25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýurdumyzyň ilkinji hususy mikrobiologik barlaghanasy açyldy
Ýurdumyzyň ilkinji hususy mikrobiologik barlaghanasy açyldy
15.03.2019 25 Habarlar

14-nji martda TSTB-de ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy. Onda iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ölçegler boýunça ygtyýarlylandyrmak üçin bu önümleriň garaşsyz seljermesi geçiriler. Dabara Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde her ýylda on bir ugur boýunça ýag, süýt, et, balyk, çörek, miwe, gök-bakja, süýji-köke we beýleki önümleriň bir ýarym million barlaglaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Barlaghananyň hünärmenleri tarapyndan synag barlagyndan geçirilen önümleri seçip almak, şolary halkara talaplara laýyklykda, bellenen ýere ýetirmek, barlaglaryň kadalaşdyryjy — tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini gözden geçirmek, hasabatlary taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetiriler.

Barlaghana TSTB-niň başlangyjy hem-de goldawy bilen «Hil Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň ýardam bermeginde döredildi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.