22.06.2018
Şuwlaýan oklar

12.03.2017 09:03 / Harby taryh /
162

Hekaýa

Hyýawan hanyň Oguz-türkmen ýurdunyň serhedine golaý ýere geçip, öz-özi bilen ikiçäk iç hümledip oturmagynyň sebäbi bardy. Ol öňräkden bäri gözüň ýagyny iýip barýan oguz sähralarynyň hyrydarydy. Bu owadan sährany öz ýurdunyň bir künjegine öwürmek arzuwy soňky döwür ony ýatsa-tursa öz erkine goýmaýardy. Bu arzuwyny hakykata öwrüp biljekdigine-de onuň doly ynamy bardy. Emma Oguz hanyň huzuryna soňky gezek goýberen ilçisiniň getiren habary ony biynjalyk edýärdi. Oguz han Hyýawan hanyň çaparyna beýle jogap bermäge nädip het edip bildikä?! Ol nämesine buýsanýarka?! Hyýawan han pikire çümdi. Soňky bolup geçen wakalary akyl eleginden geçirmäge oturdy.
***
Aldyrany bar ýaly alakjap gelýän çaparyň ýüzünde gan-pet ýokdy. Ol gele-gelmäne Hyýawan hanyň huzurynda dyza çökdi:
– Türkmenleriň tüýsi bozuk, hökümdar!
– Näme diýdiler?!
Çapar Oguz hanyň namasyny Hyýawan hana uzatdy. Hyýawan hanyň hereketlerini gözden sypdyrmaýan köşk emeldarlarynyň arasyndan öňe saýlanan han mürzesi çaparyň elindäki namany gedemlik bilen garbap aldy. Ol namanyň düýrmegini açyp ugran badyna, ilki ony boşdur öýtdi. Emma namanyň başlanýan ýerinde gysgajyk ýazgy bardy. Mürze ol sözleri gözi kaklyşan badyna okap ýetişdi. Emma Hyýawan hanyň ejazasy bolmansoň daşyna çykarmady. Hyýawan hanyň sesi haýbat bilen köşge doldy:
– Näme diýlipdir, oka-da, okajak bolsaň.
Hanyň haýbatly sesiniň yzysüre namadaky sözler mürzäniň dili bilen köşk sypaýylarynyň gulagyna ýetdi:
«Ser bereris, ýer bermeris!»
Köşge dymyşlyk aralaşdy. Hyýawan hanyň gahary ýüzüne çykdy. Oguz hana gelen gaharyny mürzä ýollady:
– Oka-da yzyny, näme, lal açdyňmy?!
– Öňi, yzy ýok, hökümdar!
Köşge ýene-de dymyşlyk aralaşdy. Diňe baş wezir dymyşlygy bozmaga het etdi:
– Onuň akly üýtgäpdir, hökümdar!
Hyýawan handan ýene-de ses çykmady. Baş wezir ikinji gezek dymyşlygy bozdy:
– Biz ilki bilen olaryň serini alarys, soň bolsa ýerini. Tapawudy näme, ilki ýerini alanam bolsak, biz olaryň serini alardyk ahyry.
Töwerekdäkiler gülüşdiler. Hökümdaryň hem gülkä goşularyna garaşdylar. Emma Hyýawan han öňüne hiç hili hormatly sözler goşulmadyk gysgajyk namanyň sowuk sözlerinden garşydaş hanynyň haýbatyny syzdy. Heniz garşysyna gaýdylanyny görmese-de, Hyýawan han köpi gören adamdy. Ol töweregindäki köşk emeldarlarynyň öz sözüne garaşýandyklaryna gowy düşünýärdi. Köşgüň daşyndakylar bolsa, köşkden çykjak şol emeldarlara garaşýardy. Şonuň üçin hem olara beriljek jogap kesgitli bolmalydy. Uzak oýlanmaga-da wagt ýokdy. Hyýawan hanyň sähel salymlyk pikirlenmesi emeldarlar üçin örän uzak bolup göründi. Hökümdar ahyrsoňy hyýrsyz ýüzüni galdyrdy. Onuň dahanyndan çykan ynamly jümle töweregindäkiler üçin buýruk bolup ýaňlandy:
– Olar uruş isleýärler. Goşuny taýýarlaň!
***
Oguz-türkmen topragyny gapyllykda güpbasdy etjek goşunyny bir menzildäki amatly düşelgede ýerleşdirip, wepaly we ezber janpenalary bilen serhede golaý gelip, ertir daň bilen gana boýajak topragyna işdämenlik bilen seredip oturan Hyýawan han bir hakykata hiç düşünip bilmeýärdi.
