22.06.2018

Harby sport


Taryhy ýörişiň ýollary bilen
14.06.2018

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, 1990-njy ýylda Magtymguly – Aşgabat – Magtymguly ugry boýunça geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň we gurnaýjylaryň hatarynda bolan Sapargül Mämmedowa hem-de onuň ýanýoldaşy Serdar Annaorazow bilen gürrüňdeşligimiz turuwbaşdan 1938-nji ýylda, edil şu ugur boýunça geçirilen welosipedli ýörişe syrykdy. Sapargül gelneje elindäki galyň albomda ýerleşdirilen, şol ýyllaryň welosip... Dowamyny oka


Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda
04.06.2018

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi netijesinde dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ýurdumyzyň tejribesine we türkmen Lideriniň şunda eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere... Dowamyny oka


Hormatly Prezidentimiz “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy
14.05.2018

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi. Ýaryşlaryň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatna... Dowamyny oka


Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
28.04.2018

Bangkokda (Tailand) tamamlanan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionatynda Saparmyrat Ödäýew 64 kilograma çenli agramlyk derejede ikinji orna mynasyp boldy. Tälimçiler Serdar Hajyýewiň we Aşyrmämmet Satlykgulyýewiň şägirdi finala çenli üç duşuşyk geçirdi. 1/8 finalda biziň türgenimiz laosly boksçy bilen duşuşdy we yzygiderli hüjüm edip, garşydaşyndan üstün çykdy. Eýranly boksçy bilen bolan duşuşykda üç tapgyry... Dowamyny oka


Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary 13 medal gazandy
28.04.2018

Özbegistanyň Ürgenç şäherinde dowam edýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular. Bunýat Raşidow silkip götermekde 62 kilogram agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. 69 kilograma çenli agram derejesinde toparymyzyň birbada iki türgeni hormat münberine çykdy. Şatlyk Şöhradow silkip götermekde üçünji ýere,... Dowamyny oka


Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary
28.04.2018

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen zonal Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary nobatdaky altyn medala mynasyp boldy. Türkmenistanlylar finalda ýer eýeleri bilen duşuşdylar. Oýnuň birinji döwri biziň toparymyz üçin şowly bolmady. Emma türkmen topary tutanýerli göreşde ilki oýnuň gidişini deňlediler, soňra bolsa bäsdeşleri - Bangladeşiň türgenlerinden... Dowamyny oka


Türkmenistana minnetdar! 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni
26.04.2018

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len in­di 200 ýyl bä­ri ula­nyl­ýan hem-de ýö­ne­keý, el­ýe­ter­li, yg­ty­bar­ly, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag gör­nü­şi bo­lan we­lo­si­pe­diň adam­zat dur­mu­şyn­da­ky or­ny uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy esa­syn­da BMG-niň çäk­le­rin­de tä­ze baý­ram­çy­lyk dö­re­di. Ol hem adam sag­ly­gy­na peý­da­ly bo­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­p... Dowamyny oka


Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar
25.04.2018

Ürgenç şäherinde (Özbegistan) badalga alan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda şu ýyl Argentinada geçiriljek III Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşilýär. 50 kilograma çenli agram derejesinde Lebap welaýatyndan türgen Ali Babamyradow kümüş medala mynasyp boldy. Ol silkip we itekläp götermekde ikinji netije görkezdi, şeýle hem iki maşkyň jemleri boýunça ikinji orny eýeläp, Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin kümüş medallaryň üçüsini gazandy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň tal... Dowamyny oka


Türkmenistan Halkara harby sport geňeşiniň agzasy boldy
25.04.2018

2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan Respublikasynda Halkara harby sport geňeşiniň 73-nji Baş assambleýasy we Kongresi geçirildi. Bu dünýä ähmiýetli çärede Türkmenistanyň HHSG-niň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli resmi dabara boldy. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Şeýlelikde, Türkmenistan «Sport üsti dostluk» şygary astynda hereket edip, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugta... Dowamyny oka


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli olimpiýa komitetiniň baştutanlygyna gaýtadan saýlanyldy
23.04.2018

Aşgabatda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň (MOK) Baş Assambleýasynyň mejlisi boldy. Onuň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda soňky ýyllarda ýerine ýetirilen işler barada hasabat, olimpiýa hereketini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary hem-de MOK-nyň prezidentini we Ýerine ýetiriji komitetiň agzalaryny saýlamak meseleleri girizildi. Milli olimpiýa komitetiniň 2016 — 2017-nji ýyllardaky ýerine ýetiren işleri baradaky synda 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçen Ýapyk binalarda we söweş sungat... Dowamyny oka


Bütindünýä welosiped güni
14.04.2018

Birleşen Milletler Guramasy A/72/L.43 Baş AssambleýaÝetmiş ikinji sessiýaGün tertibiniň 11-nji bölümi Sport parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine:sport we olimpiýa hereketleri arkaly dünýäde parahatçylygy tassyk etmek we has bagtyýar durmuşy esaslandyrmak Baş Assambleýa, 2005-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda 60/1 belgili we 2010-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda 65/1 belgili Kararnamalarda Müňýyllygyň Jarnamalarynda beýan edilen ösü... Dowamyny oka


Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly
10.04.2018

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy. “K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy. “Lou kik” ugry boýunça Gülzada Jorakulyýewa (70 kilograma çenli) ikinji orna... Dowamyny oka


Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-nyň final bölegine çykdy
29.03.2018

Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi. Bahreýniň ýygyndy topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşyk aýgytlaýjy häsiýete eýe bolmandy. Toparlaryň her biriniň on utugy bolup, ýeňiji “E” toparyň jemleýji görkezijisinde özüniň öňdäki ornuny üpjün... Dowamyny oka


Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular
26.03.2018

Moskwa şäherinde başa-baş tutluşygyň şu görnüşini esaslandyran A.Harlampiýewiň ýadyäдrligine bagyşlanylyp geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary jemi on medala mynasyp boldy, olaryň üçüsi ýaryşyň birinji gününde gazanyldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Nowruz Ataýew söweş sambosy boýunça (57 kilograma çenli agram derejede) kümüş medala myna... Dowamyny oka


Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi
26.03.2018

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminam... Dowamyny oka


AFK-nyň Kubogynyň “D” toparynyň ikinji oýunlary tamamlandy
15.03.2018

Şu gün Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň çäklerinde Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol kluby bilen Täjigistanyň “Istiklol” topary duşuşdy. “D” toparyň öňdebaryjylarynyň ýaryşy Balkanabadyň stadionyna futbol janköýerleriniň köp sanlysyny ýygnady. “Altyn Asyryň” birnäçe hüjümlerine garamazdan, oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady. Bäsleşigiň 50-nji minutynda “Istiklolyň” hüjümçisi biziň goragçylarymyzyň ýalňyşyndan peýdalanyp, hasaby açdy. Şondan 9 minut geçenden soň ýaryşyň emini “Altyn Asyryň” derwezesine jeri... Dowamyny oka


Marokkodaky turnirde dzýudoçylaryň ýene bir medaly
13.03.2018

Marokko Patyşalygynyň Agadir şäherinde geçirilýän dzýu-do boýunça “Agadir Grand Prix” abraýly turnirinde watandaşymyz Batyr Hojamuhammedow bürünç medal eýeledi. Deslapky tapgyrda B.Hojamuhammedow ussatlyk görkezip, ýaryşyň 18-nji sekundynda möhletinden öň ukrain türgeninden üstün çykdy. Ol çärýek finalda turniriň geljekki ýeňijisi russiýaly Kirill Denisowdan ýeňlendigine garamazdan, hormat münberine çykmagy başardy. Türkmen... Dowamyny oka


Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­nyn­da üs­tün­lik ga­zan­dy
02.03.2018

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­ny­nyň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Çem­pio­na­tyň äh­li oýun­la­ry Sa­ra­ýe­wo­nyň (Bos­ni­ýa we Ger­so­go­wi­na) “Dzet­ra” buz­ly meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­di. Bi­ziň ýy­gyn­dy­myz we ýer eýe­le­ri soň­ky oý­na iň go­wy gör­ke­zi­ji­ler bi­len gel­di­ler – ola­ryň her bi­ri BAE-niň we Ka­ta­ryň to­par­la­ryn­... Dowamyny oka


Aşgabatda Halkara talyp sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
27.02.2018

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada resmi sapar bilen gelen Halkara talyp sporty federasiýasynyň (FISU) prezidenti Oleg Matysinyň ýolbaşçylygyndaky bu guramanyň wekilýeti bilen duşuşyk boldy. Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda talyp sporty ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurdumyzyň degişli sport gurluşlarynyň FISU bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmalydygy barada pikir aýtdylar. DIM-niň wekilleri bu meselede ýardam etmäge taýýardyklaryn... Dowamyny oka


Anahaýmda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ilkinji medal
02.12.2017

Anahaýmda (ABŞ) geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji medallaryny gazandy. Zenanlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde watandaş gyzymyz, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa üç medal – umumy agram boýunça kümüş medalyny hem-de ştangany çekip we itip galdyrmakda iki sany bürünç medalyny gazanmagy başardy. Däp bolşy ýaly, türgenleriň ara... Dowamyny oka


Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň okuwçysy – abraýly halkara ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi
12.11.2017

Moskwada geçirilen Küşt federasiýasy asossasiýasynyň kubogy Mihail Botwinnik adyndaky ýaryşda GDA ýurtlarynyň 14 ýaşa çenli ýaşlarynyň arasynda geçirilen güýçli küştçüleriň bäsleşiginde ildeşimiz Azat Nurmämmedow kümüş baýragyna mynasyp boldy, ol ilkinjiligi eýelän moldowiýaly Iwan Skiskodan bary-ýogry ýarym bal yzda galdy. FIDE-niň küşt ussady, Aşgabadyň küşt-şaşka mekdebiniň okuwçysy Azat Nurmämmedow – Aziýa-2016-da 13 ýaşa... Dowamyny oka


Guşakly göreşde üçünji altyn medal
22.09.2017

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän guşakly göreş boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň hasabyna ýene iki altyn medal goşuldy. Alyş göreşi boýunça 80 kilogram agram derejesinde çykyş eden harby türgen Garmämmet Şamämmedow we 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde tutluşan harby türgen Wepa Orazmyradow finalda özleriniň täjigistanly... Dowamyny oka


Taryhy duşuşyk
19.09.2017

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda hokkeý sportunyň dünýä belli ussady Wladislaw Aleksandrowiç Tretýak hem-de figurlaýyn typmak sportunyň tanymal halypasy Irina Rodnina Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Watançy” hokkeý kluby bilen duşuşdylar. Häzirki wagtda uly meşhurlyga eýe bolýan bu syýasy işgärler ýaş harby türgenlere özleriniň sport durmuşynyň başlangyjy barada... Dowamyny oka