22.04.2018
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş

06.04.2018 11:04 / Habarlar /
14

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly içeri syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 2017-nji ýylyň netijeleri hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu ulgam dünýä ülňüleriniň derejesine çykdy.

Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda ilaty ýatymlaýyn şertlerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edýän býujet we hojalyk hasaplaşygyndaky hassahanalaryň näsag orunlary rejeli ulanylýar. Şäher saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. “Saglyk” Döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň arasynda näsazlygyň görkezijisi peseldi.

Ýurdumyzyň tebigy-klimatiki, läbik bejeriji, balneologik şypahana edaralary netijeli işleýär. Olarda türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly raýatlaryň saglygyny dikeltmek hem-de dynç alşyny guramak üçin ähli şertler döredildi. 2017-nji ýylda ildeşlerimiz we daşary ýurtlular dynç alyp, saglyklaryny berkitdiler.

Hormatly Prezidentimiz dünýäde iň öňdebaryjy gazanylanlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini özgertmegiň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudygyny belläp, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň hasabyna pugtalandyrmak hem-de hojalyk hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça anyk işleri durmuşa geçirýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda abadan durmuşy üpjün etmek, şol sanda her bir çaganyň lukmançylyk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesliň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly açmak, ýaşlaryň bilim almagy hem-de hemmetaraplaýyn terbiýelenilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işler geçirilýär.

Welaýatlardaky we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenaryndaky çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleri muňa ýardam edýär. Olarda saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri tarapyndan tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň dynç alýan döwründe gije-gündizleýin lukmançylyk gözegçiligi amala aşyrylýar. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň lukmançylyk bölümleri zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly üpjün edilip, nobatçylyk guralýar. Dynç alýan çagalaryň arasynda diş, göz, gulak-burun-bokurdak we beýleki keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin degişli lukmanlardan ybarat ýörite topar degişli öňüni alyş barlaglaryny geçirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparyny döretmek hakynda” 2015-nji ýylyň 6-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda döredilen Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň öňűnde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň utgaşdyrmagynda beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde pudagara köpugurly keselleriň öňűni almak we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň 330-sy geçirildi. Telewideniýede 1371 çykyş gurnalyp, olardan 106-sy “Il saglygy — ýurt baýlygy” atly gepleşikden ybarat boldy.

Geçen ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda papilloma wirusyna garşy öňüni alyş sanjym işleri geçirildi. Ýurdumyzda dümew keseline garşy satyn alynýan waksinalaryň mukdary ýyl-ýyldan artdyrylýar, şolaryň ählisi töwekgel toparlaryň arasynda öňüni alyş sanjym işleri geçirmek üçin ulanyldy we häzirki wagtda bu işler dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň çäklerine möwsümleýin keselleriň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, ýerli arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklaryna daşary ýurtlara dürli maksatlar bilen gidip- gelýän raýatlary berk gözegçilige almagy hem-de serhet geçelgelerinde ýerleşýän arassaçylyk-karantin bölümlerinde gözegçilik işleri güýçli depginde alnyp baryldy.

„Duzy ýodlamak we uny demir bilen rençlendirmek hakynda“ we “Ýokumy foliý turşusy we demir bilen rençlendirilen uny öndürmek hakynda» kararlary gyşarnyksyz ýerine ýetirmek maksady bilen yzygiderli pudagara işler alnyp barylýar. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegine gözegçilik işleriniň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde, köpçülikleýin iýmit zäherlenmesi hasaba alynmady.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek, adalatlylyk, deňlik we özara kömek ýörelgesine eýermegi üpjün etmek, ilatymyza edilýän öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyny has-da kämilleşdirmek hem-de «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky», «Derman üpjünçiligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul eden “Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakyndaky” kararyna laýyklykda, raýatlaryň saglygyny goramagy döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýryaýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar hemde döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp tassyklanyldy.

Geçen ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, milli kanunçylygymyza laýyklykda, raýatlaryň zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, girdejileriniň, yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlar üçin bolsa Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgitlemegiň binýatlyk mukdary üç göterim derejesinde bellenildi.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy ýurdumyzyň raýatlaryna we olaryň eklenjindäki 18 ýaşa çenli çagalara bahasyndan 50 göterim möçberinde arzanladylan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri döwlet dermanhanalaryndan almaga, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda 50 göterim möçberinde arzanladylan tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, ätiýaçlandyrylan raýatlar we olaryň eklenjindäki 18 ýaşa çenli çagalar ýylda bir gezek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda 50 göterim möçberinde arzanladylan töleg esasynda saglyklaryny dikeldýärler. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasynyň möçberiniň üç göterim derejesinde bellenilmegi bilen, ätiýaçlandyrylan raýatlarymyzyň sany barha artýar. Olar bellenen lukmançylyk ýeňilliklerinden peýdalanmaga doly hukuklydyr.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, geçen ýylda giň möçberli çäreler, şol sanda bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirildi. Keselleri wagtynda ýüze çykarmak we ilatyň saglyk ýagdaýyny seljermek maksady bilen, ýurdumyzda zähmet çekýän raýatlara saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. Endokrinologiýa we endokrin hirurgiýa, umumy hirurgiýa, plastik we endoskopiki hirurgiýa ugurlary boýunça innowasion anyklaýyş hem-de bejeriş usullary amaly lukmançylyga yzygiderli ornaşdyryldy we bu iş geljekde hem dowam etdiriler. Bagryň dokumalaryna öýjük derejede zeper ýetmegini anyklaýan enjamlaryň işiniň ýola goýulmagy keseli takyk kesgitlemegi kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

2017-nji ýylda ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda az şikesli endoskopiki hirurgiýa operasiýalarynyň 8 müňe golaýy ýerine ýetirildi. Munuň özi näsaglaryň stasionarda bolmagynyň möhletini azaltdy (adaty ýol bilen edilýän operasiýalardan soň, stasionarda bolmagyň möhleti 7 gün), şeýlelikde, näsag orunlarynyň ulanylyşy 50 göterim tygşytlanyldy.

Operasiýalaryň bu usulyny giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Newrologiýa we neýrohirurgiýa, gulak-burun-bokurdak ugurlary boýunça kelle-beýni gan damarlarynyň nogsanlyklaryny irki döwürde anyklamak hem-de angiografiýa barlagyny geçirmek arkaly içki damar hirurgiki bejergileri (endowaskulýar operasiýalary) ýola goýuldy.

Gulak-burun-bokurdak agzalarynyň kesellerini endoskopiki usul arkaly bejeriş usullary, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryny oftalmologiýa tejribesine ornaşdyrmak, dişleriň implantasiýa operasiýalary dowam edýär. Stomatologiýa ulgamynda äň-ýüz böleginde üç derejeli rentgen şekilini surata düşürmek iş tejribesine ornaşdyryldy.

Oftalmologiýa ugry boýunça görüşiň ýitmegine getirýän pes agramly täze doglan bäbekleriň agyr patologiýasy bolan doly ösmedik çagalaryň retinopatiýasynyň hem-de gözüň howply täze döremesiniň (retinoblastomanyň) irki tapgyrynda anyklaýşy, dinamiki gözegçiligi geçirmek we bejerginiň netijeliligini synamak işleri öňdebaryjy tehnologiýalardan ybarat bolan ulgam arkaly ýola goýuldy. Göz keselleriniň hirurgiki bejerilişi az şikesli usullary arkaly awtomatlaşdyrylyp lazer bilen geçirilýär.

Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ugry boýunça çaganyň ösüşine halkara talaplaryna laýyklykda baha bermek usuly amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, ene süýdüni emýän we irki ýaşdaky çagalaryň iýmitlendirilişi boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ýurt derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijisi ýokarlanyp, 92,8 göterime barabar boldy.

Geçen ýylda Türkmenistandaky bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň çaga dogrulýan bölümlerinde bäbeklerde doga kemislikleri anyklamak we olary netijeli bejermek boýunça “Neonatal skrining” barlagy ýola goýuldy. Bu barlaglaryň geçirilmegi netijesinde hünärmenler topary tarapyndan seljerme işleri amala aşyryldy. Çagalarda duş gelýän kerrewlik, süýjüli diabet, gulak-burun-bokurdak, agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak we bejermek boýunça iş meýilnamasy taýýarlanyldy, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Çagalaryň irki ösüş we dikeldiş ulgamynda fiziki we ergoterapiýa ugurlary boýunça ulanylýan täze usullar boýunça daşary ýurtly bilermenler bilen özara tejribe alşyldy. “Türkmenistanda gyzlaryň, göwreli we göwüsden emdirýän eneleriň iýmitlenişi” boýunça gollanma işlenilip taýýarlanyldy.

Onkologiýa ulgamynda zenanlaryň arasynda howply täze döremeleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşigi, ýaşlar guramalary we kärdeşler arkalaşyklary bilen bilelikde zenanlaryň arasynda howply täze döremeleriň öňüni almak we bejermek, bu keselleriň öň ýanyndaky keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak üçin paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda onkolog lukmanlar bilen zenanlaryň arasynda birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary guraldy.

Gaýragoýulmasyz tiz kömek gullugynda ýanyk ýaralary bejermekde antiseptik, aseptik, regeneratiw täsirli derman otlaryndan taýýarlanylan serişdeleri ulanmak ýola goýuldy. Uzak wagtlap bitmeýän ýanyk ýaralarynda regenerasiýany we epitelizasiýany gowulandyrmak üçin Berzeňňi mineral bejeriş suwuny ulanmak amaly lukmançylyga ornaşdyryldy.

“Tiz kömek” çagyryş gullugy boýunça ilata telefon arkaly maslahat bermek üçin tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy ýola goýuldy. Kardiologiýa, newrologiýa, reanimasiýa, pediatriýa, psihiatriýa, hirurgiýa-trawmatologiýa ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen çagyryş toparlar doly derejede hereket edýär.

Çanaklyk-but we dyz bogunlarynyň endoprotezirleme operasiýalary diňe bir Şikesleri bejeriş halkara merkezinde däl-de, eýsem, welaýat köpugurly hassahanalaryň trawmatologiýa bölümlerinde hem geçirilip başlady, şeýle hem bu ulgamda artoskopiýa, dyz bognunyň haç görnüşli baglaýjysynyň zeperlenmesinde az inwaziw, açyk görnüşli dikeltmek usuly, süňk osteomiýelilerinde netijeli antibakterial derman serişdesi bilen bejergi ýola goýuldy.

Kardiohirurgiýa ugry boýunça dünýä talaplaryna gabat gelýän çylşyrymly operasiýalaryň birnäçesi ýerine ýetirilýär, aorto-koronar şuntirleme operasiýasy we ýüregiň damarlaryna stent goýmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär.

Geçen ýylda Halkara okuw-ylmy merkezinde ýokary derejeli işgärleri gaýtadan taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklaryna gatnaşyjylaryň hasaba alyş registri döredildi we doly maglumatlar girizildi. Ylmy-kliniki synag barlaghanasynda Germaniýanyň professorlary hirurg-lukmanlaryň, hünärmenleriň we ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ylmy-kliniki merkezleriň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çylşyrymly laparoskopik synag operasiýalaryny geçirdi.

Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw barlaghana bölümini halkara derejesine laýyk gelýändigine subut ediji akkreditasiýa meselesi boýunça iş dowam edýär. Ylmy-anyklaýyş we usulyýet bölüminde işler netijeli alnyp baryldy; Molekulýar-genetika ugry boýunça sport bilen bagly, ýagny “Ussat türgenleri saýlamakda lukmançylyk, pedagogik we genetiki toplumlaýyn barlaglarynyň ähmiýeti” atly ylmy-barlag işi alyp barmak üçin doly derejede taýýarlyk işleri geçirildi.

Merkezde häzirki zaman tehnologiýa suwuklandyrylan sitologiýa barlagyny ýerine ýetirilýän, dünýä ülňülerine laýyklykda zenanlarda howply täze döremeleriň irki döwründe ýüze çykarylmagy we olaryň öňüniň alynmagy üçin ulanylýan iň takyk sitologiki barlag enjamynyň işi; täze nesil sekwenirleme usuly bilen DNK molekulalarynyň birnäçe milliard sanynyň bir wagtyň içinde okalmagyny, sekwenirleme usuly bilen anyklanmagyny ýerine ýetirýän, nesil yzarlaýan keselleriň, howply täze döremeleriň, autizm keseliniň, reproduktiw saglygynyň dürli meselelerini we ýokanç keselleri takyk anyklamaga ýardam berýän enjamynyň işi; lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça saglygy goraýyş işgärleriniň simulýasiýa okuw-türgenleşik sapaklaryny geçmekleri üçin niýetlenen, häzirki zaman tehnologiýa boýunça adamyň eksperimental fiziologik reaksiýalaryna meňzedip, gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň has-da takyk bolmagyna ýardam berýän, adamyň ähli görkezijilerine gözegçilik edip, okyjylaryň hünärini kämilleşdirmek üçin mümkinçilik berýän Robot-simulýatorlaryň işi; bir wagtyň özünde 700-den gowrak allergenleriň döredýän allergiki hadysalaryny we autoimmun keselleriniň barlaglaryny molekulýar esaslarda we has takyk anyklamaga mümkinçilik berýän enjamyň işi ýola goýuldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda Halkara merkezinde Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde zehinli türgenleri ýüze çykarmaga degişli molekulýar-genetika ylmy-barlaglary geçirildi. Halkara okuw-ylmy merkeziniň “sütün öýjükleri” barlaghanasynda ilkinji gezek täze barlaglar amala aşyryldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň maddy-subutnamalar bölüminde täze genetiki-molekulýar barlaghanasy döredildi, genom identifikasiýasy, DNK barlagyny geçirmek doly ýola goýuldy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmegiň milli nusgasy döredildi, habarlar merkeziniň utgaşdyrmagynda ilatyň arasynda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ähli Saglyk öýlerinde “Saglyk mekdepleri” hereket edýär, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek üçin algoritmler işlenilip taýýarlanyldy.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartizasiýalaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy resminamalar işlenilip taýýarlanyldy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş-anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek üçin hassahanalaryň derejelerine laýyklykda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýeke-täk sanawy saglygy goraýyş edaralarynyň düzüm birlikleriniň birmeňzeş atlandyrylyşy boýunça resminamalar işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.Ýurdumyzyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň tejribeli hünärmenleriniň gatnaşmagynda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirkizaman kliniki beýanlary işlenilip taýýarlanyldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bejeriş-anyklaýyş işleriniň innowasiýa häsiýetli lukmançylyk tehnologiýalary esasynda işjeň kompýuterleşdirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde esasy orny eýeleýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işine elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň girizilmegi bilen ýurdumyzyň ähli bejeriş-öňüni alyş edaralary öz aralarynda optiki süýümli aragatnaşygy arkaly birleşdiler.

Munuň özi lukmançylyk edaralarynyň we olaryň bölümleriniň gatnaşyklaryny awtomatlaşdyrmaga täze mümkinçilikleri döretdi, lukmançylyk maglumatlarynyň bitewi binýadyny döretdi, ähli lukmançylyk maglumatlaryna dessin elýeterliligi üpjün etdi. Bu maksatnama uzak aralykdan maslahatlary bermäge, hasaba alyş, gözegçilik we saglygy goraýyş edaranyň işini seljermäge, lukmançylyk edaralarynyň işini hasaba almaga hem-de oňa gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde gyssagly ýagdaýlarda çalt seslenmek we dolandyrmak üçin modem aragatnaşygy ulgamy ulanylýar. “Tiz kömek” gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen çagyryşlar, bejeriş-öňüni alyş edaralarda adatdan daşary ýagdaýlar, ýurt boýunça sanitar ýagdaýy, sanitar awiasiýa ugrundan lukmanlar tarapyndan ýerine ýetirilen tabşyryklar barada gündelik maglumatlar dolanyşygy amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümlerinde telelukmançylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin giň zolakly aragatnaşyk ulgamy döredildi.

Biziň ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň hünärmenleriniň arasynda lukmançylyk ulgamynda maglumatlary alyşmak üçin göni wideomaslahat usuly üstünlikli peýdalanylýar. 2017-nji ýylda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen Halkara okuw-ylmy merkeziniň we beýleki bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň arasynda teleköpri arkaly ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, seminarlar geçirildi.

Geçen ýylyň 21-nji iýulynda milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak hem-de bu ugurda özara pikir alyşmak, lukmançylyk ylmyndaky täze tehnologiýalary we ylmy taslamalary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak, ýerli çig maldan öndürilýän derman hem-de beýleki möhüm saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ýerlemegiň täze bazarlaryny döretmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak maksady bilen, dünýä döwletleriniň saglygy goraýyş we ylmy-barlag edaralarynyň, lukmançylyk enjamlaryny, derman hem-de beýleki saglygy goraýyş serişdeleri öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda “Saglyk — 2017” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Halkara sergä derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de lukmançylyk enjamlaryny öndürýän 40-dan gowrak daşary ýurtlaryň 245-den gowrak kompaniýalarynyň 305 wekilleri hem-de halkara ylmy maslahata dünýäniň 12 döwletinden 44 alymlar we professorlar gatnaşdy.

7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň geçirildi. Ondan bir gün ozal bolsa Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde halkara guramalarynyň gatnaşmagy bilen “Aziada — 2017: Türgenleriň iýmitlenmegi, beden işjeňligi — sagdyn durmuş kadalarynyň goldawydyr” atly milli maslahat geçirildi.

Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we ornaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halkara we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni mynasybetli maý aýynyň dowamynda çilimkeşlige garşy biraýlyk çäreler toplumy geçirildi. “Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeler hem yzygiderli çözülýär.

Bu maksatnamanyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 1 — 31-nji maýy aralygynda paýtagtymyzda we welaýatlarda temmäkä garşy surat, aýdym-saz, goşgy bäsleşikleri, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda temmäkiniň adam saglygyna zyýany barada wagyz-nesihat duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, kärhanalaryň arasynda “Temmäki tüssesinden azat” atly bäsleşik geçirildi we bäsleşigiň ýeňijileri höweslendirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan “Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerini amala aşyrmak — Ýewropa sebitini temmäki tüssesinden azat etmek” atly taslama maliýeleşdirildi.

Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2015 — 2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamany ýerine ýetirmegiň meýilnamasynda bellenilen wezipelere laýyklykda işlenilip taýýarlanan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 2017-nji ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda çäreler guraldy, ol tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen wagyz-maslahat işlerini öz içine aldy. Ýol-ulag hadysasyna duçar bolanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek barada sowatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen gazet-žurnallarda degişli makalalar çap edildi. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilat arasynda, sürüjileriň hem-de ýol hereketine gatnaşyjylaryň arasynda bir aýlyk çäreleriň maksady we onuň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Ýol-ulag hadysasynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wideorolikler taýýarlanyp, teleýaýlymlarda görkezildi. “Il saglygy — ýurt baýlygy” telegepleşiginde ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly lukmanlaryň çykyşlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler guraldy. Şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde “Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda” 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwrüne gabat geldi. Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) talaplaryna laýyklykda ýerli we daşary ýurtly hünärmenler bilen lukmançylyk hyzmatlary doly üpjün edildi. Şol döwürde Saglygy dikeldiş merkezi gije-gündiz türgenleriň hyzmatynda boldy. Bu merkezde daşary ýurtly türgenler we ýerli türgenlerimiz lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalandy.

Sport desgalarynda türgenler we tomaşaçylar üçin gurnalan lukmançylyk merkezlerine türgenler bilen bir hatarda, tomaşaçylar hem ýüz tutdular. Olara lukmançylyk görkezmeleri boýunça ilkinji kömek, lkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi, tiz saglygy goraýyş kömegi, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi we zerur bolan ýagdaýlarda referens hassahanalarynda ýatymlaýyn bejergi berildi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň döwründe ilatyň arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek taýdan abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýerlerde ýokanç kesellerine epidemiologik gözegçiligi güýçlendirilip, ýokanç keselleriň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak we öz wagtynda ýüze çykarmak boýunça degişli çäreler hem-de öňüni alyş işleri geçirildi. Netijede, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen döwründe ilatyň we myhmanlaryň arasynda kesellemek ýagdaýy ýüze çykmady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän üns- goldawy netijesinde 2017-nji ýylda saglygy goraýyş ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürildi. Pudak derejesinde daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda 15-den gowrak ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalara laýyklykda, özara tejribe alyşmak, saglygy goraýyş işgärleriniň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, bilelikdäki forumlary, seminarlary, konferensiýalary geçirmek, ikitaraplaýyn halkara sergilere hem-de ylmy maslahatlara gatnaşmak, lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri import hem-de eksport etmek, saglyk maksatly desgalary gurmak we enjamlaşdyrmak arkaly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak ýola goýulýar. Oktýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş babatda özara hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga gol çekilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, ýagny Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek, temmäkä garşy göreşmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, sagdyn iýmitlenmek, saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we olary saglygy goraýyş taýdan üpjün etmek, Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ylmy-amaly maslahatlary, okuw sapaklary geçirmek, saglygy goraýşyň wajyp meseleleri boýunça “tegelek stolyň” başyndaky duşuşyklary guramak we beýleki çäreler arkaly amala aşyryldy.

Hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem dowam etdirildi, ylym, bilim we okuw işleri täze ösüşe eýe boldy. 2016 —2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini jemi 323 talyp, şol sanda ilkinji gezek sport lukmançylygy fakultetini ýokary derejeli ýaş hünärmeniň 20-si üstünlikli tamamlady.

Saglygy goraýyşda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, ikitaraplaýyn hökümetara ylalaşyklaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň 30-a golaýynda geçirilen dürli maslahatlara, konferensiýalara, okuw-seminarlara, duşuşyklara iş saparynyň 58-si guralyp, hünärmenleriň 145-si sapara ugradyldy. Geçen ýylyň dowamynda tejribe alyşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyndan professorlaryň we görnükli lukmanlaryň 90-a golaýy, şol sanda hünärmenleriň 30-dan gowragy SES (Senior Experten Service — Uly bilermenler gullugy) guramasyndan ýurdumyza geldi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň germaniýaly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň bir görnüşine öwrüldi.

Fizioterapewt hünärmenleri taýýarlaýan ýörite orta okuw mekdebini döretmek meselelerini öwrenmek üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň wekillerinden, tejribeli hünärmenlerden, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlaryndan ybarat bilelikdäki pudagara iş topary döredildi. Toparyň üç mejlisi geçirilip, degişli teklipler taýýarlanyldy.

Şeýle hem 2017-nji ýylda Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde ulanmagyň we olara serenjam bermegiň aýratynlyklary boýunça bu kompaniýanyň inženerleriniň gatnaşmagynda amaly maslahat geçirildi. Häzirki döwürde keselleri anyklamakda we bejermekde täze innowasion tehnologiýalaryň amaly lukmançylyga ornaşdyrylmagyna ýardam berýän hem-de biologiýa, lukmançylyk, biofizika, himiýa we matematika ýaly bilimleriň esaslaryny öz içine alýan, lukmançylyk enjamlaryna hyzmat etmek biolukmançylyk inženerçiligini öwrenmek boýunça ýörite topar döredilip, dünýä tejribesi öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça ýörite lukmanlaryň toparlaryny döretmek karar edildi.

Dünýä lukmançylygyň iň täze gazananlaryny öwrenmek we seljermek, keselleri anyklamagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny, ylmy açyşlaryň netijelerini ornaşdyrmak, tejribe alşylmagyny utgaşdyrmaga we guramaga ýardam bermek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we beýlekiler bu toparlaryň wezipeleridir. Bu toparlaryň işine Aşgabat şäher hem-de welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň garamagyndaky edaralardan, Merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralaryndan hünärmenler we ýolbaşçylar gatnaşarlar.

Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugry boýunça ylmy – amaly maslahat we okuw sapaklary geçirildi hem-de akuşerçilik, pes agramda dogulan bäbeklere gözegçilik etmek boýunça tejribe alşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalary hem-de abraýly sebit düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şu hyzmatdaşlygyň çäklerinde süýjüli diabetiň öňüni almak boýunça bejeriş-öňüni alyş çärelerini guramak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Enelere we çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy netijesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek düzgünlerini üstünlikli ornaşdyrylan bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ählisi diýen ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanan “Çagalara mähirli garaýyş hassahanasy” diýen ýokary derejä eýe boldy.

Enelere we çagalara berilýän lukmançylyk hyzmatlary has-da kämilleşdirildi. Bu ugurlarda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda kabul edilen maksatnamalar Türkmenistanyň amaly lukmançylygyna giňden ornaşdyryldy we häzirki döwürde bu ugurda 20-den gowrak meýilnamalar we maksatnamalar üstünlikli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň lukmançylyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagyna, onuň innowasiýa ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli işler alnyp barylýar.

