17.11.2018
Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça wagyz-nesihat demir ýol ulagy ýola düşdi

27.03.2018 10:03 / Habarlar / Beýik Ýüpek ýoly /
286

Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinden “Arkadagyň gurduran polat ýollary — beýik döwrümiziň ýüpek ýollary” atly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylaryň münen demir ýol ulagy ýola düşdi. Ugradýanlaryň saparyň şowly geçmegi baradaky oňat arzuwlaryna beslenen demir ýol ulagy Aşgabat — Bereket — Etrek ugry boýunça günbatara gitdi.

2018-nji ýyl “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygara bagyşlanan medeni-köpçülik çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde geçýän wagyz-nesihat çäresiniň guramaçylary bolup demir ýol ulaglary, medeniýet we bilim ministrlikleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň hem-de Balkan welaýatynyň häkimlikleri çykyş etdiler.

Munuň özi ýurdumyzyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň ikinji gezek guraýan wagyz-nesihat saparydyr. Olar martyň başynda Lebap welaýatyna bolan birinji saparda Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlarynyň çatrygyndaky kuwwatly Jeýhun derýasynyň kenarlarynda gadymyýetde ýerleşen şäherlere we belli taryhy ýerlere syýahat edipdi. Bu taryhy-medeni wakanyň Ýewraziýa yklymynda ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakdaky ähmiýetini hem-de beýik ýoluň döremeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkynyň eýelän uly ornuny häzirki nesilleriň aňyna ýetirmek bu wagyz-nesihat we aň-bilim çäresiniň esasy maksadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby çärä gatnaşyjylar üçin ajaýyp ýol görkeziji boldy. Milli Liderimiziň özboluşly edebi karta bolan bu binýatlaýyn işinde taryhy maglumatlar, gadymy rowaýatlaryň beýanatlary hem-de ýazuw çeşmeleriniň şaýatlyk etmegi arkaly kerwen ýollarynyň ugurlary bellenilendir. Ol ýollaryň ençemesini öwrenmek bolsa öňde duran geljekki işlere degişlidir. Türkmen topragyndaky söwda ýollarynyň boýlarynda höküm süren joşgunly durmuşyň şaýatlary bolan ýadygärlikler biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize köp zatlary gürrüň bermäge, geçmişiň we nesilleriň arabaglanyşygyny duýmaga, milletiň we onuň geljeginiň gymmatly mirasyny aňlaryna ýetirmäge ukyplydyr.

Häzirki taryhy eýýamda bu gadymy ýol ýurtlary yklymara üstaşyr-ulag ýollary bilen birikdirip, özünde parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, işjeň halkara hyzmatdaşlygy taglymlaryny jemläp, täze görnüşlerde dikeldilýär. Biziň ýurdumyz bu ulgamda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda üstünlikli amala aşyrylýan iri göwrümli taslamalaryň başlangyjy bolup çykyş edýär. Täze taryh, ine, şeýle ýazylýar, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmek taglymy öz täze many-mazmunyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çeper beýan edişi ýaly, Türkmenistan bu beýik ýoluň ýüregi hasaplanylýar.

Düzüminde ylym we medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan wagyz-nesihat saparyna gatnaşyjylar aň-bilim çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde Bereket etrabynyň administratiw merkezinde we Madaw obasynda döredijilik duşuşyklaryny geçirerler, şeýle hem “Dehistan” taryhy-medeni goraghana syýahat ederler. 
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda aýratyn orun berilýän bu ýerdäki gadymy ýadygärlikleriň ýanynda “Şöhratly geçmişden röwşen geljege” we “Beýik Ýüpek ýoluň söhbedi” diýen mowzuklara bagyşlanan duşuşyklar geçiriler, türkmen alymlary täze gazuw-agtaryş işleriniň we gözlegleriň netijeleri barada söhbet ederler.

Bu taryhy ýerler III müňýyllygyň ahyrlaryndan biziň eýýamymyzyň ХIV asyryna çenli, ýagny takmynan üç müň ýylyň dowamynda giň suwaryş ulgamy üznüksiz işlän gadymy ekerançylyk mesgeni bolupdyr. Bu sebit orta asyrlarda Dehistan ýa-da Maşat Missiriýan diýlip atlandyrylypdyr. Bu künjekdäki ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen Köneürgenji Wizantiýa we arap dünýäsi bilen baglanyşdyran Dehistan iň bir gülläp ösýän şäherleriň biri bolupdyr.

Wagyz-nesihat ulag düzümine gatnaşyjylar Etrek etrabynyň administratiw merkezindäki ýerli orta mekdepde “Türkmeniň baý geçmişiniň sahypalaryny agtarsak” diýen “tegelek stoluň” başynda ýaş nesliň wekilleri bilen duşuşarlar.

Wagyz-nesihat ýolagçy düzümi ähli meýilnamalaşdyrylan çäreler tamamlanandan soňra yzyna dolanyp geler.