19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar
Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar
10.04.2019 82 Habarlar

9-njy aprelda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky maksatnamanyň çäklerinde guruldy.

180 müň kub metr gazbeton önümlerini hem-de 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän döwrebap senagat toplumy hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Täze desga Germaniýanyň şu ugurda ýöriteleşdirilen «Wehrhahn GmbH» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi.

Täze zawodda ýuwlan çägäni, gury gurluşyk galyndylaryny hem-de gazbeton toplumlaryny öndürmek boýunça doly awtomatlaşdyrylan bölümler guruldy. Şol önümleri taýýarlamak üçin ýerli çig mal — sement, kwarsly çägeli, üwelen gips hem-de ýakylmadyk hek ulanylar. Desga ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen, gazbeton serişdelerini, olar üçin plastmassalary, keramiki plitalary, daşky we içerki timar üçin suwaglary we beýleki önümleri öndürer.

Bu önümçiligiň artykmaçlygy onuň üçin zerur bolan çig malyň ählisiniň diýen ýaly Türkmenistanda bardygydyr. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýeterlik möçberde ýurdumyzyň ýataklaryndan hem-de kärhanalaryndan gelip gowuşýar.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.