22.04.2018
Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisi

17.04.2018 08:04 / Habarlar /
6

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, altynjy mejlisiň maslahatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de netijeli ösýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Toparyň her tarapdan başlyklary duşuşygy açyp, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde taraplaryň ikisi hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin eýe bolan uly mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga çalyşýandygyny görkezýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylda Rumyniýa hem-de Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň 2012-nji ýylda ýurdumyza amala aşyran resmi saparlary döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge kuwwatly itergi berdi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gol çekilen resminamalar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döretdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar geçen döwürde esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň giňelýändigini belläp, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, dokma senagaty, oba hojalygy, elektroenergetika, gurluşyk pudaklary görkezildi.

Rumyn tarapyndan toparyň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, işewür toparlarynyň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge çalyşýandygyny aýtdylar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyna degişli meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar şu ugurda netijeli gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini bellemek bilen, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etdiler. Şeýle hem bu ýere ýygnananlar iki ýurduň halklaryny biri-biriniň baý taryhy medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksadynda bilelikdäki çäreleri guramak işini dowam etmegiň möhümdigini bellediler. Syýahatçylyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde agzaldy.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar şu günki mejlisiň Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýedinji mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi, onda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary görkezildi, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary giňeltmek babatda anyk ädimler kesgitlenildi. Şeýle hem Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

***

Şeýle hem şu gün Rumyniýanyň işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan-Radu Operanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň Hökümetinde, Daşary işler ministrliginde hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklary geçirdiler, şolaryň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek hakynda pikir alşyldy.