22.10.2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary

16.03.2018 08:03 / Habarlar /
267

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz bu dostlukly ýurda iki günlük resmi sapar bilen geldi. Onuň barşynda iki döwletiň däp bolan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygy, taraplaryň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de hoşmeýilli erk-isleg ýörelgeleri esasynda giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny bellemelidiris. Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Ilkibaşdan milli Liderimiziň we BAE-niň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesi munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Dürli ugurlarda, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär.

Emirlikleriň işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge hem-de senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary hem-de taslamalary bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyllaryň dowamynda Birleşen Arap Emirliklerine hem-de BAE-niň Baştutanynyň ýurdumyza amala aşyran resmi saparlary ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady goýan resmi sapary türkmen-Birleşen Arap Emirlikleri hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Baştutanynyň BAE şu gezekki saparynyň we nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazjakdygy şübhesizdir.

Düýn, 14-nji martda hormatly Prezidentimiz Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministri, Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Şu gün irden milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Awtoulagyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli garşylady.

Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy köşge barýarlar hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilýän ýerine ugraýarlar. Duşuşygyň öňüsyrasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Soňra Uly maslahatlar zalynda ýokary derejede giňişleýin düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi.

Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, özüniň ýurdunda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini ruhubelentlik bilen kabul edýärler hem-de doganlyk türkmen halkynyň haýran galdyryjy üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar.

Şeýle hem BAE-niň Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruna hem-de milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi nygtaldy. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe boldy.

Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandyny aýratyn belläp, belent mertebeli myhmana giň möçberli asylly işinde täze uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen gelmäge çakylygy, mähirli garşylandygy we myhmansöýerligi üçin Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň şu ýokary derejedäki duşuşyga däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde garaýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynda hil taýdan has ýokary derejä göterilýän täze tapgyryň başlanýandygyny ynam bilen aýtmak bolar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar. Bu gatnaşyklar özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşe gönükdirilen tagallalarymyzy has işjeňleşdirmek üçin şertler ýeterlikdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de giňelmegi we pugtalanmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklar durnukly ösýär. Muňa hökümet wekiliýetlerimiziň özara saparlary we Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň geçirýän geňeşmeleri hem şaýatlyk edýär.

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň möhüm orny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, haryt dolanyşygyny ösdürmek we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki döwletiň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň özara bähbitli boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri dünýäde ýerasty baýlyklara iň baý ýurtlar bolup durýarlar. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýeterlik şert döredýär. Nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we halkara bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýaňy-ýakynda nobatdaky tapgyryna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge BAE-niň iri gurluşyk kompaniýalaryny hem-de maýa goýum we maliýe düzümlerini hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy we munuň bolsa, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has hem pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna uly gyzyklanma bildirýändigi bellärliklidir. Bu taslama energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmekde, derwaýys ykdysady we durmuş wezipelerini çözmekde saldamly goşant, taslama gatnaşýan hem-de tutuş sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň hakyky köprüsi bolmalydyr.

Bu transmilli gaz geçirijisiniň örän zerurdygy we uly ähmiýeti golaýda ýene-de tassyklanyldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Owganystanda halkara tagallalary goldamak barada kabul edilen Rezolýusiýada öz beýanyny tapdy. Onda milli Liderimiziň başyny başlan beýleki düzümleýin taslamalaryň goldanylýandygy nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň we BAE-niň gurluşyk hem-de himiýa senagaty pudaklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Munuň özi bu ugurda hem hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Biz, esasan hem, gurluşyk materiallaryny we himiýa senagatyna degişli önümleri öndürmekde hyzmatdaşlygy teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Iki ýurduň gatnaşyklarynda ulag ulgamynyň uly geljegi bar. Halkara ulag-aragatnaşyk geçelgeleri ýurtlarymyz üçin strategik taýdan möhümdir. Şoňa görä-de, biz köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýeri gelende aýtsak, häzirk wagtda ýurdumyz kemala gelýän iri logistiki we üstaşyr merkez, serhet üsti söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde daşary ýurtly maýadarlary çekýär. Munuň özi maýalary çekmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki köp asyrlaryň dowamynda türkmen topragyndan Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Häzirki wagtda bu meşhur ýol täze görnüşde gaýtadan dikeldilip, sebit we dünýä möçberinde, şol sanda Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda baglanyşdyryjy merkez hökmünde netijeli halkara hyzmatdaşlygyny we oňyn goşulyşmak çärelerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlary ýurdumyz bilen maýa goýum ulgamynda, hususan-da, awtomobil we demir ýollary gurmak babatda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, BAE-niň işewürler düzümleri beýleki ulgamlaryň birnäçesi, ýangyç-energetika, elektroenergetika toplumlary boýunça, ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu meseleleriň soňky ýyllarda dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşylandygy tötänden däldir.

Emirlikleriň hem-de tutuş arap dünýäsiniň işewür toparlarynyň ýurdumyza bildirýän uly gyzyklanmasy hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly we okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir. Munuň özi dünýäniň esasy maliýe düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň (HPG) beren bahasynda öz beýanyny tapýar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda däp bolan gatnaşyklaryň wajypdygyny aýdyp, iki döwletiň hem-de halkyň arasynda medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Baý taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed Bin Sultan Al-Nahaýýanyň doglan gününe 100 ýyl dolýandygyny belläp, BAE-niň milli Lideriniň Garaşsyz Federatiw döwletiň berkarar bolmagynda we ösmeginde, onuň häzirki gazananlarynda ägirt uly ornunyň bardygyny nygtady. Şeýh Zaýed Bin Sultan Al Nahaýýan özüni parasatly hökümdar hem-de öňdengörüjilikli döwlet işgäri hökmünde görkezip, sarpasy belent tutulyp, diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da, şol sanda Türkmenistanda uly hormat-sarpa eýe boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy we BAE-niň ilkinji Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda uly goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etmäge Türkmenistanyň hemişe taýýardygyny belläp, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň doganlyk halkyna bolsa, gülläp ösüş, bagtyýar we asuda durmuş arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Kiçi maslahatlar zalyna bardylar, şol ýerde olaryň ikiçäk görnüşdäki gepleşikleri geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine şu saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasydyr. 1995-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri Türkmenistan we BAE gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça kämilleşdirýärler hem-de pugtalandyrýarlar.

Türkmen-emirlikler syýasy gatnaşyklaryň halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeňleşýändigi guwandyrýar. Esasan hem, bu guramanyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarymyzy we tekliplerimizi Birleşen Arap Emirlikleri ilkinjileriň biri bolup goldaýar.

Öz nobatynda, Türkmenistany Birleşen Arap Emirlikleri söwda-ykdysady, syýahatçylyk we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýokary görkezijileri gazanan ýurt hökmünde gyzyklandyrýar.

Iki ýurt ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ugurlaryň ählisi boýunça iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleri bar.

Türkmenistanyň hem-de BAE-niň halklaryny umumy taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, adatlary, medeni-ynsanperwer, ruhy we ahlak gymmatlyklary baglanyşdyrýar. Bularyň ählisi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edilýär.

Taraplar halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, iki ýurduň sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri, aýratyn hem tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ösüşi üpjün etmäge degişli meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýändigi üçin, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna minnetdarlyk bildirip, Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de bu saparyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Taraplar geçirilen gepleşikleriň jemini jemläp, onuň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler we Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda Şertnama; Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakynda Şertnama; Diplomatik, gulluk, ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; 1998-nji ýylyň 9-njy iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady ösüşi üçin merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “Mubàdala Petroleum” kompaniýasynyň arasynda Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “Mubàdala Petroleum” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz emirlikleriň paýtagtynyň täze medeni desgasy — Luwr Abu-Dabi muzeýine baryp gördi. Bu muzeý 2017-nji ýylyň noýabrynda açyldy.

