19.02.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna okuwa çagyrýarys
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna okuwa çagyrýarys
08.02.2019 94 Okuw Ýyly

Türkmenistanyň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ministrliginiň institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris.

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar kabul edilýär.

2. Institutyň şu aşakdaky fakultetlerine okuwa kabul edilýär:

–    hukuk fakulteti;

      ýörite edaralar fakulteti;

      ýangyn-tehniki fakulteti;

–    içerki goşunlar fakulteti;

3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň Okuw merkezinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň 2052 (Esgerler) köçesiniň 9-njy jaýy.

Telefonlar: 36-45-17, 36-44-97.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2019 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.