19.08.2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söweşjeň baýdaklary gowşurdy

11.05.2018 09:05 / Habarlar /
124

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda şu dabara gatnaşýan harby gullukçylar nyzama düzüldiler. Bu çäräniň bitewi dabara hökmünde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda bellenilýändigi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýramçylyk halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy dabaranyň geçirilýän ýeri bolan “Oguzhan” zalyna gelýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berýär.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, bu ýere ýygnanan harby gullukçylar bilen mähirli salamlaşdy. Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri hormatly Prezidentimiziň degişli harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurmak hakyndaky Permanyny okaýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine baýdaklary hem-de Serhet gullugynyň aýry-aýry serhet birikmeleriniň söweşjeň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Serkerdeler harby kasama, ata Watanymyza we mähriban halkymyza wepalylygyň, mähriban topragymyzy kükrek gerip goran gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini dowam etmäge taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes baýdaga tagzym edýärler.

Milli mukaddeslikleriň öňünde tagzym etmek milli gahrymanlaryň, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň – türkmen topragyny gorap, Watan üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine hormat-sarpanyň alamatydyr. Türkmenleriň beýik gymmatlyk hem-de mukaddeslik hökmünde Watanymyzyň Baýdagyna garaýşynyň aýdyň beýanyna öwrülen bu dessur halkymyzyň özüniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de köp asyrlyk däplerine we belent ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklaýar.

Soňra serkerdeleriniň ýolbaşçylygynda baýdak göterijileriň toparlary söweşjeň baýdaklary bilen dabaraly ýöriş sazynyň owazynyň astynda çärä gatnaşyjylaryň öňünden nyzamly ýöräp geçýärler.

Harby birikmeleriň baýdaklaryny we söweşjeň baýdaklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz bu söweşjeň baýdaklaryň Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhraty bolmak bilen, ýurdumyzyň asudalygyny goramakda olaryň söweşjeň ruhuny has-da belende göterjekdigini, berkarar Watanymyza öçmejek söýgi döretjekdigini aýtdy. Şöhratly taryhymyzda baýdaga hemişe mukaddeslik hökmünde garalypdyr. Ähli döwürlerde-de goşunyň buýsanjy hasaplanylýan söweşjeň baýdaga tagzym edilýär, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy kabul edilýär diýip, Belent Serkerdebaşymyz nygtady.

Milli Liderimiz Watan goragçylarynyň şu gün gowşurylan söweşjeň baýdaklary ygtybarly we ynamly gollarda saklajakdyklaryna berk ynam bildirdi. “Goý, eziz Watanymyza baky wepaly merdana harby gullukçylarymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty hemişe belent bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz harby gullukçylary goşun görnüşleriniň baýdaklarynyň hem-de olaryň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara bagt, abadançylyk we Watan öňündäki mukaddes borjuny ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara gatnaşyjylar Belent Serkerdebaşymyza milli goşuny, harby we hukuk goraýjy düzümleri kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara eziz Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işlerinde üstünlikler arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdy.