22.10.2018
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine

26.06.2018 10:06 / Habarlar /
93

Hormatly prokuratura edaralarynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda berkarar döwletimiziň prokuratura edaralary kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň hemmeler tarapyndan takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyryp, jemgyýetimizde kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün edýärler.

Prokuratura edaralarynyň işgärleri öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri tutanýerlilik bilen ýerine ýetirip, beýleki hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde berkarar döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrýarlar. Raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goraýarlar, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işleri geçirýärler.

Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyryp, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Hormatly kanun goragçylary!

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda berkarar döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine we hukuk namalarynyň kanunylygyna gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralaryna giň ygtyýarlyklar berildi. Prokuroryň kanundan gelip çykýan talaplaryny ýerine ýetirmek döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar, guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr hem-de bellenen möhletde berjaý edilmäge degişlidir.

Prokuratura işgärleri öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda garaşsyzdyr we eldegrilmesizlik hukugyndan peýdalanýarlar. Şonuň üçin siz mundan beýläk hem hukuk döwletimizde kanunlaryň döwlet häkimiýet edaralary, ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralary, edaralar, kärhanalar, guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar hem-de raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilişine we hukuk namalarynyň kanunylygyna prokuror gözegçiligini has-da güýçlendirmelisiňiz. Degişli barlaglary geçirip, prokuror täsir ediş çärelerini netijeli ulanyp, kanun bozulmalaryň öňüni almak we düzetmek, raýatlarymyzyň hukuklaryny we döwletimiziň bähbitlerini goramak, döwlete ýetirilen zyýany günäkär adamlara ýerinde goýdurmak boýunça anyk çäreleri görmelisiňiz.

Hormatly prokuratura edaralarynyň işgärleri!

Siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan belent we jogapkärli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin öz gulluk borçlaryňyzy päk ýürekden, ussatlyk bilen berjaý etmelisiňiz. Işgärlere edilýän talaplary güýçlendirip, öz hatarlaryňyza watansöýüji, ýokary aň-düşünjeli, belent adamkärçilikli, arassa we halal işgärleri seçip-saýlap almalysyňyz.

Men Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň geljekde hem öz öňlerinde goýlan wezipeleri doly we birkemsiz ýerine ýetirip, üstlerine ýüklenen borçlary abraý bilen berjaý edip, prokuror gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyryp, halal zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimiz prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, olaryň tutanýerli zähmet çekmekleri hem-de mynasyp dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça yzygiderli alada edýär. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi dowam ederis.

Hormatly prokuratura edaralarynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimizde kanunçylygy pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini goramak, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek we mähriban halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly hem-de jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW