17.11.2018
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

15.06.2018 01:06 / Habarlar /
193

Ýurdumyzyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary hem-de içeri syýasatynyň halkara ykrarnamasyna we belent baha mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu waka 13-nji iýunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde bolup geçdi.

Milli Liderimiz ildeşlerimizi bu şanly waka bilen gutlap, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny, parahatçylygyň, döredijiligiň we tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine özüniň ägirt uly kuwwatyny gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Bu wakanyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar astynda geçýän ýylda bolmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Munuň özi döwletimiziň dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň özara düşünişmek, dostluk hem-de ösüş babatdaky tagallalaryny birleşdirmek boýunça taryhy wezipesiniň gaýtadan dikeldilýändigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň BMG-niň ykdysady we durmuş ulgamlarynda ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan esasy guramalarynyň biriniň agzalygyna saýlanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen seçip alan ýoluna gyşarnyksyz eýerýär we BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň hemişelik oňyn bitaraplyk ýörelgesi şol syýasatyň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda bu özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk täze hil derejesine eýe boldy. Milletler Bileleşiginiň esasy edaralary we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklar berkidilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine ynamly goşulyşýar hem-de BMG-niň çäklerinde özüniň täsirini barha artdyrýar.

Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS) guramanyň esasy düzümi bolup durýar. Ol bu babatda döwletler üçin halkara ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak üçin merkezi forum bolup hyzmat edýär. BMG-niň ähli serişdeleriniň 70 göterimden gowragy Geňeşiň ygtyýaryndadyr.

EKOSOS arkaly, halkara ylalaşyklaryň esasynda BMG özüniň ýöriteleşdirilen edaralary — ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleri boýunça halkara hökümetara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Halkara pul gaznasy (HPG), Halkara zähmet guramasy (HZG), Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş guramasy (ÝUNIDO) we beýlekiler bar.

EKOSOS-nyň işi ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşe, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryna hem-de onuň esasy azatlyklaryna hormat goýmak üçin şertleri döretmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Ýakyn üç ýylda Türkmenistan 
EKOSOS-da Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine wekilçilik eder.

Geňeş bu meseleler boýunça barlaglary geçirýär, hasabatlary çap edýär hem-de şu mesele boýunça halkara maslahatlary guramaga gatnaşýar, şolaryň çözülmegine ýardam edýär. Ýylyň dowamynda EKOSOS birnäçe sessiýany çagyrýar. Olaryň öňüsyrasynda köp sanly taýýarlyk mejlisleri, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de bilermenleriň toparlarynda raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär. Ol şeýle hem zerur bolan halatynda ynsanperwer häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýörite mejlisleri çagyrmaga ygtyýarlydyr.

EKOSOS her ýylyň iýul aýynda dört hepdäniň dowamynda yzly-yzyna Nýu-Ýorkda we Ženewada esasy sessiýany geçirýär. Sessiýa 5 tapgyrdan ybaratdyr. Mysal üçin, syýasy işgärleriň we ýokary wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýän ýokary derejeli mejlisler tapgyrynda ösüş ulgamynda örän wajyp meselelere garalýar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça jarnama kabul edilýär. Onda geljekki işler babatda görkezmeler hem-de maslahatlar beýan edilýär.

Ministrleriň derejesindäki her ýylky synyň wezipesi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öňe ilerlemelere hem-de ýokary derejedäki iri maslahatlarda we duşuşyklarda kabul edilen möhüm çözgütlere baha bermekden ybaratdyr.

EKOSOS öz işinde raýat jemgyýetiniň toparlary, şol sanda hökümete dahylsyz guramalar we hususy ulgamyň wekilleri bilen geňeşýär. Tutuş dünýä boýunça döwlete dahylsyz guramalaryň 2869-sy EKOSOS-nyň ýanyndaky maslahat berijiniň derejesine eýedir. Bu guramalar geňeşiň we onuň kömekçi edaralarynyň işine gatnaşmaga, degişli maglumatlary bermäge we olar üçin beýannamalary etmäge mümkinçiligi bardyr.

EKOSOS-nyň düzümine Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanylýan 54 döwlet girýär. Her ýyl sebitleýin toparlaryň 5-siniň agza ýurtlary saýlanylýar. Dalaşgär döwlete saýlanmak üçin Baş Assambleýanyň üçden ikiden az bolmadyk möçberdäki seslerini almak zerurdyr. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan sesleriň aglabasy bilen saýlanyldy — ýurdumyza 181 döwlet öz sesini berdi. Şeýlelikde, dünýäniň okgunly ösýän Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana doly ynam bildirilýändigi görkezildi.

Şunda ýurdumyzyň ýokary durmuş-ykdysady görkezijilerini gazanmakda toplan oňyn tejribesi ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip taýýarlanylan hem-de ýokary görkezijiler bilen özüniň netijeliligini subut eden milli ösüş nusgasy dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanmasyny döredýär. Türkmenistan iň gowy tejribesini geçirmek hem-de beýlekileriň iň gowy zatlaryny almak üçin işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr, çünki biziň öňümizde has giň möçberli maksatlar hem-de wezipeler durýar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle alyşmalar hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň meselelerini çözmäge ylalaşykly we sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň düzümleriniň ägirt uly ähmiýetini nygtaýar.

EKOSOS-nyň işiniň dürli ugurlary boýunça onuň ýörite komissiýalary: statistika boýunça; ilat we ösüş boýunça; durmuş ösüşi boýunça; zenanlaryň ýagdaýy boýunça; neşe serişdeleri boýunça; jenaýatçylygyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti boýunça; ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça; durnukly ösüş boýunça komissiýalar hem-de BMG-niň Tokaýlar boýunça forumy hereket edýär.

Türkmenistanyň 2012 — 2015-nji ýyllarda BMG-niň ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, 2014 — 2016-njy ýyllar üçin ösüş maksadynda Ylym we tehnika baradaky komissiýasyna, 2014 — 2017-nji ýyllar üçin Durmuş ösüş komissiýasyna saýlanylandygyny ýatlatmalydyrys.

Mundan başga-da, EKOSOS-nyň sebit komissiýalary: Afrika üçin ykdysady komissiýasy (AYK), Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO), Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), Latyn Amerikasy we Karib sebiti üçin ykdysady komissiýasy (LAKYK), Günbatar Aziýa üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (GAYDK) hereket edýär.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bilen, ýurdumyz ara alyp maslahatlaşmalary geçirmek hem-de innowasion pikirlenmäni ösdürmek, wajyp ynsanperwer meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini gazanmak boýunça esasy münber bolup hyzmat eden bu guramanyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini birleşdirmäge ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üç ugruň ählisini baglanyşdyrýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda deňhukukly jemgyýeti ösdürmek, ykdysadyýetiň esasy ilerlediji güýji hökmünde kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ýerli tebigaty goramak derejesinde hem-de dünýä möçberinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we beýleki köp sanly meseleler bar.

Ýurdumyz ençeme gezek BMG-niň abraýly düzümlerine, şol sanda EKOSOS-a (2013 — 2015-nji ýyllar) saýlanyldy. Häzirki döwürde Türkmenistan BMG-niň birnäçe komissiýasynyň, komitetiniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, olaryň çäklerinde degişli halkara işini amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň EKOSOS-a nobatdaky gezek saýlanylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berer. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň bir ýyl mundan ozal Aşgabada bolan saparynyň barşynda şol hyzmatyň strategik häsiýete eýedigi aýratyn nygtaldy. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda durnukly ulag, energetika howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş, ýaragsyzlanmak meselesi, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzak möhletli häsiýete eýedir hem-de yzygiderli esasda, ahyrky netije üçin garaýyşlaryň meňzeşligi ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösüşi, maksada okgunlylygy hem-de anyklygy bilen tapawutlanýar. Ol toplanan uly tejribä, özara ynanyşmaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyna düşünmäge esaslanýar. Türkmenistan BMG bilen howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş, energetika, ulag, ekologiýa meselelerinde, demokratik edaralary ösdürmekde hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we guramalarynyň ençemesiniň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň wekilhanalary hemişelik esasda işleýär.

2016-njy ýylda BMG-niň wekilhanasy Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde gurlan täze ajaýyp binada jaý toýuny tutdy. Bu ak mermerli edara binasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň şol wagtky Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda açyldy.

Ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etjek bilelikdäki iri maksatnamalar hem-de taslamalar amala aşyrylýar.

2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG bilen bilelikde Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahat üstünlikli geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda guraldy. Onuň netijeleri boýunça gol çekilen Aşgabat jarnamasynda durnukly ulag meselelerinde BMG-ä agza döwletleriň bilelikdäki işiniň esasy ýörelgeleri beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, hususan-da, BMG-niň Ulagy ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasynyň esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şol maksatnamada Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan geljekde hem energetika howpsuzlygy we durnukly energetika meseleleri boýunça BMG bilen özara gatnaşyklary saklamagy maksat edinýär. Türkmen tarapynyň başyny başlan 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hakynda kararnamalary Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul etmegi bilen bu işler energiýa howpsuzlyk meselesi boýunça halkara gepleşikleriň derejesinde öz dowamyna eýe boldy.

Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Häzir dünýäniň käbir sebitlerinde bolup geçýän çylşyrymly wakalar bilen baglylykda, BMG-niň öňdebaryjy orny eýelemeginde halkara bileleşigiň ylalaşylan hereketleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu wezipeleri çözmekde, täze howplara we wehimlere garşy durmakda öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini bellemek gerek.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başyny başlan hem-de 20-ä golaý döwletiň awtordaş bolmagynda kararnamanyň taslamasyny goldady, 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär.

Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesi möhümligine galýar. Bitarap ýurt hökmünde biziň döwletimiz BMG-niň wekilçiliginde halkara bileleşiginiň işjeň gatnaşmagynda owganara milli gepleşiklerini guramak üçin öz syýasy giňişligini hödürleýär. Şeýle görnüşde gepleşikleri geçirmek biziň bilelikdäki tejribämiz bolup, ol häzir hem zerurdyr. Elbetde, syýasy ugurlardan başga-da, ol Owganystana ykdysady goldaw bermek, bu ýurda sebitleýin goşulyşmak gatnaşyklaryny, geljegi uly düzümleýin taslamalary, hususan-da, energetika we ulag ulgamlary boýunça taslamalary çekmek boýunça çäreleriň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyny göz öňünde tutýar.

Terrorçylyga garşy netijeli göreşmek Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm maksady bolup durýar. Şeýle işler umumy dünýä, sebit we milli derejelerde alnyp barylmalydyr. Şundan ugur almak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyna aýdyň sebit häsiýetini bermäge gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, hususan-da, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselelerinde BMG bilen özara gatnaşyklara uly orun berilýär. Şeýle hem bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan döwletler tarapyndan Pariž Ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalaryň berk berjaý edilmegi örän möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk boýunça BMG-niň edara binasyny döretmek babatda yzygiderli işleri geçirýär. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda bilelikdäki işler bu düzümiň işiniň möhüm bölegine öwrülmelidir.

2017-nji ýylda ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etmegi öz üstüne aldy. Gaznada başlyklyk etmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň esasynda Türkmenistan Aral meselesi boýunça döwletara özara gatnaşyklaryna hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek hakynda başlangyç öňe sürüldi, onda sebitde ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar göz öňünde tutuldy.

Ýakynda, 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hyzmatdaşlygy” diýen Kararnama kabul edildi. Onuň ekologiýa ulgamynda, hususan-da, Aral meselesiniň täsirlerini aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki işlerde halkara guralyny döretmäge gös-göni gatnaşygy bar.

Tebigatdan bilelikde jogapkärçilikli peýdalanmak häzir ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösmeginiň ýeke-täk ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşigini hut şoňa çagyrýar. BMG-niň durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk boýunça edara binasyny Aşgabatda döretmek boýunça milli Liderimiziň başlangyjyny hem ýatlamak gerek. Ekologiýa ulgamynda bilelikdäki işler bu düzümiň işiniň möhüm bölegi bolmalydyr.

Geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçip, olara ilkinji gezek bosgunlaryň topary hem gatnaşdy. Şol günler BMG-niň Ženewadaky adam hukuklary boýunça geňeşiniň maslahatynda Türkmenistanyň öňe süren Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmäge gymmatly goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnamasy kabul edildi.

BMG 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda täze Kararnamasy bilen sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugurda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanda geçirilýän ägirt uly işleri goldady.

BMG-niň Bütindünýä welosiped güni hakynda resminamasynyň awtordaşlary bolup dünýäniň ähli sebitlerine wekilçilik edýän 56 ýurduň çykyş etmegi bolsa bu başlangyjyň möhümdigine, häzir dünýäde zerurdygyna şaýatlyk edýär.

Umuman, Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi, ýurdumyzyň üstünlikli ýöredýän ylalaşdyryjylyk syýasaty BMG-niň çäklerinde döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýar. BMG-niň täze kararnamalarynyň kabul edilmegi — bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatiýasynyň nobatdaky uly üstünligi hem-de halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde, tutuş dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli, döredijilikli ösdürmekde milli Liderimiziň hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Biziň ýurdumyzyň BMG-niň esasy ykdysady düzüminde agzalygy adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşde we toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmakda biziň toplan tejribämizi nazara almak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam eder. Şol özgertmeler sazlaşykly ösýän döwletleriň arasynda Türkmenistanyň öňdäki orunlara geçmegini üpjün etdi.

Şeýlelikde, Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan EKOSOS-a saýlanylmagy bilen beýleki döwletleriň öwrenmegi we ulanmagy, täze pikirleri hem-de netijeli teklipleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň gazananlaryny görkezmek üçin halkara meýdançasyny hödürleýär. Şeýle hem bu waka BMG-niň Bitarap Türkmenistan bilen däbe öwrülen gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge we giňeltmäge uly gyzyklanmasyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem Milletler Bileleşiginde öz üstüne alan jogapkärli wezipesini abraý bilen ýerine ýetirip, netijeli halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam eder, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny BMG-niň jar eden Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirer.