22.04.2018
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

29.03.2018 12:03 / Habarlar /
18

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan möhletine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Mälim bolşy ýaly, toprak-howa şertlerine görä, bu welaýatda ýaz ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda birneme gijiräk badalga alýar.

Asylly däbe görä, ekiş hormatly ýaşulularyň ýagşy dogaýy dilegleri bilen başlandy. Olar Beýik Biribardan Watanymyzyň we türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösüşini, milli Liderimiziň alyp barýan giň möçberli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar. Soňra mehanizatorlara orun berildi.

Demirgazyk sebitde gowaça 140 müň gektar meýdana ekilýär. Şu ýyl welaýatda 230 müň tonna “ak altyny” ýygnamak göz öňünde tutulýar. Daşoguzly ekerançylar gowaçanyň “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Jeýhun”, “149 F” we beýleki orta süýümli görnüşlerini ekýärler. Häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary — dürli kysymly traktorlar, ekijiler, gowaça kultiwatorlary bilen geçirilýän takyk, bökdençsiz meýdan işleri netijesinde “ak altynyň” geljekki bol hasylynyň ygtybarly düýbi tutular.

Ýazky ekiş möwsüminiň başynda Daşoguz welaýatynyň häkimliginde maslahat boldy. Oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Ýygnananlar ekişi gysga möhletlerde geçirmek, degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilde ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini birin-birin ara alyp maslahatlaşdylar.

Ekişiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi guraldy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygaryna bagyşlanan medeni maksatnama aýdym-saz, tans, halk döredijiligi toparlarynyň konsertlerini, şeýle hem “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna syýahat edilmegini öz içine aldy.