19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
2019-njy ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi
2019-njy ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi
13.04.2019 39 Habarlar

12-nji aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,3 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Ýylyň birinji çärýeginde sebitleriň balans toparlarynyň 16 mejlisi geçirildi. Kärhanalaryň we guramalaryň 22-siniň maliýe-ykdysady hojalyk işlerine seredildi. Desgalaryň 55-si hususylaşdyryldy, döwlet býujetine 46,9 million manat geçirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,3 göterimine barabar boldy. 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 12,9 göterim berjaý edildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik hem-de 54,9 göterimi durmuş-medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.