17.11.2018
GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

08.04.2018 07:04 / Habarlar /
212

Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine 12 mesele girizildi. Olar syýasy, ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edilmegine, DIM-niň ugry boýunça özara gatnaşyklara degişlidir. Howpsuzlygyň üpjün edilmegine, jenaýatçylygyň garşysyna göreşe hem-de halkara terrorçylygyna garşy durulmagyna, şeýle hem GDA ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary maglumat tehnologiýalary ulgamynda jenaýatçylyklara garşy göreşmekde GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň, 2019-2023-nji ýyllar üçin jenaýatçylyga garşy göreşmegiň bilelikdäki çäreleriniň döwletara maksatnamasynyň taslamalaryna we beýlekilere garadylar.

Mejlise gatnaşyjylar iri sebit taslamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler, olara diňe GDA-nyň agza döwletleri däl-de, eýsem, Arkalaşyga girmeýän ýurtlar hem gatnaşýarlar.

Däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hemişe Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda dostlugy we ynanyşmagy berkitmegiň möhüm oňyn şerti boldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň çagalar, ýaşlar we zenanlar guramalarynyň, bilim we ylym edaralarynyň, şeýle hem sport jemgyýetleriniň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etdi, munuň özi köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi we baý mazmun bermäge ukyplydyr.

Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde halkara gün tertibiniň we özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, GDA-nyň işiniň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem saýlawlara syn etmek boýunça Arkalaşygyň işiniň möhümdigi bellenildi.

Mejlisiň işiniň jemleri boýunça türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy tarapyndan 2017-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň meýilnamasyny amala aşyrmak hakynda Çözgüde hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnama, şeýle hem 2021-nji ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärligiň we şähergurluşygynyň ýyly diýip yglan etmek hakynda çözgüde gol çekildi. Bu başlangyç ozal Soçi şäherinde GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan beýan edildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň habar berşi ýaly, GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini 27-nji sentýabrda Duşenbede geçirmek karar edildi.