28.05.2018
ALP ARSLANYŇ KAWKAZA ÝÖRIŞI

14.05.2018 08:05 / Harby taryh /
35

Seljuklaryň ikä bölünen goşuny Sepid şäherinde birleşipdir. Birleşen goşun töwerekdäki galalary eýeläp, Allawerdi (Lal) şäherine hüjüm edipdir. Lal şäheri beýik diwarly, berk özenli galalaryň biridi, esasy bölegi bolsa dagyň üstündedi. Alp Arslan, soltanlyk çadyryny galanyň derwezesiniň öňünde dikip, galany aljakdygy baradaky ynamyny ýitirmän, hüjüme başladypdyr. Söweş gazaply bolupdyr. Söweşde Ebu Şemse we Emir bin Muhajit atly iki serkerde esgerleri bilen duşmanlar tarapyndan, hilä salnyp öldürilipdir. Soltan Alp Arslan güýçli gaýtawul berlendigine garamazdan, ähli päsgelçilikleri ýeňip geçip, galany eýeläpdir. Örän köp mukdarda olja alnypdyr. Alyp bolmajak gala hasaplanýan Lal şäheriniň ele geçirilendigini eşiden goňşy galalaryň baştutanlary soltanyň ýanyna ilçilerini iberip, öz janlaryny satyn almaklyk tölegini bermek bilen boýun egýändiklerini duýdurypdyrlar. Bu waka 1064-nji ýylyň tomsunda bolupdyr.

Soltan Alp Arslan sanlyja aýyň içinde örän kän şäherleri we galalary eýeläninden soňra, şol jelagaýlarda iň mäkäm, iň berk gala hasaplanýan, wizantiýalylaryň elindäki Any galasyna ýöriş edipdir. Alp Arslanyň Kars we Any galalaryna tarap gelýändigi baradaky habarlar çar tarapa ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdyr. Bu şähere tarap gelýän ýoluň ugrunda ýerleşen galalaryň, şol sanda Newre we Seýlwird galalarynyň ilaty musulmançylygy kabul edipdirler we soltana muny duýdurypdyrlar. Bu habarlara soltan örän begenipdir.

Soltanyň goşuny Any şäherine golaýlaşypdyr. Anynyň belent daglar ýaly howalanyp duran diwarlary bolupdyr. Onuň daşky görnüşi görenleri eýmendirýän belent diwarlar bilen gurşalypdyr. Içine derwezeden başga ýerinden girip bolmajak, daglar bilen örtülen bu gala örän haýbatly görnüşde bolupdyr. Ony zabt edip alyp bolmaz öýdüp, şol güne çenli duşmanlaryň hiç biri Anyny gabamaga, hat-da ýanyna golaýlaşmaga milt edip bilmändir. Galanyň üç tarapy bolsa Arpaçaý derýasy bilen gurşalypdyr. Beýleki tarapyndan akýan derýa bolsa örän çuň bolup hem-de çalt akypdyr. Şähere diňe hendegiň üstünden geçýän köprüden baryp, derwezeden girip bolupdyr.

1064-nji ýylyň iýul aýynyň 21-nde soltanyň goşunlary galanyň golaýynda toplanypdyr. Şähere ýakyn gelen soltan Alp Arslan çadyryny şäheriň ýakynyndaky ekerançylyk meýdanynda gurdurypdyr. Şäher ilaty özleriniň galasyna hiç bir duşmanyň goşun çekip, gelip bilmejekdiklerine şeýle uly ynamlary bolupdyr. Hatda olar, soltany we esgerlerini täjirlerdir öýdüpdirler. «Täjirleri» ekerançylyk meýdandan kowmak üçin çykan esgerleriň üsti bilen hem olar, uly bir goşunyň öz şäherlerini eýelemäge gelendigini eşidipdirler we örän geň galypdyrlar.

Şol ýerde soltan Alp Arslan esgerlerine ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Ýigitlerim! Batyrlarym! Siziň ýaly gahrymanlara hökümdarlyk edýänligim üçin men çäksiz bagtlydyryn we Allatagala şükür edýärin. Ilki tagta geçenimde ýurduň gözýetmez künjeklerini gaplap alan ynkylap bulutlaryny gylyçlaryňyzdan lowurdap çykýan ýyldyrymlaryňyz bilen dep edip, watanymyzda agzybirligi ýola goýduňyz. Yslam älemi bu gün hem, garşymyzdaky duşmana Allatagalanyň dinini aýan etmegimiz bilen, bu ugurda söweşler alyp barmagymyza garaşýar. Şunlukda, hak iş bolan Watany goramak we dinimizi ýaýmak ýaly iki mukaddes işi berjaý etmek mertebesi bize düşýär.

Görşüňiz ýaly, duşmanymyz köplük, galajary berk hem bolsa, olaryň siziň ýaly gazawat meýdanlarynda bişişen, watan üçin şehit bolmak yşgy bilen ýanyp bişýän pidakär esgerleriň ilkinji zarbasyna döz gelip bilmejekdiklerini bilýärin. Sebäbi siziň öňüňizde watanlaryny däl-de, öz janlaryny halas etmekden başga zadyň pikirini etmeýän birtopar gorka düşen ynsanlar bar...

Ynha siziň Soltanyňyz, Allatagalanyň ady bilen ädimini gazawat meýdanyna atýar. Şu gylyjy tutup duran elim güýçden gaçýança söweşjekdirin...

Watanyny, dinini, soltanyny söýýänler yzym bilen gelsin!...».

Soltanyň bu sözlerinden soňra, gahryman türkmen ýigitleri joşgunly tolgunma we ägirt ruhy galkynyş bilen soltanlarynyň yzyndan, Any galasyna tarap «Ýa, Alla, Alla» diýip, at goýupdyrlar we gazaply söweş edip, Any galasyny eýeläpdirler. Şäher 1064-nji ýylyň awgust aýynyň 16-synda türkmenleriň eline geçipdir.

Soltan Alp Arslan Anyny alanyndan soňra, biraz wagt galada düzgünleşdiriş we dikeldiş işleri bilen meşgullanypdyr. Şäher halkynyň bir bölegi gahryman duşmanlary bolan türkmenleriň dinini musulmançylygy kabul edipdir. Soltan metjitler we medreseler gurduryp, bilim we ylym işlerini ornaşdyrmak üçin alymlara wezipeler beripdir. Bu ýerlere dini ýaýmakda türkmen derwüşleri uly işleri bitiripdirler. Bu ýerlere yslam ylmyny getirenler hem şolar bolupdyr...

Alp Arslan Türkmen, serkerdeleriniň birine şäheri goramak wezipesini tabşyryp, ep-esli adamdan ybarat goşun bölümini hem onuň ýanynda goýup, Any şäherinden aýrylypdyr. Şeýlelikde, Wizantiýa imperiýasynyň gündogarynda ýerleşen möhüm şäherleriň biri soltan Alp Arslan tarapyndan eýelenipdir. Bu habar, Wizantiýa imperiýasynyň paýtagtyna baryp ýetende. örän gynanç döredipdir. Nyzamylmülk Anyda gazanylan ýeňiş barada Bagdada Apbasy halypasynyň adyna habarnama iberipdir. Bagdatda oturan musulmanlaryň sünnilik ýolunyň halypasy bu üstünligi üçin soltan Alp Arslana «Abul Fath» («Ýeňiji») diýen hormatly ünwany beripdir. Gürji patyşasy hem her ýylda salgyt tölemek şerti bilen Alp Arslana tabynlygyny bildiripdir.

Soltan Alp Arslan Anydan soňra Karsa ýönelipdir. Karsyň häkimi Haýik Any ýaly alnyp bolmajak hasap edilýän galanyň eýelenendigini eşidip, öz galasynyň zor güne düşmezliginiň aladasyny edip, Alp Arslany dostlukly garşylapdyr. Ol Alp Arslana, soltana tabynlygy ýürekden kabul edýändigini, salgyt töläp wepaly boljakdygyny we özüniň hökümdarlygyny dowam etdirmek isleýändigini duýdurypdyr. Alp Arslan onuň bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşypdyr, oňa mylakatly, hoşamaý sözleri aýdypdyr. Emma soňra, Karsyň ähdiýalan häkimi sözünde durmandyr.

Şeýlelikde, soltan Alp Arslanyň 1064-nji ýylda Kawkaz topraklaryna eden ýörişi üstünlikli tamamlanypdyr. Gürjüstan we Ermenistan durşy bilen seljuk türkmenleriniň eline geçipdir. Wizantiýalylaryň ummasyz kän galalary ele geçirilip, içine türkmen ilaty, esgerleri ýerleşdirilipdir.

Soltan Kawkaz ýörişinden yzyna dolananynda Yspyhan, Kerman ýaly şäherlere degip geçip, ol ýerlerde hökümdarlyk işlerini tertibe salypdyr.