21.05.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanda Ispaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Ispaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.03.2019 71 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fernando Walderram Parehden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň hem-de Ispaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi öz nobatynda mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine uly gyzyklanma bildirip, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraplaýyn mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Ulag ulgamy, suwdan peýdalanmak hem-de energetika ulgamlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, syýahatçylyk, şeýle hem ylym-bilim ulgamynda geljekki gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.