Ol Saadiýat adasynda ýerleşýär hem-de Fransiýanyň çäklerinden daşarda “Luwr” adyny göterýän ilkinji muzeýdir. Fransiýa Respublikasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Parižiň meşhur muzeýiniň bölümini Abu-Dabide açmak hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Luwr muzeýi 30 ýylyň dowamynda öz adynyň “göterilmegine” razylyk berdi hem-de bu ýerde wagtlaýyn sergileri gurar, şeýle hem maslahat we bilermenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

...Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Luwr Abu-Dabi muzeýiniň baş girelgesiniň ýanyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany muzeýiň direktory Manuel Rabate we onuň orunbasary Hissa Al Daheri garşylaýarlar.

Jenap Rabate türkmen Liderini mähirli garşylaýar hem-de bina girmäge çagyrýar, ol muzeýiň döreýiş taryhy, onda sergileriň guralyşy barada gysgaça gürrüň berýär, sergileriň guralmagynyň baş maksady sungat eserlerinde adamzadyň, dürli zamanalaryň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ýyl ýazgysyny beýan etmekdir.

Luwr Abu-Dabi köpugurly muzeý giňişligi bolup, 55 binany özüne birleşdirýär, ol ini 180 metr we agramy 7,5 müň tonna bolan ägirt uly gümmez bilen örtülendir. Kümüşsöw haşamly gümmeziň içinden muzeý binasyna gün şöhleleri düşýär, ol BAE-niň palmalyk meýdanlaryndaky yşyklaryň oýnuny ýada salýan täsin öwüşginleri döredýär. Muzeýiň zallaryndaky araplaryň gadymy öýleriň görnüşindäki ak jaýjagazlary arap obalarynyň gurluşyny hem-de Medinäniň şekilini alamatlandyrýar. Binalaryň arasynda we içinde suw akabalary akýar. Olar eýwanlary we meýdançalary döredýär, bularyň ählisi adaty muzeýlerden düýpli tapawutlanýan erkin giňişligi emele getirýär.

Abu-Dabiniň Luwrynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, sergi zallarynyň tehniki üpjünçiligi, gymmatlyklary saklamak üçin ulanylýan tehnologiýalar hem-de Parižiň Luwrynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bu täsin toplumyň döredilişi barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muzeýiň ýolbaşçylarynyň ugratmagynda dürli sergi zallarynyň gymmatlyklary bilen tanyşýar. Bu ýerde suratkeşlik eserlerini, heýkelleri, bezeg şaý-seplerini, kitaplary hem-de beýleki täsin gymmatlyklary görmek bolýar, olar tutuş Ýer ýüzünden toplanan gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarydyr.

Jenap Rabateniň gürrüň berşi ýaly, Luwr Abu-Dabi muzeýi islendik milletiň gülläp ösmegi üçin köpdürlüligiň hem-de açyklygyň talap edilýändigi baradaky garaýyşlaryň beýanydyr, biziň dünýämiziň özara taryhy baglanyşygyny açyp görkezmek muzeýiň alyp barýan aň-bilim we wagyz syýasatynyň ugurlarynyň biridir.

Muzeý şäherjiginiň çäkleri ýörite 12 topluma bölünendir. Muzeýde görkezilýän sergi 600 gymmatlykdan ybarat bolup, olaryň ýarysyna golaýy wagtlaýyn görkezmek üçin Fransiýanyň muzeýlerinden we 100-e golaýy gönüden-göni Parižiň Luwr muzeýinden getirildi. Ýeri gelende ýatlasak, 2010-njy ýylda Fransiýa bolan resmi saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Sena derýasynyň kenarynda ýerleşýän dünýäniň iň iri çeperçilik muzeýleriniň biri bolan Luwra baryp gördi, şol ýerde onuň bölümlerinde görkezilýän şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdy, şol sanda beýik suratkeş Leonardo da Winçiniň döreden örän meşhur suraty Mona Lizanyň (ýa-da Jokonda) portretini synlady.

Bu ýerde, Abu-Dabide Fransiýadan getirilen eserleriň arasynda Leonardo da Winçiniň işleri, ozal eserleri arap ýurtlarynda görkezilmedik Wan Gogyň, Pikassonyň, Gogeniň, Maneniň, Matissiň, Rodeniň, Kandinskiniň, Pollokyň ... döredenleri bar. Gymmatlyklaryň bir bölegi wagtlaýyn guralýan sergileriň çäklerinde yzygiderli çalşyrylyp durlar.

