18.08.2018
Dünýäniň geljeginiň bähbidine Türkmenistanyň başlangyçlary

16.04.2018 12:04 / Habarlar /
140

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar — Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda taslamalary işlenilip taýýarlanylan “Bütindünýä welosiped güni” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalaryň kabul edilmegine bagyşlanyldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda guralan sergide amaly-haşam sungatynyň eserleri, ajaýyp tebigatymyz şekillendirilen surat eserleri we haly önümleri, ýurdumyzyň oba hojalygynyň, dokma pudagynyň ýokary hilli önümleri hem-de beýleki gazanylan üstünlikler görkezilýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ylmy we çeper kitaplary sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Şu ýerde dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan uly ähmiýetli işlerine, şol işleriň netijesinde ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitlerine waspnama bolup ýaňlandy.

Maslahat, turuwbaşdan, şu günki merkezi metbugatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň milli Liderimiziň başlangyjy esasynda täze iki Kararnamany kabul etmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyza Ýüzlenmesiniň çap edilendigi baradaky guwançly-buýsançly gürrüňlerden başlandy.

Döwlet Baştutanymyz Ýüzlenmesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýändigini belledi. Türkmenistanda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şu ýylyň fewralynda “Amul — Hazar 2018” atly welosiped ýaryşyna badalga berildi. Geçirilýän bu çäreler ýurdumyzyň raýatlaryny sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Ýüzlenmesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň özüniň 73-nji mejlisiniň gün tertibine “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” bölümi girizmek barada çözgüt kabul edendigi nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz Ýüzlenmesinde belledi. Hormatly Prezidentimiziň şol sözleri maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, täze Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda täsiriniň barha artýandygyna, belent döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär. Dünýäniň ösüşi üçin möhüm bolan bu resminamalar Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasat ýörelgesiniň tutuş adamzadyň durnukly ösüşine gönükdirilendigini görkezýär. Bu bolsa bütin dünýäde uly goldaw tapýar.

Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işine ýokary baha berýändigini beýan etdi.

Çykyş edenler bu uly möçberli işleriň ählisiniň milli Liderimiziň gözegçiliginde durýandygyny hem-de halkymyzyň we her bir raýatyň durmuş derejesiniň hem-de abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleri döretmäge bolan maksatdan gelip çykýandygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm serişdesine bolan aýratyn gatnaşygynyň Türkmenistanyň alyp barýan yzygiderli durmuş syýasatynda beýanyny tapýandygy bellenildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sporta höwesekleriň sany artýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde bolýar. Soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň arasynda ýurdumyzda täzeden diýen ýaly dikeldilen welosiped sporty işjeň ösdürilýär we aýratyn meşhurlyga eýe bolýar.

Türkmenistanyň şäherleri we ýollary welosiped syýahatçylygyny söýýänler üçin has amatly görnüşe gelýär. Welosipedli gezelenç etmek bedeniň umumy türgenleşiginden başga-da, estetiki lezzet almaga, daş-töweregi gurşap alýan dünýäni öwrenmäge, dürli ýagdaýlara başgaça garamaga mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda jemgyýetimizde “ekologiýa medeniýeti” diýen düşünje ýygy-ýygydan ulanylýar. Ol dürli manyda, ählumumy durnukly ösüş, milli durmuş-ykdysady syýasat, tebigaty goramak, ahlak taýdan terbiýe bermek ugurlarynda peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda 2015-nji ýyldan soňky döwürde ählumumy ösüş boýunça BMG-niň sammitinde eden çykyşynda daşky gurşaw hakynda alada etmezden döwletleriň we halklaryň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün etmegiň mümkin däldigini nygtady. Milli Liderimiziň konsepsiýasynda hojalygy ýöretmegiň netijeli usullary, ekologiýa ýagdaýyna ýaramaz täsirleri aradan aýyrmaga kömek edýän önümçilikleri ylmy taýdan guramak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň senagat taýdan işjeň ösdürilýändigine garamazdan, Türkmenistanda durnukly ekologiýa ýagdaýynyň saklanylmagy bu maksatlara ýetilýändiginiň mysalydyr.

