14.12.2018 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Türkmenistanda Utgaşdyryjy komitetiň hökümetara mejlisi geçirilýär
Türkmenistanda Utgaşdyryjy komitetiň hökümetara mejlisi geçirilýär
05.12.2018 27 Habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň bäşinji duşuşygy açyldy.

Umumy mejlisleriň gün tertibine gadymyýetde we orta asyrlarda Gündogar bilen Günbataryň arasynda kerwenli söwdanyň hereket etmegi bilen baglanyşykly ýadygärlikleriň transmilli ugruny taýýarlamak baradaky meseleler girizildi.

Beýik Ýüpek ýoly ägirt uly taryhy miras bolmak bilen, häzirki wagtda halklaryň we ýurtlaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýär, olaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, düşünişmäge we hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň we sebitleriň arasynda gatnaşyklaryň pugta esaslarynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Häzirki döwürde bu ýoluň tejribesi Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, geosyýasatyň, geoykdysadyýetiň, ynsanperwer işleriň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin binýada öwrülýär. Milli Liderimiziň soňky ýyllarda öňe süren halkara başlangyçlary Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerleriniň ugrunda toplumlaýyn, döwrebap, ýokary tehnologiýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek üçin şertleri döretmäge, “Gündogar — Günbatar we “Demirgazyk — Günorta” ugurlar boýunça sebitara hem-de yklymara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýän köpugurly taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Şu wezipeleriň çözülmeginde biz sebitiň parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek we saklamak, ýurtlaryň hem-de halklaryň mundan beýläk-de abadançylygy we gülläp ösmegi üçin möhüm esasy görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýdýar. Milli Liderimiziň teklibi bilen 2018-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitaby bu ýoluň diňe bir harytlaryň söwdasyny alyp barýan tarapy hökmünde däl-de, eýsem, onuň medeni gymmatlyklary, pikirleri we bilimleri işjeň alyşmagyň amala aşyrylýan ugry hökmünde-de özboluşlylygyny hem-de eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýüpek ýoly yklymyň halklarynyň syýasy we medeni taýdan ýakynlaşmagynyň örän aýdyň hem-de iň irki mysaly hökmünde janlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitabyna hem-de ýylyň şygaryna filmler we tanyşdyrylyşlar bagyşlanyp, olar duşuşyga gatnaşyjylara görkezildi. Duşuşyk Bütindünýä mirasynyň merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň Klaster Býurosy, ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli topary tarapyndan guraldy.

Soňra on dört ýurtdan — Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Nepaldan, Pakistandan, Koreýa Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Özbegistandan we Ýaponiýadan hökümetara Utgaşdaryjy komitetiň milli bölümleriniň wekilleri hem-de bilermenleri Ýüpek ýolunyň desgalarynyň abatlyk ýagdaýyna, degişli ugurlar boýunça alnyp barlan barlag işlerine garamaga hem-de nominasiýanyň strategiýasy hakynda çözgüdi kabul etmäge girişdiler.

Mundan başga-da, häzirki duşuşyga gatnaşmak üçin ÝUNESKO-nyň wekilleri, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň merkeziniň Aziýa — Ýuwaş umman bölüminiň, Merkezi Aziýa ylmy-barlaglar halkara institutynyň ýolbaşçylary, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri gorap saklamak baradaky Halkara geňeşiniň Halkara konserwasiýa merkeziniň bilermenleri, dürli ýurtlardan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan we beýlekilerden belli alymlar, arheologlar, gündogary öwreniji ylmy barlagçylar çagyryldy.

Ýygnananlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugry hem-de çäklerinden ozallar söwdagärleriň, syýahatçylaryň, wagyzçylaryň we alymlaryň ýollary geçen ýurtlaryň umumy strategiýasyny we utgaşykly hereketlerini işläp taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmeginiň birnäçe taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Köp asyrlar mundan ozal, olar şäherden şähere hem-de bir ösüşden beýleki ösüşe tarap “ulag geçelgelerini” çekip, diňe bir ykdysady ösüşe we medeniýetleriň özara alyşmagyna däl, eýsem-de, halklaryň arasynda dostluk hem-de özara düşünişmek köprülerini gurmaga ýardam beripdir. Munuň özi dünýä derejesine eýe bolmaga hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna düşünmäge, Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň bir bitewi ykbalyna akyl ýetirmäge tarap ilkinji ädimler bolupdyr.

Bu pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda milli taryhymyzyň wakalarynyň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşynyň mysalynda düýpli açylyp görkezildi. Milli Liderimiz öz işinde her şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp bolan bu taryhy ýoluň döremeginde we işjeň hereket etmeginde esas goýujy orunlaryň biriniň türkmenlere hem degişlidigini aýratyn belleýär.

Hut “geçelgeli” çemeleşme Ýüpek ýolunyň nominasiýa goşmaga degişli desgalaryň ýerleşen anyk ýerleriniň has oňaýly derejede kesgitlenilmegi hökmünde kabul edildi. Şu gün geçirilen iş mejlisleriniň biri Merkezi Aziýada Ýüpek ýolunyň mirasynyň geçelgelerini dolandyrmagyň strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna, bu ulgamda utgaşykly hereketleri güýçlendirmäge, durnukly syýahatçylyk we ösüş ulgamynda başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Häzirki wagtda Utgaşdyryjy topar Ýüpek ýolunyň Bütindünýä mirasynyň ähli desgalary boýunça menejmentiň umumy syýasatyny işläp taýýarlaýar. Munuň özi dolandyrmagyň ölçeglerini we maksatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Onuň amala aşyrylmagyna aýry-aýrylykda gatnaşyjy döwletler milli kanunçylygyna, ýadygärlikleri goramak ulgamyna we beýlekilere laýyklykda jogapkärçilik çeker. Dogrudan-da, uly wezipe — kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen desgalaryň örän köp sanlysyny göz öňünde tutmak hem-de bu taryhy ýoluň aýratyn ähmiýetini beýan etmek üçin zerur bolan desgalary saýlap almak wezipesi durýar.

Utgaşdyryjy toparyň wezipesine şeýle hem Ýüpek ýolunyň dürli ýagdaýlary boýunça bilermenleriň maglumat binýadyny hem-de barlaglary alyp barmak üçin sebit we halkara derejelerinde bilermenleriň işçi toparlaryny döretmek wezipesi girýär. Mundan başga-da, topar nominasiýa işini alyp barmaga aragatnaşyk, maslahat beriş we maglumat taýdan goldamak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin ýagdaýlary döredýär, resminamalaryň ýeke-täk ölçeglerini we Ýüpek ýolunyň kartalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berýär, bu meseleler babatda halkara we sebit guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy goldaýar.

Bu işde ýerli we etniki gymmatlyga däl, eýsem, umumadamzat mirasy diýen düşünjäniň kemala getirilmegine esasy üns berilýär. Sebäbi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýola bagyşlanan kitabynda ýazyşy ýaly, asyrlaryň dowamynda depginli ýagdaýda ykdysady we medeni alyşmalar hem-de dürli medeniýetleriň we ösüşleriň özara täsirlenmeleri bolup geçdi. BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň häzirki wagtda Ýüpek ýoluny beýik mümkinçiligi bolan güýçli nusgalaryň biri hökmünde ykrar edýändigi tötänden däldir. Bu ýoluň geçelgeleriniň ugrundaky ýerleriň transmilli syýahatçylyk taslamalaryny gurmak maksady bilen tagallalary birleşdirmek üçin oňaýly şertlere eýedigi aýdyň hakykatdyr.

Ertir maslahat öz işini dowam eder, duşuşyga gatnaşyjylar Ýüpek ýolunyň deňiz ugurlaryna hem gararlar, indiki ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny we olaryň tertibini tassyklarlar. Şular bilen birlikde gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerine ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň käbir geçelgeleriniň nominasiýalaryny sazlaşdyrmak boýunça okuw maslahatlary geçiriler.

Şeýle hem şu gün Aşgabatda “Sportuň we Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni gatnaşyklaryň interaktiw kartasynyň oýunlarynyň däp bolan görnüşleri” diýen mesele boýunça bilermenleriň iş maslahaty başlandy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda giň gerime eýe bolmagy babatda Ýüpek ýoly uzak wagtlyk mirasyň, özara alyşmalaryň, gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň görelde alarlyk nusgasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, baý taryhy hem-de umumy mirasy has çuňňur bilmek, şeýle hem Ýüpek ýolunda halklaryň we medeniýetleriň arasyndaky özara täsirlere oňat düşünmek parahatçylygy we medeni gatnaşyklaryny, berkitmek üçin uly ähmiýete eýe bolup bilerdi.

Şu maksat bilen ÝUNESKO 2017-nji ýylyň maý aýynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hem-de multimedianyň mümkinçiligini peýdalanyp, dünýäniň dürli sebitlerinde bu ýoluň köpdürlüligini we onuň ugrundaky özara täsirleriň aýratynlygyny beýan etmek we görkezmek üçin Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni gatnaşyklaryň interaktiw kartasyny işläp taýýarlamaga girişdi.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy giň gerimli hyzmatdaşlygy hem-de ýöriteleşdirilen edaralary, hökümet we hökümete degişli däl düzümleri, hususy ulgamdan bolan hyzmatdaşlary, gaznalary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem-de bilermenleri goşmak bilen gyzyklanma bildiren taraplaryň has giň toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi talap eder.

Ylym, tehnologiýa we nou-hau, derman serişdeleri we lukmançylyk, penjekler we egin-eşikler, din we ruhyýet, mifologiýa we fentezi, dil we edebiýat, sungat we aýdym-saz, däp-dessur we dabaralar, azyk önümleriniň önümçiligi we iýmit önümleri, sportuň we oýunlaryň däp bolan görnüşleri we beýlekiler esasy temalar hökmünde kesgitlendi, olar kartada öwreniler hem-de beýan ediler.

Aşgabatdaky iş maslahatyna dünýäniň dürli sebitlerinden 15-e golaý bilermen çagyryldy. Olar sportuň bu görnüşlerini hem-de milli oýunlary ösdürmek üçin taryhy ugurlary, olaryň Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaýramagynyň, birek-birekden almagyň ýagdaýlaryny we usullaryny, halk döredijiligi we edebiýat bilen arabaglanyşygyny, şu günki günüň medeniýetlerine täsirini ara alyp maslahatlaşarlar. Şunuň esasynda çemeleşmeler, usulyýetler we gurallar işlenilip taýýarlanylar. Olary ady rowaýata öwrülen ýoluň ugrunda sportuň bu görnüşlerini iň oňat derejede görkezmek üçin peýdalanyp bolar.

ÝUNESKO-nyň ýaşlary beden taýdan terbiýelemek, sporty ösdürmek maksatnamalaryny amala aşyrmak babatda hem BMG-niň öňdebaryjy edaralarynyň biri bolup durýandygyny nazara alanyňda, onda bu baradaky mesele sportuň milli görnüşlerini gorap saklamak we täzeden dikeltmek ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene-de bir möhüm ugry bolup görünýär. Milli sportuň ösdürilmegine bolsa döwlet Baştutanymyz aýratyn ähmiýet berýär. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ÝUNESKO-nyň “Awisenna” altyn medalynyň gowşurylmagynyň Türkmenistanda alnyp barylýan syýasatyň ýokary derejede ykrar edilmegine öwrülendigini ýatlamak isleýäris. Döwlet Baştutanymyz bu baýraga milli medeniýeti ösdürmäge, medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaga we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan ajaýyp goşandy üçin mynasyp boldy.

6-njy dekabrda Aşgabatda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahatda ÝUNESKO-nyň çäklerinde geljegi uly gatnaşyklaryň örän dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýurdumyzyň myhmanlary üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine hem-de Bütindünýä mirasynyň desgasy bolan Nusaý (Parfiýa) galasyna baryp görmegi özünde jemleýän medeni maksatnama göz öňünde tutuldy.

Milli goşun
Habarlaşmak üçin telefon belgiler
+993 12 405967 +993 12 405968 +993 12 402741
© 2018 Milli goşun. Ähli hukuklar goragly.
Milli goşun
Redaksiýanyň salygysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 135-nji jaýy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýi.