20.10.2018
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si

04.05.2018 11:05 / Habarlar / Harby durmuş /
239

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Mil­li go­şu­ny­my­zyň sö­weş­jeň uky­by­ny duý­dan­syz bar­la­mak, go­şun­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň şah­sy dü­zü­mi­niň sö­weş­jeň tä­li­mi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýe­we bel­le­nen ter­tip­de har­by bö­lüm­le­ri des­sin sö­weş­jeň taý­ýar­lyk ýag­da­ýy­na ge­tir­mek ba­ra­da buý­ruk ber­di.

Ir­den mil­li Li­de­ri­miz okuw-tä­lim mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne gel­di. Bu ýer­de do­lan­dy­ryş mer­ke­zi ýer­leş­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­na ha­sa­bat ber­ýär.

Wa­ta­ny­my­zy gaý­duw­syz go­raý­jy­lar di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na do­ly la­ýyk gel­ýän Har­by dokt­ri­na­da kes­git­le­nen ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler­den ugur alyp, ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýär­ler. Go­şun­la­ryň äh­li gör­nüşiniň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, har­by-tak­ti­ki tür­gen­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Olar Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, har­by gul­luk­çy­la­ryň sö­weş we hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za soň­ky dö­wür­de Mil­li go­şu­na ge­lip gow­şan döw­re­bap har­by-ho­wa hem-de ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Ola­ryň kö­pü­si­niň şu gün ge­çi­ri­len har­by-tak­ti­ki okuw­la­ryň bar­şyn­da iş­le­di­len­di­gi bel­lär­lik­li­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze sö­weş­jeň ho­wa ma­şyn­la­ry­nyň teh­ni­ki gör­ke­zi­ji­le­ri we ola­ry ulan­ma­gyň hem-de hyz­mat et­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­la­nyp, iş ýü­zün­de kwad­ra­sikl­le­riň bi­ri­ni, onuň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty­ny we har­by ulag uça­ry­na ýük­le­nen­de he­re­ket­le­ri­ni sy­nap gör­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za şeý­le hem go­şun­la­ry, ýa­rag­la­ry we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ry bel­le­nen ýe­re ýe­tir­mek üçin ni­ýet­le­nen sö­weş­jeň ma­şyn­la­ryň gur­lu­şy ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­re­bap ho­wa-ulag se­riş­de­le­ri­niň hä­si­ýet­na­ma­la­ry bi­len iç­gin tan­şyp, döw­le­ti­mi­ziň Mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy­ny we har­by iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz har­by teh­ni­ka­ny ne­ti­je­li ulan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Iň tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­ler we en­jam­lar ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýär, Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­nyň gi­re­wi bo­lup hyz­mat ed­ýär. Iş­gär­ler taý­ýar­la­mak­da sö­weş­jeň tä­li­me, döw­re­bap we çyl­şy­rym­ly teh­ni­ka­la­ry do­lan­dy­ryş uky­by­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Es­ger­ler we ser­ker­de­ler sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­ke­zip, döw­le­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ala­da­sy­na my­na­syp jo­gap ber­ýär­ler. Ýa­rag­ly Güýç­le­riň sö­weş taý­ýar­ly­gy­ny bar­la­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän me­ýil­na­ma­la­ýyn we duý­dan­syz har­by sö­weş­jeň tür­gen­le­şik­ler hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz syn ediş no­ka­dy­na bar­ýar we şol ýer­de türk­men uçar­man­la­ry­nyň uçu­şy­na syn ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň Har­by-ho­wa güýç­le­ri we ho­wa hü­jü­min­den go­ran­mak go­şun­la­ry iň döw­re­bap ýa­rag­lar, gar­şy­da­şy ýü­ze çy­kar­mak we ot açy­şy do­lan­dyr­mak se­riş­de­le­ri, iň tä­ze na­wi­ga­sion en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.

As­man­da har­by uçar­lar dür­li öw­rüm­le­ri — dik­le­ýin uç­mak, hal­ka, aý­law ýa­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. De­sant­çy­lar to­pa­ry bol­sa bel­li bir be­lent­lik­den pa­raş­ýut­ly bök­me­giň us­sat­ly­gy­ny gör­kez­ýär­ler.

