22.04.2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi

15.03.2018 08:03 / Habarlar /
65

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy.

Uçaryň ýanynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni howa menzilinden sapar wagty kabulhanasy ýerleşýän kaşaň “Emirates Palace” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum bilen duşuşygy boldy.
Belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki saparyna iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolundaky nobatdaky ädim we döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigini nygtady.

Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktuma mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini we onuň birek-birege düşünişmek we ýygjam hyzmatdaşlyk derejesi bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek, şeýle hem birnäçe halkara we sebitara meseleleri boýunça düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we BAE-niň halkara syýasatynyň, sebitara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ählumumy bähbitlere laýyk gelýän ýygjam gatnaşyklar üçin oňyn binýat bolup durýar. BMG-niň iri we abraýly düzümlerine agzalyga saýlanmak bilen, biziň döwletlerimiz dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdi üçin ähli tagallalaryny gaýgyranoklar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Söwda-ykdysady pudakda uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Olaryň amala aşyrylmagy milli, sebitleýin we ählumumy ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalaryny, maliýe we maýa goýum düzümlerini bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Iki ýurduň eksport we import mümkinçilikleri özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin oňyn şertleri emele getirýär. Bu babatda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň, ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym we bilim, sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar we giňeldilýär.

Gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparlarynyň çäklerinde Dubaý şäherinde geçirilen duşuşyklary aýratyn mähir bilen ýatladylar. Olar hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçirilipdi.

Türkmenistanyň we BAE-niň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktuma we dostlukly ýurduň tutuş halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministri, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

Ikiçäk geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň giň ugry boýunça pikir alyşmalar boldy we dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan çemeleşmeler kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek esasynda ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir diýip belledi we onuň has belent derejelere yzygiderli çykarylýandygyny nygtady.

Iki ýurduň halkara syýasatynyň we sebitleýin gatnaşyklaryň, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlaryň meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bellenildi.
Özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunlukda, bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy, milli we sebitleýin bähbitleriň amala aşyrylmagy üçin bolşy ýaly, ählumumy ykdysadyýet üçin hem örän ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, uzak möhletleýin we deňhukukly esasda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalaryny, maliýe we maýa goýum düzümlerini sebitleýin ähmiýetli bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine çagyrdy.

Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleriň, işewürler maslahatlarynyň we ugurdaş sergileriň yzygiderli guralmagynyň zerurdygy hakynda teklipler aýdyldy.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ylym, bilim, medeniýet we sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýana ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň tutuş halkyna bagt, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

15-nji martda Abu-Dabi şäherinde türkmen-Birleşen Arap Emirlikleri gepleşikleri bolar, onuň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri giriziler. Duşuşygyň jemleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny has-da berkitmäge hem-de giňeltmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparyna döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm waka, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň häzirki zaman tapgyrynyň ýolundaky wajyp ädim hökmünde uly ähmiýet berilýändigini nygtamaly.

Bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde berkidilýändigi ähmiýetlidir. Bu gatnaşyklar Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirýändigini äşgär edýär. Munuň özi dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpýyllyk ynanyşmak hyzmatdaşlygy we 1995-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar däp bolan özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyk görnüşe çykarmaga bolan gyzyklanmalary äşgär edýän iki döwletiň hoşniýetli erkiniň möhüm görkezijisi bolup durýar.

Munuň özi iki dostlukly döwletleriň Liderleriniň arasynda soňky ýyllarda ýokary derejede bolan saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda öz beýanyny tapdy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berdi. Onuň nobatdaky mejlisi 2017-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirildi. Şonda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk we beýleki möhüm pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Halkara pul gaznasy ýaly abraýly maliýe düzüminiň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistanyň dünýäde sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň hataryna goşulmagy BAE-niň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. Ýurdumyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýy ýokarlanýar. Türkmenistan ählumumy meseleleriň çözgüdinde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpýyllyk medeni-ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsusdyr. Bu ugurda ägirt uly tejribe toplandy we ol yzygiderli baýlaşdyrylýar. Medeniýetleriň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler we maslahatlar ýaly döredijilik çäreleri iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şertini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.