17.11.2018

Harby sport


Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
09.11.2018

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, oňa Ýer ýüzüniň iň güýçli türgenlerini paýtagtymyzda jemlän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de beren ünsi üçin milli Liderimize... Dowamyny oka


2018-nji ýylyň dünýä birinjiliginiň täze baýrak eýeleri
09.11.2018

Düýn Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy. Ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa B toparçada itekläp götermek görnüşinde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny we birbada götermekde dördünji orny eýeledi. Toparçada öňdäki orna mynasyp bolan Rauşan Meşithan... Dowamyny oka


Dünýä çempionaty - 2018: Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bäsdeşlerinden öňe saýlanýar
08.11.2018

Paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar dowam edýär. Erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramlyk derejedäki bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi öňe saýlandy. Ol Rio-de Žaneýronyň çempiony, 2017-nji ýylda dünýäniň çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ý... Dowamyny oka


Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi
07.11.2018

Düýn Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçirildi. “B” toparda çykyş edýän biziň türgenimiz Gülnabat Kadyrowa birden götermekde ikinji orny eýeläp, öňdäki orna mynasyp bolan bäsdeşinden bary-ýogy bir kilogram yza galdy. Itekläp götermekde ol ýedinji orny, umumylykda bolsa, öz toparynda üçünji orny eýelemek bilen, iň güýçli on türgeniň hataryna girdi. “A”... Dowamyny oka


Dünýä çempionaty — 2018 täze rekordlar bilen begendirmegini dowam etdirýär
06.11.2018

Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi. Ildeşimiz birden götermekde ilki 160 kilogramy ýokaryk galdyrmaga meýil bildirip, bu işiň hötdesinden ynamly geldi. Emma türkmen türgeni ikinji synanyşykda 166 kilogramlyk şta... Dowamyny oka


Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
05.11.2018

Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi. Kýokuşinkaý — karate görnüşinde kumite (sparring) boýunça ýaryşlarda weteranlar toparynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgäri Seýran Potaro... Dowamyny oka


Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda dünýä rekordlary goýuldy
05.11.2018

Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi. Eminler toparynyň çözgüdi esasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa onuň hakykatdan-da mynasyp bolan iki kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netijesi üçin ýaşlaryň arasynda goýan iki rekordy hasa... Dowamyny oka


Belarusiýa bilen Koreýa Respublikasy ilkinji medallaryny gazandy
05.11.2018

Dünýä çempionatynyň 4-nji günündäki medallar ugrundaky bäsleşikleri 73 kg agramda çykyş edýän erkekler jemlediler.   Birbada götermekde hytaýly türgen Shi Zhiyong 164 kg göterip, altyn medal gazandy. Ol şol sanda birbada götermek boýunça ulularyň arasyndaky rekordy-da täzeledi. Belarusly türgen Likharad Vadzim 156 kg agramy galdyryp, kümüş medala mynasyp boldy. 155 kg götermegi başaran hytaýly Feng Lyudong bürünç medal aldy.... Dowamyny oka


Aziýaly türgenler baýrakly orunlary eýelemeklerini dowam etdirýärler
04.11.2018

Dünýä çempionatynyň 4-nji gününde 67 kilograma çenli agramda erkekleriň arasyndaky bäsleşikler tamamlandy. Birbada götermekde hytaýly türgen Huang Minhao 152 kg göterip, altyn medalyň eýesi boldy. Hytaýly türgen Chen Lijun 150 kg göterip kümüş medal gazandy. Bürünç medalyň eýesi bolsa, 147 kg göteren wenesuelaly türgen Mayora Pernia Lulio Ruben boldy.  Itekläp götermekde 182 kg göteren hytaýly türgen Chen Lijun altyn medalyň... Dowamyny oka


Zenanlaryň arasynda 49 kg-da medallar gowşuryldy
03.11.2018

Aşgabatda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde medallaryň eýeleri belli boldy. 11 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen A toparyň ýaryşlary netijeleriň dürli-dürlüligi bilen tapawutlandy. Rekordlaryň yzly-yzyna täzelenmegi bolsa ýaryşyň gyzygyny has-da artdyrdy. Şeýlelikde, ulularyň arasynda-da, ýaşlaryň arasynda hem görnüşleriň ählisi boýunça dünýä rekordlary täze... Dowamyny oka