18.09.2018
Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi

13.08.2018 09:08 / Habarlar /
47

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aktau şäherine ugrady, Döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan we milli hem-de umumy bähbitleriň deňeçerligi Hazara alnyp guralýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Hazar sebitinde ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň bäştaraplaýyn sammitlere yzygiderli gatnaşmagy, şeýle hem milli Liderimiziň Hazar meselesi babatynda öňe sürýän anyk teklipleri, şol sanda degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek boýunça başlangyçlary hem şaýatlyk edýär.

Bu ugurda gepleşikleri geçirmegiň taryhy barada aýdylanda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Hazar babatynda köp meseleleriň çözgüdi tapyldy. 1996-njy ýylda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, şonda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky degişli Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş topary görnüşinde hemişelik esasda hereket edýän gepleşikleri geçirmegiň guramaçylyk –hukuk görnüşi kesgitlenildi. Şonuň öň ýanynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hem-de geçirilen duşuşyklar we kenarýaka ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli derejedäki syýasy geňeşmeler guraldy, şolarda Hazar meselesine degişli möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de özara kabul ederlikli çözgütlerini gözlemegiň zerurdygyna düşünilýändigi äşgär boldy.

Emele gelen ýagdaýlar bilen şertlendirilen hem-de alnyp barylýan gepleşikleri hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurlygyndan ugur alyp, şeýle hem ýurdumyz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi, ol ilkinji gezek 2002-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirildi. Ýokary derejedäki şol duşuşykda Türkmenistan Hazar deňziniň ykbaly üçin tagallalaryň birleşdirilmegine hem-de umumy jogapkärçilige esaslanýan we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna daýanýan bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiýasy boýunça öz garaýyşlaryny ynamly beýan etdi. Şeýlelikde, Aşgabat Hazar meselesi boýunça düýpgöter täzeçe gepleşikleriň binýadyny goýan şäher hökmünde taryha girdi.

Aşgabat sammiti ýakyn we uzak geljekde netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde badalga nokadyna öwrüldi. Türkmen paýtagtynda başlanylan gepleşikler soňra netijeli dowam etdirildi: şol duşuşygyň jemleri degişlilikde 2007-nji, 2010-njy we 2014-nji ýyllarda Tähranda, Bakuwda hem-de Astrahanda geçirilen sammitlerde kabul edilen möhüm çözgütleriň esasyny düzdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol duşuşyklarda çykyş etmek bilen, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletler hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly birleşdirilen olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Hazar deňziniň meselelerinde Türkmenistanyň hemişe işjeň orun eýeländigini we geljekde hem eýelejekdigini aýdyň subut etdi.

Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hazar boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda ýokarda agzalan Ýörite iş toparynyň, Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleriniň, halkara maslahatlarynyň, seminarlaryň we okuwlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Her ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär, ol adatça ajaýyp öwüşginli baýramçylyga öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň ozal geçirilen sammitleriniň barşynda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň “Rio+20” Ählumumy maslahatynyň hem-de beýleki iri forumlaryň belent münberlerinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyna hemişe ygrarlydygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklip hem bar.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyrylan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygy boýunça taslama goňşy döwletleriniň tagallalarynyň üstünlikli birleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr, bu demir ýoly sebit we halkara ulag düzümleriniň aýrylmaz bölegine öwrüler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň çäkleri Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan hem-de ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň netijeli peýdalanylmagyny hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük akymlarynyň geçirilişini amatlaşdyrmakda tebigy geografiýa giňişligi bolmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi uly ähmiýetli waka boldy. Bu iri göwrümli düzümleýin taslama, hakykatdan-da, Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategiki ähmiýete eýedir, şu taslamanyň amala aşyrylmagy ýokarda agzalan sebitleriň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, Hazaryň häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ulag-logistika halkasy hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam berer. Mundan köp asyrlar ozal bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly kesgitlemesine laýyklykda, ol rowaýata öwrülen ýoluň ýüregidir hem-de bu taryhy ýoluň täze şertlerde we häzirki zaman görnüşinde dikeldilmegine uly goşantdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin Hazar deňzinde giň mümkinçilikleriň bardygyny belleýär, şunda taraplaryň hoşniýetli erk-islegi, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk eýermek möhüm ýörelge bolmalydyr.

Milli Liderimiz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň bioköpdürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamyny hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Ýurdumyz bu babatda milli derejede yzygiderli çäreleri geçirýär, Hazar deňzinde bar bolan hem-de ýüze çykmagy mümkin ekologiýa meseleleriniň öňüni almakda goňşy döwletler we hyzmatdaşlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda çözgüdini tapmagyň täze çemeleşmelerini hödürleýär.

BMG-niň esasy tebigaty goraýyş Konwensiýalaryny tassyklamak hem-de öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), Ählumumy ekologiýa gaznasy (ÄEG) we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem biziň döwletimiziň Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Hazar deňziniň türkmen böleginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak, Milli Hazar meýilnamasynyň hereketlerini üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara topary döredildi.

Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ekologiýa meseleleriniň giň toplumyny nazara alyp, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebitleýin merkez ýaly ýöriteleşdirilen düzümi döretmek baradaky teklibi öňe sürdi we onuň netijeli işi üçin ähli zerur düzümiň hyzmatyny hödürlemäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistan özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag hem-de energetika mümkinçiliklerini doly herekete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirmek bilen, gadymy Hazara parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňziniň derejesiniň berilmegine doly ýardam edýär.

Bu gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Hazarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm resminamalaryň taýýarlanylandygyny we soňra kabul edilendigini hem ýatladýarys. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk we Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bar, bu resminamalara 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň 
IV sammitiniň netijeleri boýunça gol çekildi. Şeýle hem şol sammitiň barşynda jemleýji resminamalar toplumyna Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk girizildi, onuň taslamasynyň gutarnykly ylalaşylmagyna türkmen tarapy işjeň ýardam berdi. Bu resminama boýunça işler ýurdumyzyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň monitoringi boýunça Utgaşdyryjy komitetde başlyklyk edýän döwründe tamamlandy.

Şu gezekki ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen hem-de däp bolan bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam berýän iki möhüm Ylalaşygy taýýarlamak başlangyjy bilen Türkmenistanyň çykyş edendigini öňünden bellemek isleýäris.

... Bir sagada golaý wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aktau şäheriniň halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanyna gül desseleri gowşuryldy.

Milli Liderimiz howa menzilinden Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň geçirilýän ýerine — “Dostluk” köşgüne ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşýarlar, olar bu ýerde bilelikde surata düşýärler.

Aktauda geçirilýän sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bu ýere geldiler.

Döwlet Baştutanlary “Dostluk” köşgüniň mejlisler zalyna geçýärler, bu ýerde ýokary derejede giňeldilen görnüşde bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. 
Onuň gün tertibine ileri tutulýan meseleleriň toplumy, ozaly bilen Hazar deňziniň hukuk derejesi, ykdysadyýet, ulag, ekologiýa, Hazarda howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti duşuşygy açyp hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine ýüzlenip, Aktau Sammitiniň jemleriniň Hazarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Sammite gatnaşyjylara — Hazarýaka döwletleriniň Liderlerine söz berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin möhüm wakadygyny belledi. Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň üstünde alnyp barlan ýeňil bolmadyk iş tamamlandy. Ençeme ýyllaryň dowamynda dürli ulgamlardaky ýokary hünärli, barlyşyklara, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almaga taýýarlykly ilçiler, hukukçylar, we bilermenler bu resminamany taýýarlamaga gatnaşdylar. Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň syýasy erki we ýokary jogapkärçiligi umumy üstünlik gazanmagymyzyň aýgytlaýjy şerti boldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gazanylan üstünlikleri öz rowaçlyklarymyzyň hasabyna ýazmaga doly hakly bolmak bilen, biz öňde giň möçberli we möhüm işiň durýandygyna düşünmelidiris. Uly ähmiýeti bolan aýry-aýry ugurlar boýunça özara işjeň hereketleriň kesgitli usullary işlenip taýýarlanylmalydyr.

