22.04.2018
Harby eginbaşlar harby gullukçylaryň ilkinji aýratynlyklarynyň biridir

08.04.2018 06:04 / Habarlar / Harby durmuş /
58

Bu hakykat öz gözbaşyny gaty irki döwürlerden alyp gaýdýar. Harby eginbaşlaryň özboluşlylygy dünýäniň ähli halklaryna mahsuslykdyr. Her bir halk özüniň taryhy aslyny, etimologik gözbaşyny gözleýär. Onuň gadymylyk möhletlerini uzaldyp biljek maglumatlary köpeltmäge çalyşýar. Taryhy menzilleriň ýumagy külterlendigiçe, şonça-da baý taryhy maglumatlar ýüze çykýar. Uzak taryhy möhlet diýmek bolsa, eýýäm, kynçylyklaryň dürli görnüşleri bilen ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolmak diýmekdir. Elbetde, olaryň arasynda harby häsiýetlileri-de bolandyr.

Dünýäni sarsdyran söweşleriň taryhyny beýan edýän ylmy maglumatlara, şol ylmy maglumatlar esasynda ýazylan çeper eserlere we düşürilen çeper filmlere salgylanyp, biz bir hakykaty arkaýyn aýdyp bilýäris. Her bir döwletiň milli goşunlarynyň strategiýa we taktiki aýratynlyklaryndan başga-da geýniş aýratynlyklary – eginbaş tapawutlyklary bolupdyr. Okyjylar, gadymy grek goşunlary bilen Napoleonyň esgerleriniň eşiklerini tapawutlandyrmakda asla kynçylyk çekmezler. Edil şonuň ýaly-da Müsüriň faraonlarynyň esgerleri bilen gadymy hytaý esgerleriniň eginbaş tapawutlyklary babatynda-da şu pikiri arkaýyn aýdyp bolar.

Türkmen halkynyň ata-babalarynyň Oguz han zamanyndan gözbaş alyp gaýdýandygy hakykat. Oguz hanyň heýkelindäki silkme telpegiň üstünden geýlen öküz şahly serkerdelik täjini, egnindäki uzyn donuny, bilindäki guşagyny, guşagyna berkidilen egri gylyjyny biziň taryhy harby eginbaşlarymyzyň nusgawy görnüşleri hasaplamak bolar. Türkmen söweşijileriniň dünýäniň meşhur taryhçylarynyň eserlerinde ýyndam bedew atlara ussatlyk bilen erk edýändigi bellenilýär.

Bu taryhy hakykat. Her bir halkyň goşuny öz söweşjeň aýratynlyklaryna laýyklykda kämilleşdirilipdir. Emma ösüşleri barha ýokary depgine eýe bolýan zamananyň tehnologiýa mümkinçilikleri her bir halkyň özüne mahsus bolan, naýza, gylyç, ok-ýaý, bumerang, hanjar ýaly ýaraglaryň görnüşlerini aradan aýryp, umumylaşan tehniki ýaraglara öz ornuny berdi. Bu birinji tarapy.

Ikinji tarapdan, döwrüň aragatnaşyk – habar ýaýradyş ulgamy örän ýokary tizlige eýe boldy. Şonuň üçin dünýä döwletleriniň arasynda beýleki ylmy adalgalarda bolşy ýaly, harby adalgalar babatynda-da sebitleýin, yklymlaýyn harby dil baýlygy emele geldi. Bu babatda harby derejeleri aňladýan adalgalary we olaryň eginlerindäki we çiginlerindäki harby nyşanlaryň (şewronlaryň) atlandyrylyşynda umumylykda düşnükli bolan sözler bilen aňladylyp ugrady.

Üçünji tarapdan, goşun görnüşleri zamananyň ýaraglanyş mümkinçiliklerine görä, olar halklaryň milli geçmişindäki harby adalgalary bilen beýan ederden düýpgöter özgerdi.

