18.08.2018
Alp Arslanyň soltanlyk tagtyna geçmegi

16.04.2018 09:04 / Harby taryh /
194

Alp Arslanyň Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň daşky duşmanlaryna garşy we içki edarasyndaky eden işleri, gahrymanlyklary we ägirt döwlet adamlygy baradaky habarlar örän çaltlykda Horasanyň serhedini aşyp, soltan Togrul begiň häkimligindäki günbatar ülkelere batyp ýetipdir. Onuň bu şöhraty, soltan Çagry beg ölenden soň, Togrul bege nikalanyp berlen Çagry begiň aýallarynyň biriniň ogly Süleýmanyň tagta getirilmesi bilen başlanan tagt ugrundaky göreşde ýeňiş gazanmagynda hem uly rol oýnapdyr. Çagasyz Togrul bege, Çagry begiň yzynda dul galan kiçijik oguljygy bolan bir aýaly nikalanyp berlipdir. Soltan Togrul beg bolsa, şol oglanjygy «özünden soňra hökümdar boljak kişi» diýip yglan edipdir. Emma, Alp Arslan hem Çagry begiň ogludy we soltanlygyň tagtyna geçmäge özüniň haky bar hasap edýärdi. Üstesine-de, halk döwletiň başyna Alp Arslanyň geçmeginiň tarapdarydy.

Alp Arslanyň tagta geçmelidigini öňe sürüp, Süleýmanjygyň tagta geçirilmesine garşy harby güýçleri bilen çykan ýeke-täk kişi Hajyp Ärdem atly bir türkmen serkerdesi bolupdyr. Edebiýatlarda Hajyp Ärdemiň Alp Arslanyň tagt mirasdüşeri edilmelidigini Togrul bege duýdurandygy hem agzalyp geçilýär. Bu serkerde, Süleýmanjygyň Seljuklar neberesiniň guran ägirt döwletiniň hökümdarlyk tagtyna mirasdar hökmünde yglan edilenden soňra, goşunyny alyp, Alp Arslanyň ýanyna, Horasana gelipdir. Soltan Togrul begiň aradan çykmasyndan soň wezir Amydylmülk Kündury Süleýmanjygy tagta geçiripdir. Seljuk türkmenleriniň serkerdeleriniň bir topary ony goldasa-da, beýleki bir bölegi garşy çykyp, Süleýmanyň hökümdarlygyny kabul etmeýändiklerini, Alp Arslanyň bu wezipä has mynasypdygyny we ony döwletiň hökümdary hökmünde görýändiklerini duýdurypdyrlar. Ol emirler, Hajyp Ärdemiň we Ýagysaýanyň yzyna eýerip, Kazwine gidipdirler, şol ýerde hökümdar Alp Arslanyň adyna metjitlerde hutba okadypdyrlar.

Süleýmanyň hökümdar diýlip yglan edilenini eşiden Alp Arslan Reý şäherine gelipdir. Onuň Reýe gelmegi bilen Süleýman bu şäherden çykyp, Şiraza gidipdir. Wezir Amydylmülk Kündury bolsa, Alp Arslana garşy harby herekete başlaman, metjitlerde Süleýmanjygyň adyna okadylýan hökümdarlyk hutbalaryny Alp Arslanyň adyna okadylmasyny buýrupdyr. Alp Arslanyň ýanyna wekillerini iberip, tabynlygyny bildiripdir. Bu hadysalar 1063-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçipdir.

Entek, Beýik Seljuk türkmenleriniň tagtyna geçmänkä Alp Arslanyň alnyndan ýene bir garşydaş çykypdyr. Ol, seljuklar neberesinden bolan Arslan Ýabgunyň ogly Gutalmyşdy (Gutulmyşdy). Gutalmyş Alp Arslandan öňürti gelip, paýtagt şäher bolan Reýi goşuny bilen gabapdyr. Ýöne ol Alp Arslandan ýeňlipdir.

1064-nji ýylyň aprel aýynyň 27-si güni Alp Arslan Türkmen Reý şäherinde uly dabara bilen tagta çykarylypdyr. Ol, soltan Togrul begiň wezirligini eden we Süleýmany tagta çykaran wezir Amydylmülk Künduryny wezirlikden aýryp, geljekde beýik bir döwlet adamy hökmünde tanaljak Nyzamylmülki wezirlige belläpdir. Alp Arslan tagta geçen gününden başlap agzala begleriň agzyny birleşdirip, bir baýdagyň astynda jemlemegi başarypdyr. Şeýle etmek bilen, ol, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletini has hem kuwwatlandyrypdyr. 1064-nji ýylyň maý aýynyň 11-i güni, zamananyň musulmanlarynyň halypasy bütin yslama uýýan ülkelerdäki metjitlerde soltan Alp Arslanyň adyna hutba okadylmagyny emr edipdir. Onuň adyna pullar zikgelenip, soltanlyk alamatlaryny göterýän eşiklerdir- beýleki zatlar döredilipdir.

Beýik soltan Alp Arslan tagta geçen badyna döwletiň içinde tertip-düzgüni berkitmäge hem-de onuň çäklerini giňeltmäge üns beripdir. Dogany seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň hökümdary Gara Arslan Gurduň merkezi häkimiýeti gowşatmaga gönükdirilen gozgalaňlaryny basyp ýatyrypdyr.

Soltan Alp Arslan Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň içinde türkmen dilinde gepleşilmegini esasly derejede ýola goýupdyr. Köşkde türkmençe gepleşilipdir. Harby dil türkmen dili bolandygy sebäpli buýruklar türkmençe berlipdir. Garahanly türkmenleriniň hem-de Gaznaly türkmenleriniň döwletleri bilen türkmen dilinde resmi hat aragatnaşygy alnyp barlypdyr.

Türkmenleriň özleri üçin amatly otly-suwly mekana Anadoly topraklaryna göçüş hereketleri hut soltan Alp Arslanyň döwründe güýçlenipdir. Onuň serkerdeleri Afşin, Kümüştegin, Ahmet şa Dijle we Fyrat (Tigr we Ýewfrat) derýalarynyň aralygynda ýerleşen, öň Wizantiýa garaşly bolan ýerleri seljuk türkmenleriniň häkimiýetiniň astyna almagy başarypdyrlar.

Soltan Togrul begiň zamanynda Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti iki bölekden ybarat bolup, jübüt hökümdarlyk şeklinde ýöredilipdir. Gündogar bölegi Çagry beg Türkmen hem-de onuň ogly Alp Arslan Türkmen tarapyndan edara edilipdir. Togrul beg Türkmen bolsa günbatary öz edarasy astynda saklap, bütin döwletiň soltanlyk işlerini amala aşyrypdyr. Seljuklaryň iki başly bürgüt şeklindäki tugrasy hem döwletiň iki bölekden günbatar we gündogar bölekden ybaratdygyny beýan edipdir. Soltan Alp Arslanyň tagta çykmagy bilen bolsa, gündogar hem, günbatar hem bir hökümdaryň edarasy astyna giripdir. Togrul begiň zamanynda, günbatarda Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň esasy garşydaşy bolup Müsürdäki şygalaryň Fatymylar halypalygy bolan bolsa, Alp Arslanyň soltanlygy döwründe ol garşydaş Wizantiýa imperiýasydy.