20.10.2018
Berkarar döwletiň bagtyýar gerçegi!

04.05.2018 05:05 / Habarlar / Harby bilim /
268

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň:

“Bilimli nesil – kuwwatly Watan”,

“Medeniýet halkyň kalbydyr”,

“Il saglygy – Ýurt baýlygy” diýen şygarlaryny özüne hemra edinen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Kerim Baýgeldiýew bu gün hakyky gerçek boldy.

Ýetip gelýän, Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden, “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry, paýtagtymyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatyrynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýykda oňa gatnaşan gerçek ýigitler ukyp-başarnyklaryny, özleriniň saýlap alan hünärlerine bolan söýgülerini we jemgyýetdäki tutýan ornuny, sahna ussatlyklaryny, türkmen ýigidine mahsus ar-namyslylygyň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň belent nusgasyny, watançylyk duýgusyny sahna eserleriniň üsti bilen beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini, mähriban halkymyza sowgat beren mukaddes kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetlerini ussatlyk bilen wasp etdiler.

Netijede, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Kerim Baýgeldiýew I orna mynasyp bolup, ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we gymmat bahaly ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.

Elbetde, “Zehin – zehinden zyýada” diýlişi ýaly özara ýaryşlar, geçirilýän bäsleşikler hemişede hakyky ussady, çyn zehini ýüze çykarýar. Ýaryş bar ýerinde ýeňşiň, bäsleşik bar ýerinde bolsa öňe gidişligiň bolmagy hemmämize mälim hakykatdyr.

Munuň şeýledigini harby talyp Kerim Baýgeldiýewiň Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkymyza sowgat beren “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitaby bilen bagly çeper okaýyşlary ýerine ýetirmegi, watançylyk çagyryşlaryny kalbynyň töründen syzdyryp belent owaza salmagy, çeýe hem çalasyn nyzam tilsimleri bilen mele ýere dyzyn epip, ýaşyl tugumyza togap etmegi, ony hakykatdan-da bäsleşige tomaşa edenleriň we emin agzalarynyň biragyzdan saýlamagy esasynda hakyky gerçek hökmünde öňe çykardy. Geljekki serkerdäniň bu gazanan üstünligi, onuň Watan goragy ýaly mukaddes kärinde indiki ýeňişlerine badalga bolar.

Ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň goragynda synmaz erkli, polat galkan bolup durjak bagtyýar gerçegi gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle ýeňişleriň höwri köp bolsun!

Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman, dünýä ähmiýetli, umumyadamzat bähbitli belent başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

leýtenant,

Kerim Myradow.