Bu özgerişleri öwrenmäge we özleşdirmäge, dünýä bilen sazlaşykly we şol bir wagtda özboluşly tapawutly bolan harby eginbaşlaryň görnüşini ykrar etmäge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli Ýaragly Güýçleriniň uly mümkinçilikleri bar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun birliklerinde ýygy-ýygydan bolýandygyny biz bilýäris. Her gezek hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby bölümlere baranynda, şol harby bölümiň goşun aýratynlyklarynyň görnüşine görä täze eginbaşda barýar. Bu bolsa harby tehnikalara ussatlarça erk etmegiň hötdesinden gelýän – uçarlary, dikuçarlary, tanklary, harby awtoulaglary we Harby-deňiz güýçleriniň düzümindäki gämileri ezberlik bilen ussatlarça dolandyrýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bir hatarda, olaryň eginbaşlary baradaky aladalary hem hiç wagt üns merkezinden düşürmeýändigini alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine harby eşikleriň täze görnüşleri gelip gowuşýar. Öňdebaryjy döwletleriň halkara harby eşiklerinde göz öňünde tutulan amatlylyklar düýpli seljerilip, eginbaşlary öndürmegiň täzeçe usuly işlenilip düzülýär. Täze usullarda taýýarlanylýan harby eşikleriň önümçiligindäki öňegidişlikler we innowasiýalar göz öňünde tutulandyr.

Harby-deňiz güýçleriniň harby gullukçylarynyň eginbaşlary hem dünýä tejribesiniň gazananlary bilen milli utgaşyklylygyň netijesinde taýýarlanylyp, türkmen deňizçileriniň dogumlylygyny dabaralandyrýar. Göwnejaý hereketleri ýerine ýetirmek üçin hem amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Harby-howa güýçleriniň eginbaşlary hem türkmen harby uçarmanlarynyň hemmetaraplaýyn hereketleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylandyr.

Harby lybaslar baradaky gürrüňlerimizde ýene-de bir hakykaty bellemek zerurdyr. Ol hem her bir goşun görnüşiniň harby gullukçylarynyň eşikleriniň diňe bir ülňüde däl-de, eýsem, tutuş ýylyň dowamyndaky möwsümleýin geýnişleriniň hemmesiniň nusgalarynyň tassyklanylyp, taýýar edilendigidir. Bu eşikleriň amatlylyk we gelşik babatdaky hil derejesini, ilki bilen, biz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň goşun görnüşleriniň hersiniň harby birliklerine geleninde, özüniň bu eşikleri geýip gelen pursatynda synlap hem buýsanyp bilýäris. Harby lybaslaryň goşun görnüşleriniň hersine mahsus bolan görnüşleriniň her biriniň asyl nusgasyny, ilki bilen, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özi geýip görýär. Onuň amatlylyklaryny hut özi barlap, synagdan geçirip, bu görnüşli harby lybaslarda harby gullugyny dowam etdirjek harby gullukçylar üçin, gör, neneňsi ýakymly duýgulary oýarýar.

Deňiz-pyýada goşunlarynyň esgerlerine niýetlenen geýim gury ýerde hem-de deňizde söweş hereketlerini işjeň ýagdaýda alyp barmaga giň mümkinçilik berýär. Eşikleriň biçüwinde amatlylyk, çydamlylyk, şol sanda göze ýakymlylyk ýaly häsiýetlere aýratyn üns berilýär. Milli reňkleriň ulanylmagy netijesinde açyk we özüne çekiji keşbi deňiz-pyýada esgerine haýbatly görk berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümi üçin amatly eşikleriniň umumy ülňüdäki nusgalaryny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. Ol ýakyn günlerde öz eýelerine gowşar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýola goýlan aladalaryň netijesinde döwrebap derejede kämilleşdirilen täze harby eginbaşlaryň agramly bölegi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sargytlary esasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şu aşakda görkezilen fabriklerinde tikilip üpjün edilýär.

Matalarymyzy Ruhabat dokma toplumy dokap hem gerekli reňkimize boýap berýär.

Trikotaž önümlerimizi Gökdepe dokma toplumy we Türkmenbaşy tekstil toplumynda dokalyp boýalýar.

Harby lybaslarymyzy tikmek işlerini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikin önümçilik birleşigi, Modeller öýi, «Bahar», «Türkmenabat», «Ýeňiş», «Bezeg» «Çeper», «Duşak», «Garabekewül» tikin fabrikleri ýerine ýetirýär.

Hammam we ýüz desmallary Baýramaly dokma toplumy tarapyndan, harby maksatly aýakgaplar bolsa, Türkmen-Kalkan bilelikdäki kärhanasy tarapyndan üpjün edilýär.

Ýurdumyzda öndürilmeýän ýarym ýüň matalar bolsa Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasynyň üsti bilen üpjün edilýär.

Bu hakykat hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolan ählitaraplaýyn şertleriň döredilmegini döwletiň öz üstüne alýandygy we hiç haçan üns merkezinden düşürmeýändigi baradaky aýdanlarynyň ajaýyp netijeleridir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Perman ILMYRADOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň Tyl müdirliginiň Goş gullugynyň başlygy, maýor.