se­le­le­ri be­ýan et­mä­ge žur­na­lis­tiň çe­me­leş­me­le­ri ýa­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ça­gy­ry­şy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, adam hu­kuk­la­ry hem-de hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­k ba­bat­da top­la­nan tej­ri­bä­ni alyş­ma­ga ýar­dam ed­ýän şeý­le du­şu­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.