Mundan başga-da, ýörite zallar bolup, olarda Rim imperiýasynyň, Gadymy Gresiýanyň, Hytaýyň, Günorta Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň taryhyna degişli eserler, şol sanda ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerde döreden beýik döwletiniň şäherlerinde — Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatlyklar hem-de ýerli arheologiýa tapyndylary görkezilýär. Muzeý toplumyna çagalar muzeýi, kafe, bilim we barlag merkezi hem girýär.

Milli Liderimiz daş asyryndan başlap, gadymy döwürlere hem-de orta asyrlara çenli döwürleri öz içine alýan we häzirki zaman sungatynyň bölümleri bilen tamamlanýan ekspozisiýalary, moderniň we abstraksionizmiň zallaryny synlap, Manuel Rabaty bilen täsirlerini paýlaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sungatyň jemgyýetiň durmuşynda, adamzat ösüşiniň taryhynda eýeleýän orny örän gymmatlydyr. Dünýäniň gözelligi arkaly ol halklaryň özara düşünişmegine, medeniýetleriň deňhukukly hem-de birek-birege sarpa goýmak esasyndaky gatnaşyklaryna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz milletiň täsin medeni mirasyny aýawly saklamagyň we şunuň bilen baglylykda, muzeý işini ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly ähmiýeti barada aýdyp, medeni alyşmalary giňeltmegiň, şol sanda muzeýler ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine we tutuşlygyna, Türkmenistanyň hem-de BAE-niň ýaşaýjylaryna iki ýurduň gadymy we häzirki zaman sungatynyň eserleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz muzeý bilen tanyşlygyny tamamlap, toplumyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşdy we Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryň hormatyna gurlan “Wahat Al Karama” ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Bu ýere gelende milli Liderimizi toplumyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa Bin Tahnun mähirli mübärekledi. Ol belent mertebeli myhmana bu toplum barada gürrüň berdi.

«Wahat Al Karama» (arap dilinden terjime edilende “Mertebe jülgesi” diýmegi aňladýar) bitewi döwlet ugrunda janyny gurban eden esgerleriň hakydasyny ebedileşdiren gaýduwsyzlygyň we milletiň jebisliginiň nyşanydyr. Olaryň atlary biri-birine direlip duran panelleriň 31-sinde beýan edildi. Plitalarda BAE-niň Lideriniň goşgy setirleri hem-de aýdan sözleri ýazylypdyr.

Ýadygärlikler toplumy 4 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Onuň çäginde 1200 adam ýerleşýän amfiteatr hem-de tegelek howuz guruldy. Bu ýerden Şeýh Zaýed adyny göterýän Uly metjidiň umumy görnüşi görünýär.

Hormatly Prezidentimiz hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçip, dabaraly ýagdaýda ýadygärligiň etegine gül goýup, Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralaýar.

Toplumyň düzümine girýän Harby şöhrat zalynda aýlaw boýunça diwaryň ýüzüne BAE-niň gahrymanlarynyň atlary ýazylan alýumin jetwel goýupdyr. Aňyrsy görünýän 7 sany panelden ybarat kompozisiýa ýerleşýär, olar Birleşen Arap Emirlikleriniň sanyny alamatlandyrýar. Her paneliň iki tarapynda hem BAE-niň harby kasamynyň ýazgysy bar. Panelleriň daşky tarapynda suw akýar. Onuň üznüksiz akmagy döwrüň müdimi aýlanyşyny alamatlandyrýar. Şunda hiç kim we hiç zat unudylmaýar. Zala girilýän ýerde we onuň içki diwarynyň ýokarsynda keramatly Gurhandan aýatlar ýazylypdyr. Binanyň üçegi 8 sany plitadan ybarat, plitalaryň 7-si Birleşen Arap Emirliklerini, 8-njisi bolsa, milli gahrymanlary alamatlandyrýar.

Ýadygärlikler toplumyna baryp görmeginiň hormatyna milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wekilleri bilen hoşlaşyp, BAE-niň paýtagtynyň Halkara howa menziline ugraýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Abu-Dabiniň howa menzilinden Watanymyza ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.