25.03.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň taryhynda futzal boýunça ilkinji kubok duşuşygy geçiriler
Türkmenistanyň taryhynda futzal boýunça ilkinji kubok duşuşygy geçiriler
10.03.2019 63 Sport

10-njy martda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek futzal boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler. Ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň çempiony - Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagy» bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal toparynyň arasynda geçiriler.

Toparlaryň her biriniň düzüminde 14 oýunçy bolar. Olaryň bäşisi duşuşygyň ilkinji minutlaryndan meýdança çyksa, galanlary oýnuň dowamynda çalşyrylar. Jemi 40 minutdan ybarat boljak duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlansa, 5 minut goşmaça wagt berler. Eger ýeňiji onda-da kesgitlenmese, duşuşygyň ykbalyny 6 metrlik jerime urgulary çözer. Duşuşykda «Köpetdag» gök, «Deňizçi» bolsa ak köýnekçede çykyş eder. Duşuşyk gündiz sagat 12:00-da başlanar.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.