Bu meseleleriň birnaçesiniň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz şu gün gol çekmäge taýýarlanylan resminamalarda Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň guralyny döretmek baradaky düzgüniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurtlaryň daşary syýasat edaralaryna sammitden soňra ýakyn wagtda bu düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň meselelerine garamagy tabşyrmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp babatda biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady hem-de ulag meselelerine goşulyşmagynyň derejesine baglydygyny belläp, Türkmenistanyň IV Hazar sammitinde döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda degişli Ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldan Hazarýaka döwletlerine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň bu ugurda tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy boljakdygyna ynanýandygyny belläp, bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen III Hazar sammitinde Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Şu gün bu Ylalaşyga üç Teswirnama – terrorizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş hem-de Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlygy hakynda resminamalara gol çekiljekdigi buýsançly ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyzyň Hazarda bikanun işlere garşy göreşde tagallalarynyň ýakyndan utgaşdyrylmagy sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşygyň biziň döwletlerimiziň arasyndaky ynamy pugtalandyrjakdygyny nygtap, Hazarda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de gorap saklamak wezipesiniň wagt babatynda çäklendirilmändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda harby işler ulgamynda mundan beýläk-de özara ynanyşmak çärelerini işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek zerurdyr. Hazar deňzi hemişe parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam zolagyna öwrülmelidir, şunda ähli meseleleri parahatçylykly, gepleşikler arkaly çözmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ekologiýa meselesiniň Hazarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, hut şu gün, 12 ýyl mundan ozal, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girendigini aýtdy. Hazarýaka döwletleri bu senäni Hazar deňziniň güni hökmünde belleýär. V Hazar sammitiniň hut 12-nji awgustda geçirilýändigi-de uly ähmiýete eýedir. Bu diňe bir simwoliki däl-de, serhetüsti babatynda daşky gurşawa bolan täsire baha bermek boýunça Tähran konwensiýasyna Teswirnama gol çekilmegine beslendi, munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.

Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, bioköpdürlüligi gorap saklamak meseleleri özara aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanda şu ýylyň güýzünde Hazar deňziniň Gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň maslahaty geçiriler. Garaşylyşy ýaly, bu maslahatda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleri hökümetara edarasy hökmünde bu komitetiň işini kämilleşdirmek üçin zerur çözgütleri kabul eder.

Hazarýaka döwletleriniň bäşisi tarapyndan tassyklanylan döwletara we hökümetara edaralarynyň tebigaty goramak ulgamynda ýakyndan utgaşykly iş alyp barjakdygy bellärliklidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Hususan-da, munuň özi suw- biologiýa serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak boýunça Toparyň hem-de Tähran konwensiýasynyň Müdiriýetiniň işine degişlidir. Bu guramalaryň hyzmatdaşlyk etmegi Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak hem-de deňziň ekologiýa ýagdaýyna täsir edýän amatsyz şertleriň öňüni almak babatynda örän netijeli bolup biler.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigaty goramak meselelerine, hususan-da, Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşýändigini belledi. Ýurdumyzda her ýyl “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuwlar geçirilýär, ol Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy bolan Halkara umman instituty tarapyndan guralýar. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Hazarda alnyp barylýan ähli ykdysady işleriň ylma berk esaslanmalydygyny, bolup geçýän tebigy we antropogen hadysalara, monitoring we çaklamak ulgamyna bitewi çemeleşilmegine daýanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak maksada laýyk bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň düzgünlerini iş tejribesine ornaşdyrmakda ilerlemek işleri öňde durýar. Mälim bolşy ýaly, IV Hazar sammitiniň Maglumatynda adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr. Adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmek hem deňizde gözleg-halas ediş işlerini geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazarda gözleg we halas ediş işleri ulgamynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamagyň aýratyn möhüm häsiýete eýedigini nygtady.

Hazar sebiti, ozaly bilen, täsin, asyrlaryň dowamynda bu ýerde ýaşap gelýän halklaryň özara gatnaşyklarynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelen künjegidir diýip, milli Liderimiz belledi. Ýöne häzirki wagtda Hazar deňziniň ähmiýeti onuň geografiki çäklerinden has giň gerime eýedir. Ol geosyýasy we ykdysady ýagdaýlaryň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär, bu ýerde deňiz, gury ýer we howa ýollaryny, geljegi uly energetika ugurlaryny öz içine alýan ählumumy derejeli kuwwatly ulag-üstaşyr halkasy kemala gelýär.

Şoňa görä-de sebitiň ýurtlarynyň halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda baş maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyna hem-de üznüksizligine göz ýetirmek esasynda tagallalarynyň birleşdirilmegi zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, Hazarýaka döwletlerine ýakyn we uzak geljekde hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilik açylýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň toplanylan tejribesiniň, hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlara uzaýan ýörelgeleriniň baýlaşdyrylmagynyň hem-de geljekki nesillere ýetirilmeginiň zerurdygyna ynanmak bilen, bu işlere taýýardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki sammitiň biziň döwletlerimiziň deňhukuklylyk ýörelgeleri hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, umumyhazar gün tertibiniň meselelerini kemala getirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek – bularyň ählisiniň yzygiderli, bitewi we dolanuwsyz häsiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna Hazarda hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işlerine goşýan uly şahsy goşantlary, bilelikdäki işiň ähli tapgyrlarynda oňyn hem-de özara hormat goýmak duýgularynyň beýan edilendigi üçin ýene bir gezek aýratyn minnetdarlyk bildirýändigini aýdyp, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň geljekki sammitini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.

