17.11.2018
Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular

26.03.2018 07:03 / Habarlar / Harby sport /
227

Moskwa şäherinde başa-baş tutluşygyň şu görnüşini esaslandyran A.Harlampiýewiň ýadyäдrligine bagyşlanylyp geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary jemi on medala mynasyp boldy, olaryň üçüsi ýaryşyň birinji gününde gazanyldy.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Nowruz Ataýew söweş sambosy boýunça (57 kilograma çenli agram derejede) kümüş medala mynasyp boldy. Ol ýarym finalda hindi samboçysyndan üstün çykyp, finala gatnaşmaga hukuk gazandy, emma onda Russiýanyň wekilinden asgyn geldi.

Şol institutyň ýene bir talyby Jawlanbek Mademinow söweş sambosy boýunça (82 kilograma çenli agram derejede) Türkmenistanyň ýygyndy toparyna bürünç medaly getirdi.

62 kilograma çenli agram derejede Maral Sultanowa zenanlaryň arasynda bürünç medala mynasyp boldy.

Ýaryşyň ikinji güni türkmen türgenleri üçin has şowly boldy. Batyr Durdyýew (52 kilograma çenli) söweş sambosy boýunça kümüş medaly eýeledi. Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Zyba Orunowa hem 64 kilograma çenli agram derejede kümüş medaly eýeledi.

Erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli), harby gullukçy Rüstem Penjiýew (74 kilograma çenli), sport mekdebiniň tälimçisi Begençmyrat Kakabaýew (90 kilograma çenli) üçünji orunlary eýelediler.
Sport sambosy görnüşi boýunça harby gullukçy Ýusupmyrat Atamyradow (62 kilograma çenli) we zenanlaryň arasynda Nasiba Hallyýewa (72 kilograma çenli) bürünç medallary eýelediler.

Biziň türgenlerimiz bu ýaryşlarda jemi 10 medala: üç kümüş we ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Umumy toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarus Respublikasynyň topary bilen üçünji orny paýlaşdy, Russiýanyň we Mongoliýanyň türgenleri öňdäki orunlary eýelediler. Mundan başga-da, söweş sambosy boýunça biziň ildeşlerimiz öňdäki üçlüge girdiler.

Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen kuraş boýunça Aziýa çempionatyna 13 ýurtdan 130 türgen gatnaşdy, şunda türkmen topary 7 medala eýe boldy.
Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Mariýa Lohowa 70 kilograma çenli agram derejede altyn medala eýe boldy.
Şamuhammet Gurbanow (60 kilograma çenli) we Hudaýberdi Jumaýew (100 kilograma çenli) kümüş medallara mynasyp boldular.

Marat Orazow (66 kilograma çenli), Daýanç Ömirow (81 kilograma çenli), Daýanç Taganow (100 kilograma çenli), Gülşat Nasyrowa (63 kilograma çenli) bürünç medallary eýelediler.