10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Mejlisi 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisi 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi
01.12.2019 112 Habarlar

30-njy noýabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.

«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. Maslahata hökümet agzalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi durmuş pudagynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we jemagat hojalygy düzümleriniň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.

Çykyş edenler ýurdumyzyň geljek ýyl üçin çaklanylýan ykdysady, medeni we durmuş ösüşiniň görkezijilerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, maliýe-hukuk resminamasyny taýýarlamak babatda ähli pudaklar boýunça seljerme işleri geçirildi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet mejlislerinde aýdan anyk bellikleri, teklipleri we sargytlary göz öňünde tutuldy.

Býujetiň girdeji bölegi esasan nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýlekiler ýaly wajyp önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüldi.

Şeýle hem obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, dokma we azyk senagatlary sazlaşykly ösüşe eýe bolar.