1-nji sentýabr... Bu günüň özboluşlyja bir täsiri bar. Oňa
şol günüň eçilýän şatlygyndan dadanlar has gowy düşünse gerek. Adam öz ömrüniň
dowamynda şol bagta ýugrulan günüň birnäçesini biri-birinden tapawutly duýgular
bilen başdan geçirýär. Çünki şol gün ynsanyň kämillik derejesini kesgitleýän
ylym-bilim hazynasynyň täze tapgyryna barýan ýoluň başlangyjydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmäge,
bu ulgamy dünýä derejesinde çykarmaga uly üns berilýär. Ýaşlaryň bilim
derejesini ýokarlandyrmak, hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň döwletimiziň baş
maksatlarynyň biri bolmagynda galýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin mähriban Arkadagymyzyň tagallalary
bilen köp mukdarda maýa goýumlary sarp edilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary,
interaktiw-multimediýa, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün
edilen bilim ojaklary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Umuman aýdanymyzda, döwletimiz
ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe alyp, ýurdumyza hem-de halkymyza mynasyp
hyzmat etmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Bilim almak, hünär öwrenmek
halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän
gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň, hem-de tejribäniň
egsilmez çeşmesidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş
taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek örän
ýokary ussatlygy, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan
oňat baş çykarýan ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenleri taýýarlamagy talap
edýär.
Ilkinji jaňyň kakylmagy bilen şol talaplary doly derejede
kanagatlandyrýan bilim edaralarynyň ählisinde täze okuw möwsüminiň
başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimli häsiýete eýe boldy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününe bu dabaralar harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýokary okuw mekdeplerinde we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby
mekdeplerinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýaňy-ýakynda öz uçurymlaryny
serkerdelige ugradan harby ýokary okuw mekdeplerinde, hususanam Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby
institutynda we Harby-deňiz institutynda harby talyplyga gadam basan
ýigitlerimiziň ýüzlerinde şatlyk alamatlaryny görmek bolýar. Onuň
düýp-teýkarynda Watan söýgüsi köwsarlaýar. Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň harby mekdeplerine ilkinji gadam basan ýetginjekleri göreniňde
bolsa, heniz oglan ýaşdan Watana ykbalyny baglan harby okuwçylar kalbyňy
buýsançdan doldurýar. Bu mekdepleriň merdi-merdanalagyň mekdebidigini olar
ýigit çykyp, Watanymyzyň goragynda sarsman durmak bilen subut ederler. Umuman,
harby talyplaryň we harby okuwçylaryň dabaraly harby sazlar bilen utgaşyklykda
gadam urup, baýdagyň synyndan öpüp, wepalylyk kasamyny aýdýan sesleri
sesýetimden parran geçip, ýüreklere ornaýar. Kasamyna wepaly bolup, Watany
beýgeltjek gerçekler harby tälimleriň dürli ugurlary boýunça ähli amatlyklary
bolan bu harby bilim ojaklarynda kämil derejede bilim alarlar.
...Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde bellenilýän baýramçylyk dabaralary täze okuw möwsüminiň ilkinji
gününe özboluşly öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny
kämilleşdirmekde yzygider aladalary netijesinde talyp ýaşlar, okuwçylar
döwrebap amatlyklary bolan bilim ojaklarynda bilim alarlar. Ýaşlaryň öz
ugrundan ökde hünärmen bolup, şol aladalara mynasyp jogap berjekdiklerine berk
ynanýarys!
«Milli goşun»