21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
ÝHHG-niň sebitleýin maslahaty
ÝHHG-niň sebitleýin maslahaty
18.04.2019 73 Habarlar

17-nji aprelda paýtagtymyzda ÝHHG-niň «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat işläp başlady. Ol ÝHHG-niň ýurdumyzdaky merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu maslahatyň geçirilmegi Watanymyzyň dünýä derejesindäki yzygiderli artýan abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sebit we ählumumy ösüşiň, şol sanda häzirki döwrüň howplaryna garşy hereket etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilip, öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlaryň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümleriniň wekilleriniň, BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň, ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň bilermenleriniň häzirki duşuşygynyň gün tertibine terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek ulgamynda kanunçylyk binýadyny, maglumatlary alyşmak we pudagara hyzmatdaşlyk işini kämilleşdirmek, şeýle hem terrorçylygyň meýilleşdirilmegi bilen guramaçylykly jenaýatçylygyň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilmegi ýaly meseleler girizildi.

Bu forumyň maksady maliýe howpsuzlygynyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş abadançylygynyň bähbidine bu ulgamda halkara ölçegler hem-de öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

18-nji aprelda maslahat işini dowam eder.