Bäştaraplaýyn ýokary derejedäki giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, “Maslahatlar” zalynda jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentleri Hazarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy, binýatlaýyn resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekýärler.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga ,azar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga, Hazar deňzinde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama; Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga; Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda ylalaşyga; Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşyga; Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket etmegi hakyndaky Teswirnama gol çekilýär.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti boýunça degişli Maglumat hem kabul edildi.

Şeýlelikde, ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze eýýamy alamatlandyrýan hakyky öňegidişlige beslendi hem-de bäştaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze kuwwatly itergi berdi.

Ýokarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda iki hökümetara ylalaşygyň taslamalaryny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen, 
çykyş etdi, munuň özi ýurdumyzyň Hazarda umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Durmuşyň görkezişi ýaly, türkmen Lideriniň öňe süren ähli başlangyçlary möhüm hem-de öz wagtynda öňe sürlen teklipler boldy. Bularyň ählisi Bitarap Watanymyzyň Hazar deňzi sebitinde täze hukuk giňişliginiň keşbini kemala getirmekde, oňyn hyzmatdaşlygy höweslendirmekde möhüm orun eýeleýändiginiň subutnamalarydyr, häzirki wagtda hyzmatdaşlyk yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýe boldy.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary metbugat üçin beýannama bilen çykyş etdiler.

Sammitiň işiniň jemlerini aýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edendigi we forumy geçirmek üçin döredilen oňat şertler üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemlerine ýokary baha berip, örän möhüm resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu Konwensiýany işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandyklaryny belläp, onuň düzgünleriniň netijeli ulanyljakdygyna ynam bildirdi. Munuň üçin Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda syýasy geňeşmeleriň bäştaraplaýyn guralyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Şu gün Hazar deňzinde dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň bäştaraplaýyn resminamalarynyň hem birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistan tarapyndan 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen IV Hazar sammitinde öňe sürlen söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşyklar bar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň tekliplerini goldandyklary üçin Hazarýaka döwletleriniň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz şu duşuşygyň barşynda gol çekilen terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de Hazarda howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga, Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlygy hakyndaky Teswirnamalaryň sebitde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak baradaky gol çekilen ylalaşygyň ähmiýetini belläp, onuň döwletleriniň arasyndaky ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrjakdygyny aýtdy. Hazar deňzi hemişe parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň zolagy bolmalydyr.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu gezekki sammitiň barşynda Hazarda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolaryň iň möhümleriniň ykdysadyýet, ulag, ekologiýa, howpsuzlyk ugurlaryna degişlidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazar Ykdysady forumynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle forumyň Hökümet agzalarynyň, işewürler hem-de akademiki toparlaryň, halkara guramalarynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda köptaraplaýyn ykdysady gepleşikleri geçirmek üçin hemişe hereket edýän çärä öwrüljekdigini aýdyp, onuň Hazarýaka döwletleriniň her birinde gezekleýin yzygiderli esasda geçirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ulagyň Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ulgamydygyny aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň döredilmeginiň zerurdygyna ynanýandygyny, onuň ýerine ýetiriji edarasynyň Hazarýaka ýurtlarynyň her biriniň kenarýaka şäherinde gezekleýin esasda ýerleşdirilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, geçirilen duşuşygyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň binýadyny döretmekde, dürli ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk esaslary kemala getirmekde, dostluk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy hem-de ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda hoşniýetli aragatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny belledi.

Türkmen Lideri myhmansöýerlik we duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin gazagystanly dostlarymyza ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşygy boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzine ýaş bekre balyklaryny goýbermek dabarasyna gatnaşdylar.

Bu aýratyn ähmiýetli çäre kenarýaka ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Onuň esasy maksady Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, gojaman Hazaryň ajaýyp ekoulgamyny, dürli görnüşli haýwanat we ösümlik dünýäsini saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňe sürýän işjeň teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu işlenip taýýarlanylan we gol çekilen degişli resminamalarda öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazar deňzi onuň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek, deňziň biodürlüligini saklamak we artdyrmak ugrunda umumy jogapkärçilik çekýän kenarýaka döwletleriniň bäşisiniň hem milli baýlygydyr.

Döwlet Baştutanlaryna Hazar deňzine bagyşlanylan ýörite sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi.

Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aktau şäheriniň Halkara howa menziline bardy, ol ýerden Watanymyza ugrady.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.