Beýik Oguz handan gözbaşyny alan
millet ýurdun söýüp, has meşhur bolan. Watanyny mukaddes saýypdyr
türkmen. Goragyna baky taýyndyr türkmen. Gorkut ataň kämil paýhasy bilen,
Göroglynyň taýsyz gaýraty bilen ata Watanyny gorapdyr halkym. Watanperwerligi
kalbynda – Güneş, döwletli işlerine salypdyr ýalkym. Çagry beg, Togrul beg,
soltan Alp Arslan, seljuk esgerleri dünýäde sarsmaz. Watan üçin hany-manyn
berjegi Jelaleddin Horezminiň gerçegi. Zahyreddin Beýbars, Seýfeddin Guduz öz
Watanyn gorap gazandy utuş. Keýmir kör serdar bar, Nurberdi, Gowşut, ýurda göz
dikene etmändir oňşuk. Türkmen ýurdun gorap münse atyna, täze şan ýazylmyş
taryh gatyna. Rowaýat kän, mysal ýetik, gadym halkyň kelamynda, şeýle bir söweş
bolupdyr gadym Uzboý kenarynda. Ýeňşe bolan ynam bilen özüne ýol artyp gelen,
Kir Tumaryň garşysyna agyr ýygyn dartyp gelen. Gana suwsap gelen Kiriň
gandyrdy-da teşneligin, Tumar şa ezberlik bilen çekdi urşuň rişdesini. Kimde
güman şinelese, taryh gatyn açsyn, görsün. Tumar şa zenan bolsa-da, Watanyny
ezber gorap, beripdir ýagynyň merkin. Nämedigini subut edip Watanyny goranyň erkin. Parahatlygy bozanlar
ynjalmaz almasa merkin.
Söweşlerde ýeňenden soň dünýä meşhur
Spartagy, Krass goşun başyn çekdi asuda Nusaýa sary. Haýbat bilen ýöriş etdi
goşunyň nyzam – düzümi. Öňünde-de meşhur Krass, Nusaýa tutdy ýüzüni. Dünýäde
asman atlarynyň ýetişdirilen ýurdy – Nusaý. Tälim berip ýetişdirdi börülerini –
gurdy Nusaý. Süren ýaly strateg serdar bilen sarmaz ruhly du:rdy — Nusaý. Tutuş
gije nagarasyn döwdi oguz sazy – dowullary, irkilse düýşüne girdi döw deý oguz
ogullary. Özi üçin albaý boldy öz islegine saýlan ýeri. Şondan soňra gördi
Krass ökdelerden has ökdesin. Ýapynjasy serpilende, demir dondur tuwulganyň.
Gözler gamaşdy, görmedi, aždar döndi suwulgana. Ýyldyrymsyz gökden ýagdy gadym
oguz peýkamlary.
Malazgirdiň alkymynda Alp Arslan
gazanypdy şan. Bu söweşiň taýsyz waspyn Magrup taryhyndan okaň. Türkmen ýigit
bedew ata atlansa, baýdak bolup pasyrdarmyş paýhasy, mertlik damarynda
gaýnaýarmyş onuň. Ony gördi Rum iliniň Kaýsary. On üç esse artyk goşuny bilen
ellerinden aldyrdylar baýdagyn. Tug syndy – ruh syndy. Şa Roman ýesir. Şa mat
boldy. Artdy sadranç höwesi. Ählitaraplaýyn kämil bolmasaň beýle, ýeňiş aňsat
etmeýär nesip.
Egnine gyrmyz don, başyna silkme
geýen goç ýigitler döw ýaly ürkmez. Müň dokuz ýüz kyrk bir, kyrk bäş urşunda
gahryman sanawda birinji – türkmen. Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyr — bulaň
waspyn etdi ençeme şahyr, ýazyjylar, žurnalistler ýazdylar. Çünki olar Watanyny
ýok etjek duşmanlaryň öz gabryny gazdylar.
Atasy Gahryman Arkadagymyzyň, mert
söweşdi orta goýup janyny. Undulmaýar ýaşan bolsa-da birçak, taryhda mertligin
görkezen gerçek. Watan dynçlygynyň sarsmaz söýesi – Edermenlik medalynyň eýesi.
Alkyşlar egsilmez mertligiň şanyna. Hut şeýle ýigitdi – Berdimuhamet Anna. Ogul
ýetişdirdi özi deý kämil. Tutanýerli, erjel, zehinli şahyr, peder ynamyny
ödemeli ahyr. Berdimuhamediň edebi keşbi bir jümlede: «Ile hemaýat etmek».
Toplan tejribesi Mälikgula-da, tutuş oba, ulus-ile-de ýetjek. Mälikguly Magtymgula
gol berýär, on bir ýaşly oglan şygra höwrügip, halka «Ýeldim tuty» aýdyp
berýärdi. Ynha, onsoň, çydam sabra öwrülip, halka gudratyny gaýdyp berýärdi. On
bir ýaşly oglan illeri goldap, ynam bermek ýoly bilen berkese, humaý guşy
depesinde pel-pelläp, «Ýeldim tut» öwrülýän eken merkeze. «Ýeldim tuty»
gursagyna gaplanlar, hiç bir kynçylygy duýmaýan eken. Ýogsa, şo wagt ganym
duşman güllesi ýurdy ýykmak üçin şuwlaýan eken. Birden gara habar geläýse eger,
urşuň ajy şarpygyny dadanlar, «Mälikguly, «Ýeldim tuty» aýdyp ber» diýip, haýyş
edýän eken adamlar. Magtymgulyň özi bolup, elkyssa okardy adamlaň göwnüni
ýykman. Belent ruh ýaňlanýar dillerde dessan: «Biz ýeňeris hökman, ýeňeris
hökman!». Goýun — damagyndan, är — lebizinden... Ähtiýalan duşman golun
göterdi. Tupany ýatyşdy ýow deňziniň, urşuň soňy ýeňiş bilen gutardy.
Bu gysga söhbediň uzak dowamy. Gowsy
okaň «Döwlet guşy» romanyn. 11 ýaşda gahryman deý çydamly Mälikguly ýigit boldy
edenli. Bilmek gerek bagtyýarlyk çagymyz, asudalyk goragynda kän iş etdi Mälikguly
agamyz. Mert pederleň belent ýolun dowam edýär Belent Serkerdebaşy.
Başymyzda kämil Serkerdebaşy — biz
kämil goşun. Ömrüň uzak, sagat bolsun janyňyz, Gahrymanymyz, Mähribanymyz!
Eserleriňiz gollanmadyr mertlere, Watan goragy — mertebe, watanperwerlige baky
gerek ol. Watanyn beýgeldip, beýgeljek üçin — ýürek ol.
Sag boluň, sag boluň, Arkadagymyz,
Watany beýgeldýär Siziň şanyňyz.
Buýsanç bilen beýan edýän ýürek
töründen şulary — baýramymyz gutly bolsun, Watan goragçylary!
Aşyrmät GARLY.