19.04.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler
06.02.2019 86 Habarlar

2019-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ylym-bilim we sport gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň meselelerine garaldy.

Duşuşykda şeýle hem halkara gün tertibiniň meselelerine, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde giňeldilmeginiň aýratynlyklaryna seredilip geçildi, bu babatda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň Hazar meseleleri boýunça özara hereketlerini, hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde öz üstlerine alan kararlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem rus tarapynyň Türkmenistanyň şu ýylyň awgustynda birinji Hazar ykdysady forumyny «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek, şeýle hem Altynjy Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygynyň nazarda tutulmagy bilen bu ugurlar boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplaryny bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.

Iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda leksiýa bilen çykyş etdi, oňa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa iki ýurduň arasyndaky özaragatnaşyklara degişlilikde özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz nobatynda bu sowallara giňişleýin jogap berdi.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.