14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Ylym-ösüşlere şamçyrag
Ylym-ösüşlere şamçyrag
13.06.2018 43 Habarlar | Harby Durmuş | Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdiren döwlet syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary biz ýaşlary ata Watanymyza, mähriban halkymyza, mukaddes Kasama wepaly, päk ýürekli, ussat hünärmenler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar.

Türkmenistan – Beýik  ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde yglan eden ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň jemi jemlendi. Şol bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guram boýunça ofiseri leýtenant Kerim Myradow özüniň «Harby-watançylyk terbiýesi» diýen ylmy işi bilen gatnaşyp bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edildi we  hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldy.

Alym Arkadagymyzyň: «Zehinli ýaşlaryň arasynda işleri alyp barmak, täze ylymly zehinleri ýüze çykarmak, ýaş alymlary höweslendirmek wajyp. Ýaş alymlara goldaw bermek arkaly türkmen ylmynyň geljeginiň berk binýadyny döredýändigimizi biz hemişe ýatda saklamalydyrys» diýip nygtap geçmegi, Watançy ýaşlary has-da buýsandyrýar. Leýtenant Kerim Myradow ýazan ylmy işi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleniň pugtalandyrylmagyna, Watan goragçylaryny ahlak we hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berer.

Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ylmy gözlegler, ylmy açyşlar bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik döreden Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!


Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.