10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine hoş geldiňiz!
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine hoş geldiňiz!
30.11.2019 258 Harby Durmuş

Ýaragly Güýçlerde gulluk – her bir erkek adamyň terjimehalynda möhüm tapgyr bolup durýar. Bu ýerde sen gowy durmuş mekdebini geçmek bilen bir hatarda, hakyky dostlaryňy taparsyň, beden we ruhy taýdan kämilleşersiň, jahyl çykarsyň, saňa söweşjeň ýarag ynanylar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda saňa özüňi iň gowy tarapdan görkezmäge, hakykatdan hem nämä ukyplydygyňa, nämeleri başarýandygyňa düşünmegiňe mümkinçilik döredildi. Sebäbi şu gün türkmen goşunynda beden taýýarlygyna, düzgün-nyzama, jogapkärçiligi terbiýelemäge hem-de özüňi we söweşjeň ýoldaşyňy goramak boýunça başarnyklara uly üns berilýär.

Borç, mertebe, Watana gulluk – harby gulluga ruhlandyryjy esasy güýçdir.

Dünýä üýtgeýär, täze wehimler we howplar döreýär we türkmen goşuny hem olaryň yzy bilen özgerýär. Seniň gulluk etjek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň täze keşbi öňküden haýran galdyryjy üýtgändir. Sebäbi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşuny döwrebaplaşdyrmak, özgertmek, onuň düzümlerini tutuş dünýäde Ýaragly Güýçlere bildirilýän talaplara laýyk getirmek işine uly üns berýär.

Ýaragly Güýçleriň hataryna gelmek bilen sen täze, ykjam, dünýäniň öňdebaryjy goşunlarynyň tejribesine eýerilip dikilen harby eginbaşlary alarsyň. Ýeňil, berk we amatly, iň täze tehnologiýalaryň we matalaryň ulanylmagy bilen dikilen harby eginbaşlar, gündelik we söweşjeň şertlerde saňa rahatlygy üpjün eder.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gulluguň möhleti iki ýyldyr. Iki ýyl harby gullugyň dowamynda sen köp zatlary öwrenmäge, täze hünärleri ele almaga ýetişersiň. Harby gullukda özleşdirilen tälimler bolsa, hemişe-de zerurdyr.

Harby bölümleriň ählisinde harby gullukçylar täze 4 ýa-da 5 gatly binalarda ýaşaýarlar. Şol binalaryň otaglaryndaky ähli zatlar häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýatakhana jaýlary örän arassa, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek meseleleri oňyn çözülýär. Ýatakhanalarda howanyň temperaturasynyň ýylyň dowamynda şol bir derejede saklanmagy möwsümleýin keselleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.

Harby gullukçylaryň iýmitiniň hili hem kämilleşdirildi. Häzirki döwrüň esgerleriniň iýmiti sazlaşykly we örän ýokumlydyr hem-de witaminlere we mikroelementlere baýdyr. Munuň özi bolsa esgerleriň saglygyna oňaýly täsir edýär.

Bu ýerde seniň göwnejaý dynç almagyň üçin şahsy wagt göz öňünde tutulýar. Sen boş wagtyň telegepleşiklere tomaşa edip bilersiň, dürli kitaplardyr döwürleýin neşirler bilen tanşyp bilersiň.

Harby gullugyň dowamynda tapawutlanan esgerlere höweslendirme hökmünde gysga möhletleýin rugsat berilýär. Şeýle hem hepdede bir gezek şenbe ýa-da ýekşenbe günleri we baýramçylyk günleri harby bölümiň ýerleşýän çäginden çykmaga rugsat berilýär. Wagtlaýyn rugsada çykanyňda, sen raýat eginbaşyny geýip bilersiň, el telefonyň bilen ýakyn hossarlaryň bilen habarlaşyp bilersiň.

Ýaragly Güýçlerde saňa öz ukybyňy açmak üçin ähli şertler döredilýär, bu ýerde mynasyp başarnyklary we ukyplary hökmany suratda höweslendirmeli diýen düşünjä eýerilýär.

