19.08.2018
Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary

28.04.2018 12:04 / Habarlar / Harby sport /
208

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen zonal Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary nobatdaky altyn medala mynasyp boldy.

Türkmenistanlylar finalda ýer eýeleri bilen duşuşdylar. Oýnuň birinji döwri biziň toparymyz üçin şowly bolmady. Emma türkmen topary tutanýerli göreşde ilki oýnuň gidişini deňlediler, soňra bolsa bäsdeşleri - Bangladeşiň türgenlerinden doly üstün çykdylar. Biziň woleýbolçylarymyz oýnuň soňky üç döwründe öňdeligi eýeläp, bu ýaryşlarda altyn medallary aldylar.
Ýygyndy toparymyzyň öňdebaryjysy Didar Nuryýew bu ýaryşlaryň iň gowy oýunçysy diýen ada mynasyp boldy. Ildeşlerimiz Döwrangeldi Amandurdyýew libero ugry boýunça ýeňiji boldy, Arslanbek Iskanderow bolsa «Iň gowy pas beriji» diýen ada eýe boldy.