Ol öz goşunynyň, güýjüniň agdykdygyny bilýärdi. Ony bu töwerekde bilmeýän döwletem ýok ahyryn. Goňşy ýurtlaryň hany Hyýawan hanyň islegini berjaý edip, başyny satyn alyp bilseler razydyr. Dagy olar nätsin?! Her kimem öz ýagdaýyny bilmeli ahyryn. Oguz han hem ilki şeýtdi. Ýogsam Hyýawan han bedewlerini janyndanam eý görýän halkyň iň saýlama bedewini sorapdy. Bu elbetde, yrsaramaga bahanady. Oguz han oňa düşünipdir. Hyýawan hanyň goşuny bilen uruşmak – bu ýitip gitmek bilen barabar ahyryn. Hawa, Hyýawan han bedewi sorapdam, alypdam. Emma ol bu bedewiň berilmegi bilen oguz-türkmen begleriniň kalbynda dörän nägilelikden, gahar-gazapdan, hyruçdan bihabardy. Oguz hanyň dolandyrýan ýurdunyň behişdi bedewini synlan pursaty Hyýawan han: «Oguz han boýun sundy» diýip, özüçe ýorupdy. Oňa, asla, başgaça ýormaga esasam ýokdy. Soň aýdan sözi ýere gaçmadyk hökümdar oguz halkynyň iň saýlama gözelini sorapdy. Ol oguzlaryň öz zenanlaryna nähili hormat goýýandygyny bilýärdi. Ol namysa barabar saýylýardy. Emma Hyýawan han ony-da ele salypdy. Getirilen peri ýaly gyz gözel diýseň gözeldi.
Iki gezekki talaby gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirilensoň Hyýawan han üçünji gezek oguz topragynyň bir künjeginden ýer sorapdy. Eger şu islegi hem ýerine ýeten bolsa, onuň baş matlaby hasyl boljakdy. Ol oguz ýurduny öz ýurduna tabyn etjekdi, goşjakdy, birleşdirjekdi. Emma ol üçünji talabynyň başa barmagynyň ýeňil düşmejekdigini namany getiren çaparyň ýüzüniň duw-aklygyny gören badyna düşünipdi. Ony köşkde diňe Hyýawan han aňypdy. Arkasynda Hyýawan hanyň durandygyny bilýän gaýduwsyz esgeri beýle hala düşürip bilen güýç nämekä?! Hökümdar ony soramandy. Kiçilik bilipdi. Dogrusyny aýtsaň, ony hökman hem hasaplamandy. Hyýawan han edil şu wagt şol gedemligine ökündi.
***
Arkasyny agaja diräp oturan Hyýawan han wagtyň bir çene baranyny aňdy. Ol ýerinden turdy. Ertir oňa uly söweş garaşýardy. 20-30 ädim töweregini gurşap duran janpenalar Hyýawan hanyň ýerinden turanyny görüp, öňküsindenem çuslandylar, hyzmata häzir boldular. Hyýawan hanyň agaç şahasyna ildirip goýan ýapynjasyny almaga hyýallananam şoldy welin, onuň juda eserdeň gulagynyň edil alkymynda del şuwwuldy eşidildi. Öň eşitmedik sesiniň nämäniňki ekenligi barada Hyýawan han uzak oýlanmaly bolmady. Hökümdaryň ýapynjasyny üç sany altynsöw ýaý oky agaja çüýläpdi. Hyýawan han oklaryň özüni öldürmek üçin niýetlenmändigine düşündi. Altyn oklar Oguz hanyň nyşanydy. Janpenalar herekete girdiler. Emma olaryň eline düşen adam bolmady. Hyýawan han ýapynjany agaja çüýlän oklary eline alyp, serine gelen pikirini nädip daşary çykarandygyny duýman galdy:
– Şuwlaýan oklar! Altyn oklar! Bular asla ok däl, bular, bular…
Oguz nyşanly bu şuwlaýan oklaryň näme üçin atylandygyna Hyýawan hana düşündirmegiň geregi ýokdy. Oklaryň özleri düşündirişdi. Şular ýaly düşündiriş tapyp bolsa, ondan gowy düşündirişiň zerurlygy ýok ahyryn. Oguz han, gör, nämesine buýsanýan eken. Ol öň meniň ilki eden talaplarymy ýerine ýetiren bolup, wagt utupdyr. Söweşe kemsiz taýýarlanypdyr. Dünýäniň iň naýbaşy ýaraglary bilen ýaraglanan goşunyň eýesi bolan Hyýawan hanyň heniz hiç ýerde gabat gelmedik şuwlaýan oklaryny oýlap tapypdyr. Hökümdaryň süňňüne ynamsyzlyk aralaşdy.
Ol ertirki söweşde ýeňiş gazanyp bilmejekdigine akyl ýetirdi. Emma ol hakykat bilen ylalaşmak kyndy. Iň esasy hem ol bu ajy hakykaty Hyýawan hanyň hemişe, hemmelerden rüstemdigine bil baglaýan goşunyna, goşun serkerdelerine nädip düşündirjegini bilmedi.
Çünki, Oguz hanyň ýasadan şuwlaýan oklarynyň iniňi düýrükdiriji sesi Hyýawan hanyň ähli ýeňişleriniň şamçyragy bolan şu pursata çenli hiç kimden garaw görmedik ynamly kalbyna dowul salypdy, ýaralapdy. Ol oklar han ýapynjasy bilen bilelikde onuň ýeňşe bolan ynamyny agaja çüýläpdi. Ýaraty ynam bilen ýeňiş gazanyp bolmaz.
Öňde bolsa Hyýawan hana Oguz hanyň kemsiz taýýarlan goşuny bilen boljak agyr söweş garaşýardy.

Aşyrmät GARLYÝEW,
«Milli goşun».