22.10.2018
Türkmen-eýran işewürler maslahaty

28.03.2018 08:03 / Habarlar /
183

Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzümleriniň, telekeçiligi goldamak baradaky guramanyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem gurluşyk serişdelerini, turbalary, kabelleri, polietileni, oba hojalyk tehnikalaryny, sement, plastik önümleri öndürýän, dokma senagatynda, energetika, dag-magdan we derman senagaty, söwda, gurluşyk ulgamlarynda, hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda inženerçilik-aragatnaşyk, ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde, ätiýaçlandyryş babatda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 30-dan gowragy bar. Olaryň hatarynda “Arabard Gharb”, “Kavoos Stone Industry Co.”, “Dor Fak Manjil”, “Bojnord Plastic”, “Baniar Polymer Petrochemical”, “Navard Louleye Ghaem”, “Kaveh Pars Mining Ind”, “Khazar Electric”, “Iran Barak”, “Traktorsazi Iran”, “Dazi Trading”, “Sirang Tejarat Iranian”, “Mambeton Payedar Shargh”, “Azar Passilo”, “Shafi Daroo Co.”, “Tejarat Sabze Roshan”, “Iran Novin Insurance”, “Torang Darya” we beýlekiler bar.

Duşuşyga türkmen tarapyndan esasy ministrlikleriň we edaralaryň, söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary maslahaty açyp, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanan, häzirki döwürde mynasyp dowam edýän hyzmatdaşlygyň sazlaşykly häsiýetini bellediler. Bu hyzmatdaşlyk tutuş sebitiň özara bähbitlerine hem-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna kybap gelýär diýip, ýygnananlar bellediler.

Çykyşlarda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň özi döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi has-da berkitmäge ýardam eder. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hem bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, bilelikdäki täze taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadari, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň beýleki wekilleri netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň özara islegleriniň onuň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdiklerini nygtadylar.

Sazlaşykly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde statistika maglumatlary getirildi. Hususan-da, 2018-nji ýylyň ýanwar aýy üçin ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda EYR-nyň 7-nji orny eýeleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlary boýunça şu ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa görä, eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 89-sy hasaba alyndy, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1310,95 million dollaryna, 0,8 million ýewro we 0,81 million manada deňdir. Ýurdumyzda şu güne çenli eýran maýasynyň, şol sanda jogapkärçiligi çäklendirilen birleşigiň, aýrybaşga kärhanalaryň, wekilhanalaryň, şahamçalaryň gatnaşmagynda eýeçiligi dürli görnüşdäki kärhanalaryň jemi 142-si bellige alyndy. Üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olaryň hatarynda işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly aýratyn ähmiýete eýedir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikler barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar bar bolan kuwwaty doly ulanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, eýran tarapynyň wekilleri işewür toparlarynyň döwletara gatnaşyklary berkitmäge ymtylýandygyny bellediler. Muňa bolsa yzygiderli geçirilýän bilelikdäki ykdysady çäreler, dürli derejedäki wekiliýetleri alyşmalar ýardam edýär. Paýtagtymyzda üstünlikli geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergileri hem-de işewürler maslahatlary bolsa munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen tarapynyň tanyşdyrmalarynda birek-biregi hormatlamak, özara bähbitlilik we sagdyn bäsleşik ýörelgelerinde dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Ol häzirki zaman ulag we senagat düzüminiň, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şu maksat täze kärhanalaryň gurulmagyna hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge, ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de dolandyrmagyň usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn amala aşyrmagyň, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň hasabyna türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň baş wezipesi bolup durýar. Işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklary daşarky bazarlarda ýurdumyzyň harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňky ýyllaryň ýokary makroykdysady görkezijileri, jemi içerki önümiň sazlaşykly ösmegi, kärhanalaryň durnukly maliýe ýagdaýy, ilatyň girdejileriniň artmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Abraýly halkara guramalaryň bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan çalt ösmegini dowam etdirýär.

Amala aşyrylýan özgertmeler jemi içerki önümiň möçberinde hususy kärhanalaryň paýynyň tapgyrlaýyn artmagyny hem göz öňünde tutýar. Ýakynda döredilmeginiň 10 ýyllygyny belläp geçen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürler birleşmesi bolup, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň birnäçesinde işleri amala aşyrýarlar, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet tarapyndan hususy telekeçiligi goldamak boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň işewür toparlaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge çekmäge ýardam edýär. Häzir döwlete dahylly bolmadyk pudagyň jemi içerki önümde paýy 64,5 göterime deň bolup durýar, şunda ýangyç-energetika toplumy göz öňünde tutulmaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümde hususy pudagyň paýyny 70 göterime çenli ýetirmek barada wezipe goýdy. Käbir pudaklarda, aýratyn-da, hyzmatlar ulgamynda bu görkeziji meýilleşdirilen sepgide ýetdi.

Türkmenistanda 2023-nji ýyla çenli döwür üçin erkin ykdysady zolaklaryny döretmek baradaky maksatnamanyň amala aşyrylmagy maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolar. Şunuň bilen baglylykda, “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň wajypdygy bellenilip, onda salgyt salmagyň ýeňillikli şertleri, erkin ykdysady zolaklarda walýuta, gümrük düzgünleriniň aýratynlyklary kesgitlendi. Bu ugurda ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegi eýýäm ýakyn wagtda sebitleriň batly depginler bilen ösmegini hem-de eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün eder.

Galyberse-de, bu ugurda bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilmegi içerki bazary harytlar bilen doldurmaga, ilaty iş bilen üpjün etmäge, döwrebap bazar düzümini döretmäge, býujete gelip gowuşýan walýutany artdyrmaga, şeýle hem döwrebap tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmaga, çekilýän daşary ýurt maýalarynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Ykdysady, aýratyn-da, daşary ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegi bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, ýörite we erkin ykdysady zolaklary döretmekde we ösdürmekde eýran tarapynyň tejribesiniň Türkmenistan üçin gyzykly bolup durýandygy bellenildi.

Goňşy ýurduň wekiliýetiniň agzalary, öz nobatynda, ýygnananlary EYR-nyň ykdysady taýdan ösüşiniň umumy meýilleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Baştutanynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan açyk we özüne çekiji maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Giň gerimli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtmak bilen, eýran kompaniýalarynyň wekilleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetini ýene-de bir gezek belläp, bu ýere ýygnananlar netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi binýady döretmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksadynda şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Maslahatyň çäklerinde iki goňşy ýurduň edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi, Türkmenistanyň we EYR-nyň Liderleri tarapyndan şu günki gepleşikleriň barşynda kesgitlenilen möhüm wezipeler hem-de täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.