Aşgabadyň abadan we amatly, arassa hem-de häzirki zaman keşbi Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk bolup biljek ekologiýa medeniýetiniň kemala gelýän tapgyryna gadam basandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa medeniýeti, hakykatdan-da, ählumumy düşünje bolup, ruhy gymmatlyklary hem-de etiki ýörelgeler ulgamyny, dünýägaraýyşlary, döwlet tarapyndan alnyp barylýan çäreler toplumyny, ykdysady gurallary we hukuk kadalaryny, durmuş ugurly düzümleri öz içine alýar.

Emma bularyň ählisiniň özenini her bir adamyň daşky gurşawa garaýyşda şahsy jogapkärçiligi, ýerine ýetirýän işleri, düşünjeli hereketleri, ukyp-başarnygyny peýdaly işlere gönükdirmäge erk-islegi düzýär, şunda her bir ynsan adamlara anyk bähbit getirmäge çalyşmalydyr.

Jemgyýetiň ekologiýa medeniýeti adamyň ýaşaýan öýünden başlap, suwuň ýüzünde döreýän tolkunlar ýaly, şäherlere ýa-da obalara, tutuş ýurda, dünýä… ýaýraýan köp derejelerden ybaratdyr. Çykyş edenler ekologiýa taýdan düşünjeli adamlar näçe köp boldugyça, şol tolkunlaryň has-da giňäp, daş-töweregimizi gurşaýan giňişligiň hem-de durmuşymyzyň şonça-da gowulanýandygyny bellediler.

Häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan tassyklanylan Bütindünýä welosiped gününi baýram etmäge taýýarlyk görlüp başlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, welosiped sportuny wagyz etmäge, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine çekmäge gönükdirilen dürli sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan sebitde ekologiýa meseleleri boýunça iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň işjeň tarapdary hökmünde çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa meselesine ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde uly üns berýändigi şeýle hyzmatdaşlygyň örän möhümdigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň meýilnamasy hem şu garaýyşlara esaslanýar hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramagyň, iri halkara düzümler, ozaly bilen bolsa, BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan bu ulgamdaky oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Rio+20 Bütindünýä maslahatynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahaty we Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherine guralan VII Bütindünýä suw forumy ýaly, iri halkara maslahatlaryň münberlerinden beýan edilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä suw forumynda eden çykyşynda “suw diplomatiýasyny” işjeň öňe sürmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady. Biziň ýurdumyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze syýasy-diplomatik usullaryny döretmekde suw serişdeleriniň çeşmelerini gaýtadan dikeltmek, olary netijeli we rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly ähli meseleleriň düýpli çözülmegine gönükdirilen gatnaşyklary kemala getirmek mümkin diýip hasaplaýar.

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly ähmiýetini nygtadylar. BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň hem-de giňeldilmeginiň, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary bolan Türkmenistan tutuş adamzadyň geljegine täsirini ýetirýän möhüm meseleler boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam bermäge çalyşýar. Häzirki wagtda milli we sebit derejelerinde durmuşa geçirilýän hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça BMG-niň Maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki iri halkara guramalar tarapyndan goldanylýan onlarça dürli taslamalar hem-de maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Çykyş edenler BMG-niň täze Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň Baştutanynyň sebitde ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryna dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny aýtdylar. Bu ulgamda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi uly mümkinçilige eýedir. Onuň mümkinçiliklerini sebitiň ekologiýa meseleleriniň çözülmeginde peýdalanmak gerek.

Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän, dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip, uly gyzyklanma döredýär.

Milli Liderimiziň sebit hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän yzygiderli parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary hem-de döwrüň möhüm meseleleri boýunça teklipleri türkmen döwletiniň Baştutanyna belent abraý getirdi. Häzir Türkmenistan parahatçylygy, rowaçlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine uly goşant goşýan döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Onda döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän, Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalşyp, bu ugurda anyk çäreleri görýändigi nygtalýar.