Eger sen geljegi bar bolan türgen bolsaň, mysal üçin – Türkmenistanyň olimpiýa sport görnüşi boýunça ýygyndy toparynyň wekili bolsaň, seni harby gullugyňy geçmek üçin sport rotasyna iberip bilýärler. Şunuň bilen birlikde saňa Olimpiýa oýunlaryna, dünýä we Aziýa çempionatlaryna hem-de beýleki iri ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik dörediler. Harby bölümiň çäginde beden maşklarynyň dürli görnüşleri üçin hem köpsanly meýdançalar ýerleşýär. Bu ýerde sen öz bedeniňi taplarsyň. Munuň özi örän wajypdyr, çünki Ýaragly Güýçler beden taýdan güýçli, sagdyn we ruhy taýdan ösen ýaşlaryň terbiýeçilik mekdebidir.

Has zehinli, ylmy işe ukyply ýokary okuw mekdepleriniň uçurumlary harby gullugyny geçmek üçin ylmy rotalara iberilip bilerler we ol ýerde öz saýlan ugurlary boýunça ylmy-derňew işleri bilen meşgullanmagy dowam edip bilerler.

Eger-de seniň sürüjilik şahadatnamaň bar bolsa, onda awtoulagy dolandyrmaga höwes edýänler üçin Ýaragly Güýçlerde giň mümkinçilikler bar. Awtoulag sürmegi öwrenmek üçin tölegsiz kurslara gatnamak hem-de sürüji wezipesine bellenmek hem şeýle mümkinçilikleriň hataryna girýär.

Sen harby gulluga çalt uýgunlaşarsyň we has jogapkärli hem-de has gyzykly wezipä bellenersiň. Eger-de sen çagyryşdan öň harby durmuş bilen tanyş bolmadyk bolsaň, onda sende Ýaragly Güýçleriň hatarynda peýdaly hünäriň eýesi bolmaga mümkinçiligiň dörär. Gullukda gazanan tejribäň hem hökman raýat durmuşyňda gerek bolar, saňa iş tapmakda ýa-da ýokary okuw mekdebini saýlamakda ýeňillik döreder. Çagyryş boýunça harby gullukdan geçip, sen ýeňillikli ýagdaýda döwlet ýokary okuw mekdebine girmäge hukuk gazanarsyň.

Iki ýyl gullukdan soň, durmuşyny harby gulluk bilen baglamak isleýän ýaşlar üçin ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerine girmäge hem ýeňillikleri döreder.

Goşunda gulluk etmek – geljekde saňa ençeme ýeňillikleri döretjek Türkmenistanyň raýatynyň öňündäki hormatly borçdur. Eger-de sen döwlet edarasynda ýa-da guramada işlemegi arzuw edýän bolsaň, onda Ýaragly Güýçleriň düzüminde harby gullukdan geçmek, köplenç işe kabul edilmek üçin zerur bolan talap bolup durýar.

Elbetde, seniň nirede harby gullugy geçýänligiňe garamazdan, ol ýeňil bolmaz. Emma hakyky erkekler Ýaragly Güýçleriň hatarlaryna ýeňil durmuş gözlemek üçin barmaýarlar. Eýsem, olar Watana bolan mukaddes borjuny berjaý etmek üçin – elinde ýarag saklap özüni, öz maşgalasyny, öz ýakynlaryny we öz Watanyny goramak üçin barýarlar.

Sen indi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň esgeri! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany goramak üçin öz ýurduň tarapyndan saýlanan esger. Esger ýaly ýöre! Esger ýaly pikir et! Esger ýaly hereket et! Esger bol! Başda bu kyn düşer. Sen düşünmeýän zatlaryň bilen gabatlaşarsyň. Zyýany ýok. Ähli gowy esgerler seniň öwrenip başlaýan zatlaryňy özleşdirip taplandylar.

Watana bolan söýgi türkmen halkynyň aňyrdan gelýän, gan bilen geçen, emer-damarynda ýaşaýan mukaddes duýgudyr. Sen şu mukaddes duýgyny kalbyňda saklap, Ýaragly Güýçlerde mertlik mekdebini geçip, Watanyň hakyky gaýratly, edermen, gaýduwsyz we wepaly goragçysy bolarsyň!

«Milli goşun».