Geçen ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ýurdumyzyň döwlet dermanhanalarynda giň täsirli antibiotik derman serişdelerini lukmanyň dermannamasy esasynda goýbermek ýola goýuldy. Munuň özi bolsa, keselleriň dermanlara durnukly görnüşleriniň azalmagyna, raýatlarymyza diňe lukmanyň maslahaty we dermannamasy esasynda derman serişdelerini dogry we ýerlikli ulanmaga doly mümkinçilik döreder.

Lukmançylyk senagatynyň önümçilik kärhanalarynda ýerli çig mallardan derman we saglygy goraýyş hajatly serişdeleri öndürmek ugrunda degişli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik ylmy işi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny we “Çaý —melhem hem ylham” atly eserini goldanyp, dermanlyk otlaryň, olardan taýýarlanýan toplumlaryň we çaýlaryň 50-den gowrak görnüşi iş tejribesine ornaşdyryldy. Ýurdumyza getirilýän derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň hiline gözegçiligi ýokarlandyrmak, olaryň sanyny Türkmenistanda öndürilen derman serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azaltmak meseleleri maksatnama laýyklykda yzygiderli amala aşyrylýar.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň zawodlarynyň önümleriniň jemi 7 million manatdan gowragy daşary ýurtlara iberildi.

Pudagara utgaşdyryjy topara “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli toplumlaýyn işlerde uly orun degişlidir, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanalaryň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem toparyň düzümine girýän beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu toparyň mejlisleri geçirilýär.

Şeýle köptaraplaýyn ýakyn hyzmatdaşlyk netijesinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda, “Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň 2015 — 2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013 — 2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde uly netijeler gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda çärelere aýratyn ähmiýet berýär. Şol keseller bilen bagly töwekgelçilik ýagdaýlarynyň öňüni almaga tagallalaryň gönükdirilmegi olary azaltmagyň möhüm usullarynyň biridir. Bu, ilkinji nobatda, temmäkiniň sarp edilmegine garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmegi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, keselleri irki döwürde ýüze çykarmak hem-de öz wagtynda bejermek bolup durýar.

2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi we Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, Mary welaýatynyň Mary şäherinde Iç keseller hassahanasy, paýtagtymyzyň “Parahat 7” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynda, Nebitçileriň şäherçesinde — Ankara köçesiniň ugrunda häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze gurlan üç sany döwrebap Saglyk öýleri, Aşgabatda 300 orunlyk Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi açyldy.

Türkmenistandaky saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalary serişdeleriň we usullaryň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlaryna eýe bolan lukmançylyk hyzmatynyň häzirki zaman nusgasyny emele getirmäge ýardam berer.

Bu babatda lukmançylyk-sanitar kömeginiň ilkinji basgançagynyň edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bellärliklidir, sebäbi şäher we oba ambulatoriýa gulluklary derejesinde türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi okgunly ösüşe hem-de köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Milli maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk oba Saglyk öýi, Duşak şäherçesinde Keselleriň öňűni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy, Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş, Tejen etrabynyň Zähmet we Babadaýhan, Sarahs etrabynyň Garaman oba Saglyk öýleri guruldy, Balkanabat şäherinde 1-nji Saglyk öýi ulanylmaga berildi.

Döwrebap we kämil bejeriş, anyklaýyş, okuw we önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezler ilatymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýarlar. Häzirki döwürde Mary welaýatynyň Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäherinde 200 orunlyk “Awaza” şypahanasynyň, şeýle hem oba Milli maksatnamasyna laýyklykda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýat köpugurly hassahananyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, Mary we Daşoguz welaýat köpugurly hassahanalarynyň durky täzelenilýär. Mundan başga-da, Balkan welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde ýerleşýän Gaýnarbaba tebigy çeşmesiniň çäklerinde döwrebap şypahanalary gurmak, Aşgabat şäherinde Ýanyk şikesleri bejeriş Halkara merkezini gurmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, 2017-nji ýyl milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň tutuş saglygy goraýyş ulgamyny maksadalaýyk hem-de yzygiderli ösdürmegiň, bu ulgamda halkara gatnaşyklary giňeltmegiň, türkmen hünärmenleriniň özleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, Garaşsyz Watanymyzyň derman senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň şöhratly senenamasyny dowam etdirdi.