22.04.2018
Aşgabatda nemes sazandalarynyň konserti geçirildi

08.04.2018 07:04 / Habarlar /
19

“FAVO” toparyndan bolan belli nemes sazandalary Falk Braýtkroýs we Folker Şlott hem-de Belgiýadan tanymal sazanda Sander de Winne paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny baharyň jaz sazlary bilen begendirdiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasy hem-de Gýote instituty (Almaty) bilen bilelikde guralan konsert diňe jaz sazynyň diňleýjileri we muşdaklary üçin däl-de, eýsem ýurtlaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge goşantlaryny goşan sazandalaryň özi üçin hem ajaýyp sowgat boldy.

“Watan” kinokonsert zalynyň sahnasynda daşary ýurtly sazandalar öz eserleri bilen bir hatarda tomaşaçylara Bobbi Makferriniň, Ariel Ramiresiň, Çik Korianyň eserleriniň kawer-görnüşleri bilen tanyşdyrdylar.

Konsert maksatnamasyna jaz aýdymçysy Maýsa Niýazowa hem-de sazanda Döwlet Iwanow gatnaşdylar. Olar kärdeşleri bilen bilelikde “Älemgoşaryň belentliginde” atly nusgawy aýdymy we “Bu Maskarad” eserini ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylaryň goldaw bermeginde “FAVO” ýurdumyzda örän meşhur “Aýly agşam” aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu çykyş şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.