21.07.2018
Ilkinji zenan desantçy

05.04.2018 05:04 / Habarlar / Harby durmuş /
774

Halkymyzyň durmuşynda zenanlara aýratyn orun berilýär. Her bir türkmen täze dünýä inen gyzjagazlarynyň Tumar şa, Aý ene, Altynjan hatyn ýaly edenli bolmagyny arzuwlaýar. Sebäbi milliligimiziň esasy özeni bolan watançylyk duýgusy maşgala terbiýesiniň süňňüne mäkäm ornaşyp gidipdir. Göbek ganynyň daman topragyna wepalylyk duýgusy bilen terbiýelenen her bir perzent ogul ýa gyz çagadygyna seretmezden, halkymyzyň milli ösüş ýoluna öz goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde hem taryhy watanperwer zenanlaryň başarjaňlygyny döwrebap derejede dowam etdirýän zenanlar bar. Taryhda tarypa mynasyp edermenlik görkezen zenanlaryň ýoluny buýsanç bilen dowam etdirýän uly leýtenant Jahan Ýazmuhammedowa bilen söhbetdeşligimizde okyjylarymyzyň köpüsi üçin geň görünýän duýgular barada gyzyklandyk.

 

Sizde harby gullukçy bolmak höwesi nähili we haçan döredi?

– Ejem bilen kakam ikisiniň hem harby gullukçydygy mende çagalygymdan watançylyk duýgusyny oýardy.

 

Öz harby ýoluňyz barada aýdyp beräýseňiz?!

– Harby gullukçy bolmak höwesi meni 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna alyp geldi. 2014-nji ýylda ýokary okuw jaýyny tamamlap, aragatnaşyk wzwodynyň serkerdesi bolup işe başladym. 2015-nji ýyldan bäri bolsa harby gullugymy Aýratyn ýörite maksatly toparyň aragatnaşyk we kommunikasiýa boýunça hünärmeni wezipesinde dowam etdirýärin. Serkerdeleriň maslahatlary netijesinde 2016-njy ýylda ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultetiniň razwedka hünärmenleri taýýarlaýyş kursuny tamamladym.

 

Halkara derejeli okuw-ýygnanyşyklaryna, sport çärelerine gatnaşan bolsaňyz gerek?!

– Hawa. 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen 6-njy Bütindünýä harby oýunlaryna sportuň triatlon görnüşi boýunça gatnaşdym. Halkara harby oýunlary federasiýasynyň guramagynda geçirilen bu ýaryşa bizi – ýurdumyz bu federasiýanyň agzasy bolmasa-da – Koreýanyň prezidenti Türkmenistana bolan saparynda ýörite çagyrypdy. Dünýäniň ähli künjeginden gelen harby gullukçylar bilen bir hatarda çykyş etmek ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

 

Paraşýutdan bökmek islegi nähili döredi?

– Paraşýutdan bökmek aslynda meniň çagalykdan arzuwymdy. Hudaýtarapyn diýsemem dogry bolar. Harby instituty gutaranymdan soňra, bagtyma, Howa-desant goşunlarynda zähmet ýoluna başladym. Şeýle mümkinçiligiň bardygyny görüp, serkerdelerime paraşýutdan bökmäge bolan islegimi duýdurdym. Zenan harby gullukçylaryň paraşýutdan böküp ýörenleri bolmansoň birhiliräk görseler-de, men özüme bolan ynamymdan, paraşýuda bolan höwesimden hiç wagt el çekmedim. Pursat tapsam islegimi ýatladýardym. Harby mowzukda düşürilen, razwedka we ýörite maksatly toparlary üns merkezine alýan dokumental we çeper filmler meniň özüme bolan ynamymy has hem güýçlendirdi. Ahyrsoňy 2016-njy ýylda ilkinji gezek bu arzuwymy amala aşyrmaga mümkinçilik döredi.

 

Ilkinji gezek paraşýutdan bökeniňizde nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

– Men paraşýutdan bökjekdigime tä özümi dikuçardan aşaklygyna zyňýançam ynanmadym. Ilkinji gezek şeýle boldy. Arkama paraşýutlarymyzy aldyk we dikuçarda howalanmaga başladyk. Ilkinji topar bökeninden soňra ýerde şemal bolanlygy üçin biziň toparymyzyň böküşi goýbolsun edildi we gonmaly bolduk. Menden öň hem birnäçe zenan harby gullukçylaryň synanyşygynda uçuşyň saklanyp, olaryň topardan aýrylandygyny bilýändigim üçin «Toparda meniň bardygym sebäpli goýbolsun edilen bolaýmasyn» diýen pikir hem döredi mende. Emma ertesi howa hiç hili päsgelçilik döretmedi. Ilkinji gezek bolanlygy üçinmi, bilmedim, nämäň nämedigine-de doly düşünip ýetişmedim. Ähli ünsümi türgenleşikde özleşdirilen nazaryýet tabşyryklaryny bolmalysy ýaly berjeý etmäge gönükdirdim we 850 metr belentlikden bökdüm, ýere düşenimde-de hiç hili adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmady. Ikinji gezek bökenimde bolsa, eýýäm, köp zatlara düşünip, akyl ýetirip başladym. Howada ýerine ýetirjek hereketlerimizi türgenleşýän wagtymyzda öz-özüme ünsümi has hem ýokarlandyrdym. Birinji gezek bökenimde ejem dagynyň birden paraşýut açylmasa näme etjekdigim baradaky sowallaryna kän ähmiýetem bermändirin. Emma ikinji gezekki böküşim meni has hem tolgundyrdy.

