17.11.2018
Aktau Sammiti Hazar sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir

12.08.2018 10:08 / Habarlar /
99

12-nji awgustda Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniiň Gününi belleýärler. Bu sene tebigaty goramak we ykdysady, ýük we ýolagçy daşamak ýaly işlerш baglaşdyrýan bäş ýurduň ilatyny birleşdirýär. Senäniň bellenilmegi BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň işläp taýýarlan Hazaryň вeňiz gurşawyny goramak boýunça Сarçuwaly konwensiýasynyň güýje girmegine (2006-njy ýyl) gabatlandy, ony 2003-nji ýylda Tähranda Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan kabul edipdiler. Ol deňizde iş alyp barmagy “meýletin ýerine ýetirmek” düzgüninden hukuk giňişligine geçirmegi düzgünleşdiren ilkinji resminamady, şonuň netijesinde Hazar sebitinde özara hereket hil taýdan täze derejä çykdy. Deňziň biologiýa serişdelerini saklap galmak, dikeltmek we olardan rejeli peýdalanmak konwensiýanyň maksadydyr. 

Şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji Sammiti geçiriler. Duşuşygyň barşynda Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar. 20-nji iýulda Moskwada serhetüsti jähtden Daşky gurşawa täsire baha bermek boýunça teswirnama gol çekildi. Ol Tähran konwensiýasyna kabul edilen dördünji ekologiýa teswirnamasy boldy. Ony Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň ygtyýarly wekilleri bilelikde Konwesiýanyň sekretariaty işläp taýýarlady. 

Aktau Sammitinde Hazaryň ekologiýa we ykdysady meseleleriniň çözülmegine, diýmek onuň kenaryndaky ýurtlaryň abadançylygy bagly bolan köpugurly resminamalary taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler.Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alan döwründen bäri Hazar meselesi boýunça gepleşikleriň geçirilmegine ýardam edip gelendigini we Hazarýaka döwletleriň baştutnlarynyň ilkinji Sammitini geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini, onuň 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilendigini ýatlatmak gerek. 

Biziň ýurdumyz ýokary derejedäki soňky duşuşyklara-da gatnaşyp, daşky gurşawy goramak, gämi gatnawy, balyk tutmaklyk, Hazaryň bioserişdelerinden rejeli peýdalanmak we beýleki meseleler babatda bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň işlenilip taýýarlanylmagyna we ilerledilmegine ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda olardan has möhümlerini agzalyň. 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuwda geçiirlen üçünji Sammitde Türkmenistanyň Prezidenti adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň täsirini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy, şeýle hem biologiik serişdeleri saklap galmak we olardan rejeli peýdalanmak hakynda Ylalalşygy işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy bu resminamalaryň taslamasyny taýýarlady we ylalaşyk işlerine ýardam etdi. Bakuwda howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekildi, ony Hazarýaka döwletleri tassyklady we ol 2014-nji ýylda güýje girdi. 

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda geçirilen dördünji Sammitde türkmen lideri Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagy we hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady forumyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ulag babatda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyň üstünde işlemek başlangyjy bilen çykyş etdi we Hazarda sebit ulag-logistika merkezini döretmek barada teklip aýtdy. Türkmen tarapy şeýle hem Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamy boýunça Ylalaşyga – deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygy we barakonýerçilige garşy göreş boýunça Teswirnamalaryň ikisini işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Gazagystan, öz gezeginde, terrorçylyga garşy göreş ulgamynda hyzmatdaşlygyň we Hazarýaka döwletleriniň içeri işler edaralarynyň guramaçylykly jenaýata garşy göreşde özara hereketi boýunça tewirnamalaryň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirmegi, Eýran neşe serişdeleriniň bikanun getirilmegine garşy göreş boýunça Teswirnamanyň taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi. 

Astrahan Sammitinde ähmiýetli resminamalaryň birnäçesi - adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň täsirini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk, şeýle hem biologiik serişdeleri saklap galmak we olardan rejeli peýdalanmak hakynda, şeýle hem gidrometeorologiýa babatda resminamalar kabul edildi. Türkmen tarapy bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň ählisine gol çekdi we olary tassyklady.

Gözel ORAZDURDYÝEWA,

Tähran konwensiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça milli işgär.