22.04.2018
Türkmenistan — BMG: saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk

13.04.2018 09:04 / Habarlar /
10

Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde saglygy goraýyş meselesi görnükli orun tutýar, şol sanda munuň özi durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda şeýledir. Ýurdumyzda ýakynda bellenilen Bütindünýä saglyk güni bu ulgamda döwletimiziň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilýän hem-de sagdyn enelik we çagalyk üçin şertleri, ýurduň raýatlarynyň doly bahaly durmuşyny döretmäge gönükdirilen çözgütleriň öňdengörüjiliklidigini hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmek ugurlydygyny görkezdi.

Ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýan bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, sagdyn nesilleri terbiýelemek maksady bilen lukmançylyk-durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça hökümetiň alyp barýan ulgamlaýyn işi Milletler Bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň wekilleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylan ösüşleri belläp, milli maksatnamalary durmuşa geçirmek babatda hem-de bilelikdäki täze taslamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklaýarlar.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili Ýelena PANOWA:

— 2018-nji ýylda Bütindünýä saglyk gününiň şygary — “Saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almak: hemmeler üçin we hemme ýerde”. Türkmenistanda bu ýörelge iş ýüzünde durmuşa geçýär, biz oba lukmançylygynyň nähili ösýändigini, lukmanlaryň hünär derejesiniň neneňsi ýokarlanýandygyny, täze ýokary tehnologiýaly köpugurly we gysga hünär ugurly lukmançylyk merkezleriniň peýda bolýandygyny görýäris.

ÝUNFPA demografiýa meseleleri, reproduktiw saglyk babatda dünýäniň 150 ýurdunyň hökümetleri bilen ysnyşykly işleýär. Biziň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzyň esasynda eneleriň we çagalaryň, ýaş adamlaryň saglygyny goramak ulgamynda milli ileri tutulýan ugurlar durýar. Bu ileri tutulýan ugurlaryň ilat gaznasynyň we ösüş boýunça Halkara Konferensiýasynyň hereketleriniň maksatnamasy hem-de Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlary bilen kybap gelýändigi guwançlydyr.

Şunuň bilen baglylykda, reproduktiw saglygy goramak boýunça integrirlenen hyzmatlaryň giňeldilmegine Türkmenistanyň döwlet maýa goýumlaryny aýratyn mübärekleýäris. Şeýle maýa goýumlar durmuş-ykdysady ösüşiň gazanylmagynda möhüm ýagdaýlaryň biridir. Şol durmuş-ykdysady ösüşi biz Türkmenistanda hyzmatdaşlygymyzyň başlananyndan bäri geçen 25 ýylyň dowamynda görýäris.

Hususan-da, eneligiň saglygynyň görkezijileriniň, ÝUNISEF-niň, ÝUNFPA-nyň we BSGG-niň baha beriş maglumatlaryna görä, 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse gowulanandygyny belläsim gelýär.

Döwlet maksatnamalaryny we strategiýalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde ÝUNFPA-nyň goldamagynda tutuş ýurt boýunça şäherlerde we etraplarda reproduktiw saglygy goramagyň merkezleriniň 95-si döredildi.

Türkmenistanyň hökümetiniň eneligi goramaga, maşgalany goldamaga maýa goýmaga bolan ygrarlylygy bu ulgamda biziň tagallalarymyzyň durnukly bolmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny alamatlandyrýar. Şol hyzmatdaşlykda reproduktiw saglygy goramaga ählumumy elýeterliligi gazanmak ugrunda döwlet uly syýasy we maliýe jogapkärçiligini öz üstüne alýar.

Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we ÝUNFPA-nyň wekili hökmünde men adalatly, deňhukukly we inklýuziw dünýäniň kemala getirilmegi, adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy we saglygynyň gowulanmagy, Ýer ýüzünde ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde siziň ýurduňyzyň hökümeti bilen netijeli gatnaşyklarymyzy dowam etmäge taýýardygymyzy nygtamak isleýärin.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Şahin NILOFER:

— Immunizasiýany we ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmekde, ýod ýetmezçiliginden üstün çykmakda, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda, körpäniň irki ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ýokary baha mynasypdyr. Bu ugurlaryň ählisi Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň esasy düzgünlerine laýyk gelýär. Çagalaryň abadan durmuşy üçin hemme şertleri döretmek maksady bilen, ýurtda saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy ulgamlarynda birnäçe strategiýalar kabul edildi.

“Türkmenistanda eneleriň, täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň” 2016 — 2019-njy ýyllar üçin Milli strategiýasy we iş meýilnamasy, 2016 — 2020-nji ýyllar üçin “Pediatriýa, ösüş we irki goşulyşma” maksatnamasy, şeýle hem çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we “Çaga hoşniýetli garaýan hassahana” diýen derejäni ornaşdyrmak boýunça maksatnama aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Şonuň ýaly-da, ÝUNISEF-iň hem-de BSGG-niň 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän “Dünýä inen her bir çaga” diýen maksatnamasy boýunça ählumumy başlangyjyň kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň hökümetine hoşallyk bildirýäris. Ähli çagalaryň saglygyny we abadan durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmek maksady bilen ÝUNISEF mundan beýläk-de usulyýet goldawyny bermegini dowam eder.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň 20 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijesinde azganlylygyň öňüni almak boýunça, ýoduň we demriň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Netijede, Türkmenistan halkara ölçeglere laýyklykda, 2004-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda duzy ýodlaşdyrmak boýunça birinji orna çykdy. “Köp görkezijiler boýunça klaster barlaglarynyň” maglumatlaryna görä, ýurduň ilatynyň 97 göterimi ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün edildi. Çagalaryň, ýetginjekleriň we aýallaryň bagtyýar, sagdyn we abadan durmuşyny kemala getirmek Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. ÝUNISEF ilaty öňüni alyş sanjymlary bilen gurşap almak hem-de keselleri öňünden duýdurmak boýunça Türkmenistandaky işlere nusgalyk derejede baha berýär.

Ýaňky klaster barlaglaryna laýyklykda Türkmenistanda immunizasiýanyň ýokary derejesi tassyklanyldy — ol 97 göterim bolup durýar. Türkmenistanyň hökümeti her ýylda immunizasiýalaşdyrmaga ABŞ-nyň 11 million dollary möçberinde pul serişdelerini, uny demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrmaga bolsa ABŞ-nyň ýarym million dollaryny sarp edýär. ÝUNISEF adamlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak üçin býujeti işläp taýýarlamak baradaky yzygiderli aladasy üçin Türkmenistanyň hökümetine uly hoşallyk bildirýär. Şol býujet “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň hökümeti döwlet tarapyndan çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeginiň ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna getirjekdigine we munuň, öz nobatynda, durnukly ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýar.

ÝUNISEF çagalaryň abadan durmuşyny, olaryň mekdebe taýýarlygyny hem-de mekdebi tamamlanlaryndan soňra ýagty geljegi, her bir çagany we enäni ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmegi maksat edinýär.