22.10.2018
Çaganyň saglygyny goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

29.03.2018 12:03 / Habarlar /
156

Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” mowzugy boýunça dört günlük okuw maslahaty geçirildi. Oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda bu ugur boýunça işleýän çaga lukmanlary we ylmy işgärler gatnaşýarlar.

Irki goşulyşma ulgamy çaganyň ösüşiniň ilkinji aýlarynda we bir ýaşynda näsazlyklaryň ýa-da ösüşiň saklanmagynyň başlangyjy ýaly köpugurly ýagdaýy öz içine alýar. Häzirki döwürde irki goşulmak maksatnamasynyň hökmany bölegi hökmünde prenatal anyklaýyş hakyndaky gürrüň işjeň ýagdaýa eýe boldy. Çünki kömek näçe ir berilse, ol şonça-da netijeli bolýar.

Düýn BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maslahatlar zalynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maksatnamasynyň çäklerinde irki goşulyşma boýunça milli binýady döretmek meseleleri ugrundan BSG-niň hünärmenleri bilen “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we irki döwürde ýüze çykýan meseleleri anyklamak hem-de çagalaryň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmekde ene-atalara kömek bermekde täze usullary ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlendi. Şunlukda, degişli hünärmenleri taýýarlamak we has kämil toparlary okatmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahata Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, “Ene mähri” merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, welaýatlaryň Saglyk öýleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda ýygnananlar ýaş nesiliň saglygyny berkitmek maksady bilen, ýola goýulýan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.

Şu günler BSG-niň hünärmenleri ýerlerde bolup, çaganyň irki ösüş we irki goşulyşma ulgamyny tejribä ornaşdyrmak we ony guramak işleri bilen tanyşdylar. Olar Mary şäheriniň we Ýolöten etrabynyň saglyk öýleriniň ýöriteleşdirilen otaglarynda amala aşyryldy.

BSG-niň wekili, Ankara Uniwersitetiniň professory Ilgi Ertem TDH-nyň habarçysyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

- Bu meniň Türkmenistana ikinji saparymdyr. Hut şonuň üçinem men bu ýerde türkmen kärdeşlerim bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolup, dürli lukmançylyk edaralarynda bolup, saglygy goraýyş ulgamyna, aýratyn-da, enäniň we çaganyň saglygynyň goralyşyna uly üns berdim we bu ugra hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýändigini gördüm. Bu ugruň ösdürilmegi toplumlaýyn, ulgamlaýyn esasda ýola goýlupdyr. Ýurtda öňdebaryjy saglyk merkezleri hereket edýär. Olarda anyklaýşyň, bejerişiň we öňüni alşyň häzirki zaman usullary ulanylýar.

Muňa saparyň dowamynda biz Aşgabadyň örän ýokary derejede enjamlaşdyrylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, şeýle hem Mary welaýatynyň lukmançylyk edaralаrynda bolanymyzda doly göz ýetirdik.