«Gorkmaýan adam paraşýutçy däldir» diýýärler. Paraşýut gorkmaýan, ätiýaçsyz, sowuk-sala adamy bagyşlamaýar. Sebäbi açyk asmanda paraşýutdan bökeniňde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýanda, saňa özüňden başga hiç kim kömek edip bilmeýär.

 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda ilkinji zenan desantçy bolmak nähili duýgy?

– Elbetde bu ýagdaý meni diýseň begendirýär. Ýörite maksatly toparyň ýeke-täk zenan harby gullukçysydygyma buýsanýaryn. Maňa toparda «Akpamyk» diýip ýüzlenýärler. Zenan harby gullukçylar üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi meniň gullugyma bolan höwesimi artdyrýar.

 

Paraşýutdan bökmegiň iň tolgundyryjy pursady barada aýdaýsaňyz?

– Dikuçaryň rampasyndan aşaklygyna özüňi oklamak...Ynha, iň tolgundyryjy pursat. Beýleki bir tarapdan, heniz böküş başlanmazdan öň dikuçardaky gözükdiriji «Ýeriňizden turuň» buýrugyny bereninde-de ýürek urgularymyz has hem güýçlenýär.

 

Paraşýutdan bökmezden ozal haýsy türgenleşikleri geçirýärsiňiz?

– Her okuw-ýygnanyşygynda paraşýutdan bökmezden ozal iki hepdelik kurs berýärler. Paraşýutyň taktiki-tehniki häsiýetnamasyny, howadaky, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanynda ýerine ýetirilmeli hereketleri öwredýärler. Ýerde ýörite gurnalan meýdançalarda dikuçardan bökmegi, paraşýuty açmagy türgenleşdirýärler.

 

Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýarsyňyz?

– Eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň zenanlar basketbol ýygyndysynda çykyş edip gelýärin. Geçen ýyl ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ätiýaçdaky toparynyň düzümine girdim. Ýaragly Güýçlerimizde geçirilýän sport ýaryşlarynda sportuň ýeňil atletika, woleýbol, uly tennis görnüşleri boýunça hem ýaryşlara gatnaşýaryn.

 

Harby gullugyňyz bilen bagly ýatdan çykmajak pursatlar barada aýdyp beräýseňiz!

– Aslynda harby gullukda hasapsyz pursat ýok. Harby gullugymyň dowamynda duşýan her bir täzelik durmuş ýolumda ýatdan çykmajak waka bolup galýar. Mysal üçin, Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde müdirlikleriň arasynda geçirilýän sport ýaryşlarynda, eýýäm, 3 ýyldan bäri birinjiligi alyp gelýändigimizi göz öňünde tutsaň, medal münberine çykan her bir pursadym ýatdan çykmajak pursatlardyr. Harby instituty tamamlap, işe başlan ilkinji ýylymda «Harby dostluk» ady bilen harby tärleri özleşdirýän ýaryş geçirildi. Bularyň hemmesi meniň harby ýoluma täzelik hökmünde girdi. Ýaragdan ot açmak, dürli päsgelçiliklerden geçmek, hüşgärlik türgenleşikleri ýaly birnäçe Ýörite maksatly toparyň razwedka bilen bagly tälimlerini ýokarlandyrmak üçin geçirilýän okuw-türgenleşikleriniň ählisi meniň harby gullugymda ýatdan çykmajak pursatlar boldy.

 

Siz Ýaragly Güýçlerimizde ýörite maksatly toparlarda harby gullugy dowam etdirmek isleýän zenan harby gullukçylarymyz üçin nusga diýsem, haýran galmaň. Sebäbi siz milli taryhymyzyň zenan serkerdeleriniň edermenlik ruhunyň müdimilikdigini subut edýärsiňiz. Bu barada siziň öz garaýşyňyzy biläýsek!?

– Türkmençilikde «Hünäri öwrende ýigren» diýilýär. Bir zadyň başyna baranymda «Başararmyň?» diýlip soralanda, «Başaramok» diýmezlik üçin öwrenesim gelýär. Öwrenmäge bolan höwes meni has hem ruhlandyrýar. Käbir ýerde «Jahan, sen gyz! Boldy, bes et!» diýselerem mümkinçiligim bar wagty öwrenmäge dyrjaşýaryn. Ýörite maksatly toparda ilkinji zenan harby gullukçy bolandygyma begenýärin, guwanýaryn. Meniň göreldäme eýerjek zenan harby gullukçylaryň köpeljekdigine bolsa çynym bilen ynanýaryn. Sebäbi hormatly Belent Serkerdebaşymyz biziň üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ömri uzak, jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Bize beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

– Sag boluň, size-de mundan beýläk hem egsilmez rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin!

Batyr BERDIÝEW, «Milli goşun».