Har­by uçar­man­la­ryň gör­kez­me çy­kyş­la­ry ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin har­by gul­luk­çy­la­ryň sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ün­sü­ni çek­di hem-de ola­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz yzy­gi­der­li esas­da har­by tür­gen­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy, şeý­le çä­re­le­riň her bi­ri­niň şah­sy dü­zü­miň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da no­bat­da­ky ädim­di­gi­ne ün­si çek­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň dört aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de Har­by dokt­ri­na­nyň düz­gün­le­ri­ni iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ýa­kyn gel­jek üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni, Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­ny we go­ra­nyş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mä­ge gö­nük­di­ri­len gör­kez­me sö­weş aty­şyk­ly –tak­ti­ki tä­li­miň jem­leý­ji tap­gy­ry­nyň baş­lan­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu tä­lim­ler sö­weş en­dik­le­ri­ni ele al­ma­ga we ber­kit­mä­ge, har­by ope­ra­si­ýa­lar ge­çi­ri­len­de go­şun­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň bö­lüm­le­ri­niň ut­ga­şyk­ly he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mä­ge, şah­sy dü­zü­miň ýö­ri­te teh­ni­ka­ny ulan­mak ba­bat­da­ky ba­şar­ny­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge hem-de şert­li gar­şy­da­şa gar­şy dur­ma­gyň dür­li tak­ti­ki we stra­te­gi­k ýag­daý­la­ry­ny iş­läp geç­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le hem ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di.

Mej­li­siň bar­şyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te mak­sat­ly teh­ni­ka­la­ryň we en­jam­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň my­na­syp gul­luk et­mek we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Ha­sa­bat­la­ryň çäk­le­rin­de Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň el­de­gril­me­siz­li­gi­ni we ýur­du­myz­da ter­tip-düz­gü­ni üp­jün et­mek, äh­li ul­gam­lar­da ka­nu­ny­ly­gyň gy­şar­nyk­syz ber­jaý edil­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.

Ha­sa­bat­la­ryň me­se­le­le­ri­niň bi­ri Ýa­rag­ly Güýç­le­riň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ser­ker­de­le­riň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri üçin ýa­şa­ýyş gul­luk jaý­la­ry­nyň we beý­le­ki dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň me­ýil­leş­di­ril­ýän gur­lu­şy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Go­ran­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na la­ýyk­lyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň we beý­le­ki go­şun­la­ryň esa­sy mak­sa­dy mil­li bäh­bit­ler hem har­by howp­suz­lyk bi­len şert­len­di­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň ke­pil­lik­li go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy düz­gün­le­ri we on­da bel­le­nen ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­le­ri mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, de­giş­li bi­li­mi we yl­my ös­dür­me­giň hem-de ýaş es­ger­le­ri Wa­ta­na çäk­siz söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy me­se­le­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, bu ugur­da top­lum­la­ýyn iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da gör­kez­me ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­weş­jeň we beý­le­ki we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin be­den taý­ýar­ly­gy­nyň şah­sy dü­zü­mi okat­ma­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Mil­li go­şu­ny­my­zyň bö­lüm­le­rin­de spor­tuň har­by-ama­ly gör­nüş­le­ri­ni iş­jeň ös­dür­me­gi tab­şyr­dy.

Ser­ker­de­le­riň we ola­ryň maş­ga­la­la­ry­nyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy, şol san­da ýa­şa­ýyş jaý me­se­le­le­ri­ni çöz­mek top­lum­la­ýyn har­by öz­gert­me­le­riň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk et­me­gi we göw­ne­jaý ýa­şa­mak­la­ry üçin oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär, döw­re­bap har­by şä­her­çe­ler, bi­na­lar we ser­het ga­la­la­ry, Wa­tan go­rag­çy­la­ry üçin has oňaý­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gu­rul­ýar di­ýip, Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz aýt­dy we har­by gul­luk­çy­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lan­da, amat­ly dur­mu­şy we dynç al­şy üp­jün ed­ýän şert­le­ri göz öňün­de tu­t­ma­gy tab­şyr­dy.

Har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Mil­li Li­de­ri­miz soň­ky ýyl­lar­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň yg­ty­ýa­ry­na iň öň­de­ba­ry­jy sö­weş hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len teh­ni­ka­la­ryň ge­lip go­wuş­ýan­dy­gy­ny bel­läp, sö­weş­jeň ma­şyn­la­ryň teh­ni­ki ýag­da­ýy­na berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.

Mej­li­siň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­män, iş­de goý­be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin, Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­no­wa kä­ýinç yg­lan et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­siň je­mi­ni jem­läp, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň pa­ra­hat we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len Har­by dokt­ri­na­nyň düz­gün­le­ri­ni berk ber­jaý et­mek bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ser­he­di­ni dost­luk, do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ser­he­di­ne öwür­mek, içer­ki jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­mak, ka­nu­ny­ly­gy hem-de ter­tip-düz­gü­ni üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­ri gör­mek işiň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di.

Soň­ra ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ne bar­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly uly mo­ni­tor­da Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň har­by bö­lüm­le­ri­niň gör­kez­me har­by-tak­ti­ki tür­gen­le­şik­le­ri­ne syn et­di. Bu tür­gen­le­şik­le­riň mak­sa­dy har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan, di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk mak­sat­la­ry­na gul­luk ed­ýän Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­ny we go­ra­nyş uky­by­ny art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Soň­ky ýyl­lar­da Ýa­rag­ly Güýç­le­riň äh­li go­şun­la­ry döw­re­bap har­by teh­ni­ka bi­len üp­jün edil­ýär. Mu­nuň özi bol­sa har­by işiň yl­my­ny we sun­ga­ty­ny ele alan so­wat­ly hü­när­men­le­riň bol­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Mil­li go­şun üçin iş­gär­ler taý­ýar­la­ny­lan­da sö­weş­jeň tä­li­me, es­ger­le­riň we ser­ker­de­le­riň teh­ni­ki, komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­di­ri­şi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Olar ýa­rag­la­ryň iň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni us­sat­lyk bi­len do­lan­dyr­ma­gy we gu­ra­ma­çy­lyk, tak­ti­ki me­se­le­le­ri çöz­me­gi ba­şar­ma­ly­dyr­lar.

Şu ge­zek­ki har­by-tak­ti­ki tür­gen­le­şik­ler­de Har­by-ho­wa güýç­le­ri we ho­wa hü­jü­min­den go­ran­mak go­şun­la­ry, Gu­ry­ýer go­şun­la­ry­nyň, Har­by-de­ňiz güýç­le­ri­niň har­by bö­lüm­le­ri, şeý­le hem har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ry şert­li gar­şy­da­şy hem-de döw­le­ti­mi­ziň çä­gi­ne taş­la­nan di­wer­sion to­par­la­ry zy­ýan­syz­lan­dyr­mak­da we ýok et­mek­de öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

Go­şu­nyň hem-de ştab do­lan­dy­ryş dü­züm­le­ri­niň ýo­ka­ry sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy­ny des­sin ga­zan­mak ba­şar­ny­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň şah­sy dü­zü­mi öň­de goý­lan we­zi­pä­niň höt­de­sin­den ab­raý bi­len gel­me­gi ba­şa­ryp, go­şun­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ýo­ka­ry taý­ýar­ly­gy­ny hem-de Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­ni, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­ny go­ra­ýan har­by gul­luk­çy­la­ryň ýo­ka­ry hü­när de­re­je­si­ni gör­kez­di. Kuw­wat­ly har­by teh­ni­ka­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ba­şar­jaň­lyk bi­len do­lan­dyr­ýan gaý­duw­syz Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti Mil­li go­şu­ny­my­zyň sö­weş­jeň uky­by­nyň hem-de go­ra­nyş kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem­me­le­re berk jan sag­lyk hem-de mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zy go­ra­mak bo­ýun­ça mu­kad­des har­by bor­jy ber­jaý et­mek­de üs­tün­lik­ler ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.