10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watan goragçylary – Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri
Watan goragçylary – Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri
18.11.2019 297 Harby Durmuş

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen ösüşleriň, öňegidişlikleriň şaýady bolýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň ösmeginde, özgermeginde ýaşlara has uly ynam bildirip: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip belleýär. Şeýle parasatly sözleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzda  1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. Gurama dürli ugurlardan ukyp-başarnygy bolan aýratyn ýaşlary özünde jemleýär. Şunuň bilen bir hatarda, şeýle ýaşlary ýylyň ýylyna «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglaýar.

Ine, bu ýyl hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli  edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlik gazanan we alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň taryhy ähmiýetini halkymyzyň arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlary we olaryň döredijilik toparlaryny «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Şeýle ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň  Goranmak ministrliginiň harby talybynyň we çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Ýagny, Harby institutyň 5-nji ýyl talyby Şöhrat Akyýew, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Baky Amanýazow, Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Ýagşymyrat Annadurdyýew dagylar «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen ada mynasyp boldular we olar degişli şahadatnama, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

– Bu serpaý diňe bir biziň üstünligimiz däl, eýsem tutuş Watan goragçylarynyň gazanan üstünligidir. Çünki, hususan-da, biz Watançy ýaşlaryň şeýle sepgitlere ýetmegi, Watançylyk mekdebiniň yzygiderli dowam edýänliginden habar berýär. Şeýle ajaýyp, tolgundyryjy waka biziň kalbymyzda Watana, il-güne, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan guwanç, buýsanç duýgularyny goşalandyrýar – diýip, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Baky Amanýazow özüniň ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Ýeňijileriň suratlaryna «Multimediýa» bölüminde syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».