17.11.2018
To­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýe­ne-de bir me­da­ly

23.08.2018 09:08 / Habarlar / Harby sport /
107

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ýa­ryş­la­ryň dör­dün­ji gü­ni ta­mam­la­nyp, ol bi­ziň ýur­du­my­za no­bat­da­ky me­da­ly, bu ge­zek bü­rünç me­da­ly ge­tir­di.

87 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de grek-rim gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da çy­kyş eden Şi­haz­ber­di Öwe­le­kow gü­nüň gah­ry­ma­ny bol­dy. Ol çär­ýek fi­nal­da Oýun­la­ryň gel­jek­ki ýe­ňi­ji­si eý­ran­ly Hos­sein Nou­ri­den ýeň­lip, üçün­ji baý­rak­ly orun ug­run­da Ýe­men­den bo­lan päl­wan bi­len du­şuş­dy.

Bu gö­reş­de üs­tün­lik örän aý­dyň ýag­daý­da bi­ziň tür­ge­ni­mi­ziň ta­ra­pyn­da bol­dy. Emin­ler 8:0 ha­sa­byn­da du­şu­şy­gyň 39-njy se­kun­dyn­da tut­lu­şy­gy sak­la­dy­lar. Mu­nuň özi grek-rim gö­re­şi bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň baş tä­lim­çi­si Ro­zy Re­je­po­wyň tür­ge­ni­niň iri ýa­ryş­lar­da ikin­ji bü­rünç me­da­ly­dyr. Ş.Öwe­le­kow il­kin­ji baý­ra­gy­ny Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da ga­zan­dy.

Şir­met Pir­ma­no­wyň hem (77 ki­log­ra­ma çen­li) me­dal ga­zan­ma­ga hem­me müm­kin­çi­li­gi bol­dy. Ol Ka­tar­dan we Tä­ji­gis­tan­dan bo­lan gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çy­kyp, 1/8 we 1/4 fi­na­la çyk­dy. Ýö­ne soň­ky du­şu­şyk­la­ryn­da il­de­şi­miz Azi­ýa­nyň hä­zir­ki çem­pio­nyn­dan — ko­re­ýa­ly päl­wan­dan ýe­ňil­di. Ne­ti­je­de, ýa­ry­şyň ter­tip­na­ma­syn­da ol bä­şin­ji or­ny eýe­le­ýär.

Bas­ket­bol bo­ýun­ça hem ýa­ryş­la­ra ba­dal­ga be­ril­di. Bi­ziň ýaş to­pa­ry­myz spor­tuň bu gör­nü­şin­de Toý­ly Baý­ry­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň il­kin­ji gar­şy­da­şy Yrak to­pa­ry bol­dy. Bi­ziň tür­gen­le­ri­miz yk­jam­ly­ga hem-de uzak­dan zyň­lan­da se­be­de gi­ren pök­gä iki utuk be­ril­ýän til­sim­le­ri ama­la aşyr­ma­ga esa­sy ýyk­gyn et­di­ler.

Ýa­ryş çe­ke­le­şik­li bol­dy, ha­sap­da­ky ta­pa­wut iki pök­gü­den ar­tyk bol­ma­dyk ýag­da­ýyn­da üýt­gäp dur­dy. Du­şu­şy­gyň ta­mam­lan­ma­gy­na çen­li ýa­rym mi­nut ga­lan­da ha­sap deň­lik­di, em­ma Yra­gyň to­pa­ry pök­gi­ni ne­ti­je­li zyň­ma­gyň bar­şyn­da 14:16 ha­sa­byn­da öňe çyk­dy.

Ow­ga­nys­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­ny ýe­ňen ga­zak bas­ket­bol­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk hem gy­zyk­ly we dart­gyn­ly bol­dy. Du­şu­şy­gyň ahyr­ky mi­nut­la­ryn­da tür­gen­le­ri­miz üs­tün­lik­li oý­ny ele alyp, ara aç­ma­gy art­dy­ryp baş­la­dy­lar. Ne­ti­je­de, 17:13 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyl­dy.

Ow­ga­nys­ta­nyň to­pa­ry bi­len oý­nuň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­dan baş­lap, bi­ziň ýy­gyn­dy­myz uly ta­pa­wut bi­len öňe saý­lan­dy hem-de du­şu­şyk utuk­lar bo­ýun­ça (22:9) türk­me­nis­tan­ly­la­ryň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Ýa­ryş­la­ryň il­kin­ji gü­nü­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça türk­men bas­ket­bol­çy­la­ry baý­rak­ly orun­la­ryň üç­lü­gin­de bar­ýar. Öň­de Eý­ra­nyň we Yra­gyň we­kil­le­ri bo­lup, ola­ryň her­sin­de hem iki ýe­ňiş bar, ýö­ne olar bir oý­ny az ge­çir­di­ler.

Düýn tür­gen­le­riň şä­her­çe­sin­de agyr at­le­ti­ka­da kü­müş me­da­la my­na­syp bo­lan bi­ziň il­kin­ji baý­rak eýe­si bol­ma­gy ba­şa­ran tür­ge­ni­miz Kris­ti­na Şer­me­to­wa­ny sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ony Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň hem-de Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry gut­la­dy­lar. Tä­lim­çi­ler we to­par­daş ýol­daş­la­ry hem mä­hir­li söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Azia­da — 2018-iň ýa­ryş­la­ry do­wam ed­ýär.