10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde nobatdaky okuw  möwsümi üstünlikli tamamlandy
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde nobatdaky okuw möwsümi üstünlikli tamamlandy
29.11.2019 102 Harby Bilim

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde 2019-njy okuw ýylynyň ikinji okuw möwsümi üstünlikli tamamlandy. Bu döwrüň dowamynda çagyryş boýunça harby gullukçylar milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny artdyrmak üçin birnäçe tälimlere gatnaşdylar.

Okuw ýylynyň çäklerinde esgerler nazaryýet we usulyýet sapaklaryny geçdiler. Esasy tagallalar söweşjeň taýýarlygyň pugtalanmagyna, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň harby hünäri ele almaklaryna gönükdirildi.

– Şu okuw ýylynda sanly, maglumat we kommunikasion tehnologiýalaryň biziň okuw prosesimize girizilmegine we ulanylyşyna aýratyn üns berildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýratyn tagallalary netijesinde biz Ýaragly Güýçlerimizde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň goranyş ukybynyň kämilleşdirilişine öz goşandymyzy goşýarys – diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy belläp geçdi.

«Milli goşun».