14.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
VII Bütindünýä harby oýunlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy
VII Bütindünýä harby oýunlarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy
18.10.2019 181 Sport

Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä harby oýunlarynyň türgenler şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň galdyrylyşynyň dabaraly çäresi geçirildi. Bilelikdäki geçirilen çärä ýurdumyzyň wekiliýetiniň ähli düzümi we beýleki döwletleriň harby türgenleri gatnaşdylar. Ähli ýurtlaryň baýdaklary birwagtlaýyn Halkara harby sport Geňeşiniň senasynyň astynda galdyryldy.

Şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da VII Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Oýunlara gatnaşmak üçin Wuhan şäherine 100-den gowrak ýurtdan 10 müňe golaý harby gullukçylar geldi.

Biziň dzýudo sport görnüşinde çykyş edýän harby türgenlerimiz M.Gurbanow (73 kg) we G.Begaliýew (90 kg) oýunlarda ýurdumyzyň wekilleri hökmünde 19–20-nji oktýabrda çykyş ederler. Erkin göreş boýunça pälwanlarymyz G.Hemraýew (73 kg) we S.Belliýew (125 kg) bolsa 21–22-nji oktýabrda tutluşarlar.

Biz hem bu ýaryşlarda harby türgenlerimize uly üstünlikleri arzuw edýäris we olaryň ýokary netijeleri görkezjekdiklerine ynanýarys!

«Milli goşun».