19.08.2018
Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary 13 medal gazandy

28.04.2018 12:04 / Habarlar / Harby sport /
183

Özbegistanyň Ürgenç şäherinde dowam edýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular.

Bunýat Raşidow silkip götermekde 62 kilogram agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. 69 kilograma çenli agram derejesinde toparymyzyň birbada iki türgeni hormat münberine çykdy. Şatlyk Şöhradow silkip götermekde üçünji ýere, Begenç Amannaýew bolsa itekläp götermekde bürünç medaly aldy.

Ýokarda agzalan baýrakly orunlary eýelän türgenleriň üçüsi hem ýaş olimpiýaçylar mekdebiniň okuwçylarydyr. Zenan türgenler hem topardaky ýoldaşlaryndan yza galmaýarlar. Polina Gurýewa 63 kilogram agram derejede itekläp götermekde bir bürünç medaly we iki maşkyň jemi boýunça hem bir bürünç medaly eýeledi.

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy topary on üç medala mynasyp boldy, olaryň ikisi altyn, altysy kümüş we bäşisi bürünç medallardyr.